Dost barada ballada

Ine, ýene bir dostymy ýitirdim,
Walla, işim ugruna däl, ugruna.
Duşan çagym görüşerdim gujaklap,
Olam meni basar ýördi bagryna.


"Aramyzdan gyl geçmezdi"- diýmäýin,
Ýöne, adam känbir geçip bilmezdi.
Ýagly palaw bişirende aýaly,
Men barýançam agzyna zat almazdy.


Onuň jaň edýänin duýar durardym,
Ýatjak wagtym jyňňyrdanda telefon.
Oňat dynç almagy arzuw edýänin,
Duýdurardy her gün, dostym Garahan.


Doglan günüm oglumdan öň gutlardy,
Myhmanlary garşylardy men bolup.
Şu ýagdaýda esli salym ýaşadyk,
Aýdylşy dek, bir jan-u bir ten bolup.


Bir gün bolsa ýatmazymdan öňünçä,
Öňki ýaly seslenmedi telefon.
Men welin, hut şol gün dosta mätäçdim,
Hawa, men mätäçdim saňa Garahan!


Ine şeýdip näçe ýylyň dostlugy,
Ýüzün sowup, geçip gitdi duşumdan.
Indi-indi, hasap edip otyrsam,
Edil şol gün aýrylypdym işimden.



*Awtoryny bilseňiz ýazaýyň!





7 лайков 133 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
11 мар 2023, 10:36
Indi-indi, hasap edip otyrsam,
Edil şol gün aýrylypdym işimden.

Bäh... Ilki pikir edipdim, çyn dost hakynda. Soňky iki setiri okap aş dosty barada gidýändigine düşündim...
Soho
11 мар 2023, 12:15
gowy eken, awtoryny bilseniz "guuk" diyin mana-da