Oýlanma

Essalowmaleýkum hormatly islenen ru agzalary sag aman otyrmysyñyz. Şu gün derdindeşesim geldide bir blog ýazaýyn diýdim. Gysgaça aýtsam şu gün meñ doglan günüm welin geçen ýyl ýarawsyzdym bu ýyl hudaýa şükür oñat. Inni men şu gün doglan gün gutlaglaryny diñledim, synladym garaz göwnüme jaý däl. Näme üçin? Sebäp iki ýyl mundan öñ men ýa başga adamdym ýa-da töweregimdäkiler.... Garaz saýtdaşlar nesip bolsa @Baýker indi onlayn siz bilen dogan jigi aga ini hemmäñize jan saglyk işde üstünlik agzybirlik arzuw edýän. Ýöne şu ýyla birhili...
11 лайков 458 просмотров
50комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
29 янв 2023, 20:40
Waleýkimessalam Alla şükür otyrys sag aman.Öziňz gowmy agam Ýaşyňyz uzak bolsun.Işleňzde üstinlik we size manyly durmyşy arzuw edýän.
Perman Izakow
29 янв 2023, 20:42
Şu ýyl bize gelen gutlaglar arzuw niýetler azlyk etdimi nämemi dogrydanam şu ýyl birhilliräk geldi.
S❤
29 янв 2023, 20:44
Gutlanlaryna sukur edmeli
#B.S
29 янв 2023, 20:46
Salam agam. Doglan güniň bilen!!! Uzak ýaşaň! Göwnüňe jaý bolemy bolmemy menem bir gutlaýan ???
Telwas
29 янв 2023, 20:47
Salam Baýker aga. Oňatmy ýagdaýlaryňyz, janyňyz sagmy?
Täze ýaşyňyz gutly bolsun. Janyňyz sag, başyňyz dik, gelniňiz bilen bileje çagajyklaryňyzyň bagtlaryna guwanyp uzak ömür sürmek miýesser etsin.
Indi aýaga galdyňyzmy?
Ahmet
29 янв 2023, 20:49
Waleýkim essalam, özüňize salam aleýkum, gowumy agam? Jan saglyk, hemme oňatçylykmy?
Ýarawsyz wagtyň idemedik dostlaryňyz indi idäp ugradymy? Kimiň kimdiginä bilensiňiz...
Doglan günüňizem gutly bolsun, janyňyz sag bolsun!
S❤
29 янв 2023, 20:54
Allan beren yasyny saglyk bilen, bagt bilen yasan. Her eden yagsylygynyza Allatagala essesine omur bersin. Soyup soylup yasan.
#B.S
29 янв 2023, 20:58
Vekil_City,
Sen ooo bloga teswir ýazjakmy ýazjakdälmi? Ýazmasaň icqdaky ugradan suratyma seret ?
Ahmet
29 янв 2023, 21:00
Khanture
Vekil_City,
Sen ooo bloga teswir ýazjakmy ýazjakdälmi? Ýazmasaň icqdaky ugradan suratyma seret ?

Şo bloga barsammykam ýa aýskuda ýazyşalymy?
Telwas
29 янв 2023, 21:00
Baýker aga siz we saglygyňyz barada köp pikir edip gezdim. Jany sagmyka, aýaga galdymyka diýip kän oýlandym. Saýda giren wagtym agzalaň arasyndan nigiňizi gözleýän. Bu barada arada bir blogymda ýaňzydyp geçipdim.
#B.S
29 янв 2023, 21:02
Vekil_City,
Bilemak
Telwas
29 янв 2023, 21:03
geçen ýyl ýarawsyzdym bu ýyl hudaýa şükür oñat.


Ine bu sözüňiz bolsa meni diýseň begendirdi.
Yusupahmet93
29 янв 2023, 21:06
Doglan gun gutly mubarek bolsun. Goy, hemishe janyñyz sag bolsun. Mashgala agzybirligi berk bolsun. Gutly bolsun doglan guniñ.
Maksat
Автор 29 янв 2023, 21:08
Sagboluñ hemmäñize siz meñ rodnoý jigilem ýaly. @Proliga sagbol @Nirwana sañada sagbol işleýänsiñ hernä janyñ sag bolsun jigim. @XYweniya jigim sañada sagbol. @Khanture Ufa nähili öwrenişýäñmi.@Ahmedik jigim sagbol aýtdyma saña Aşgabatda şuwagt diýip gowy boldumlaý indi.
Telwas
29 янв 2023, 21:08
Oýlanýan, oýlanýan geljegim hakda…

