A barlygyň barja zatdan erbetdir...

Hergiz menden özüň hakda sorama,
«Ýatlamok» diýsemem, ynanan bolaý.
Gider diýip getirmändim oýuma,
Indi göwnüm tapjak bolmaňam goýaý.

Dagam, üýtgeşik bir eden işim ýok,
Seni ýönekeýje söýdüm diýmesem.
Üýtgeşik ýada-da düşüp baraňok,
Ýüregimde ýaşaýansyň ýöne sen.

Söýgi küýsän çagy güller guraýar,
Söýgi göýä üzüm suwly şerbetdir.
Ýoklugyň ýüregmi şeýle gysdyrýar,
A barlygyň barja zatdan erbetdir.

* * *

Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň,
Iň ýamany.
Aýaň yşka duşmadygy,
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýerden gysmaz
Galamy.
Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony…
Noldan başlap, ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy:
Görüp gelen ýok
Soňuny…
Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör ony!
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?


Ogulnur ATAÝEWA
6 лайков 151 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
06 июн 2022, 19:21
Şu zenanam gowy ýazýar.
Öwreniji
06 июн 2022, 19:43
hakyky
Enegul
06 июн 2022, 20:08
Nirvana