Garaz sagdyn boluň gadyrdanlar! Özüňizi hemme zatdan, hemme kişiden aýaň!
#B.S
29 янв 2023, 21:11
Bayker,
Şükür gowy öwrenşdik eýýäm ?
Maksat
Автор 29 янв 2023, 21:13
@Nirwana jigim ýaramadym ýõne plýus tarapy sizi tanadym, saýtyñ nnämedigini bildim, ýüregim gysmady... Eger saýt bolmadyk bolsa nähili bolardy bilmedim ilki talyplarda okaýjy soñ islenen saýt meñ aýaga galmagyma uly kömek etdi.
Maksat
Автор 29 янв 2023, 21:20
@Yusupahmet sagbol dost okaýşyma görä sen deñ-duş. Sagbol gulaga.
Maksat
Автор 29 янв 2023, 21:31
Men çopandym welin agzalar çopançylygy okadyp biljek weteraniýani okadyp biljek welin öñki ýerimiñ ýarsyna bararmykam. Meñ iş öwredip ýola salan başçopanlam ýañy gelip-gitdiler namys etdim, döw ýaly göwräm kiçeldi, agyr eken men öýde otyryn olar meýdanda.... Garaz ýigrimi ýaşymdan üstünlikde boldum indem birhili.
ps gürrüñini edýän wezipäm çopançylykdyr.
Belki
29 янв 2023, 21:39
Salam! Aýaga galmagyñyza tüýs ýürekden begendim. Allajan hiç kimi saglygyndan mahrum etmesin! Ähli saglygyny ýitirenler saglygyna gowuşsyn!
Doglan günüñiz gutly bolsun! Bagtly, sagdyn, uzak we manyly ömrüñiz bolsun!
Eger syr bolmasa, näçe ýaşadyñyz?
Maksat
Автор 29 янв 2023, 21:44
Sagbol @Belki (aga diýesim geldi-de ) gowy jigim indi öz erkime hereket etýän (öñ garaşlydym ) 38 ýaşadym jigim 85-nji ýyl men garrydyr öýtme.
Belki
29 янв 2023, 21:45
"Saýt bolmasa nähili bolardy bilmedim" diýdiñiz welin, saýtyñ biziñ durmuşymyzdaky orny barada pikirlendim. Biz işläp ýören halymyza wagt tapdygymyz şu ýere girmek bilen welin, siziñ ýagdaýyñyzda-ha onuñ ähmiýetini göz öñüme-de getirip bilemok. Bu saýt size göwünaçma ýeri bolupdyr düşünişime görä. Şeýle ýürekdeşe, dosta mätäç adamlary duşurýan şu saýty açandygy üçin Abaddon gör, nähili sogap gazanandyr we gazanýandyr.
Soñuny klassyky ýaranjañlyk ýaly edip gutaraýdymmy :)) Howwa, şu sözleñ barsyny Abaddona ýaranjañlyk etmek üçin aýtdym :))
Belki
29 янв 2023, 21:51
Tüweleme, (nesip bolsa) entek öñüñizde ýaşalmadyk uzak ömür ýatyr. Her minudyñyzy manyly, peýdaly we elbetde, lezzetli (kä hereketleri diñe lezzet almak üçin etmeli, meselem, sagatlarça aýdym diñlemek ýaly) işlere sarp etmek miýesser etsin!
Belki
29 янв 2023, 21:52
Tüweleme, (nesip bolsa) entek öñüñizde ýaşalmadyk uzak ömür ýatyr. Her minudyñyzy manyly, peýdaly we elbetde, lezzetli (kä hereketleri diñe lezzet almak üçin etmeli, meselem, sagatlarça aýdym diñlemek ýaly) işlere sarp etmek miýesser etsin!
Soho
29 янв 2023, 21:55
armansyz omur sur bratok, onem birini gutlayarlar "hemishe shu wagtkyn yaly bol" diyip, gorguli 5-10 yyldan son zeyrenyamish "sho wagtlar-am oydaki bn kan onushamokdym, shu wagtam sheyle, bergilidim, ishsizdim, shu wagtam sheyle..."
Maksat
Автор 29 янв 2023, 22:00
@Belki jigim saýtyñ maña beren peýdasyny ýa-da agzalañ bilip bilmän beren motiwasiýasy gaty uly aýratyn mowzuk.
Zynat123
29 янв 2023, 22:14
İlki bn saglygyňa gowyşanňyza beğendim inniden beylâgem hassahana yolu yat bolsun size. Doglan güniňiz gutly bolsun. Janyňyz sağ başyňyz dik ömriňiz uzak bolsun. Şu günki edilen yagşy arzuw niyetleň bary hasyl bolsun! Agtyk cowluga garyşyp uzak ömür sürmek nesip etsin!
Kerbaba
29 янв 2023, 22:26
@Байкер салам! Икки билена доглан гунун гутлы болсун иним! Догрусы мена шулар ялы ерде окаймасам ,билемогам , кимин доглан гуни ,ким яравсыз. Гар бн натдиниз? Гушга ыкжам ягды дийдилер. Эсасы саглык болса боляла. !!Скоро выздровляйься ,брат!!!
Maksat
Автор 29 янв 2023, 22:28
@Soho jigim sagbol gutlaga, ömrümde belki köp dogry edendirin ýöne öýdäki meñ ýekeje dogrym, öwýä diýme müñ ýyldanam ýüzüne öwmen. Ýöne öwäýýän saýtda))))
Maksat
Автор 29 янв 2023, 22:30
@Zynat123 sagbol jigim ýa-da doganym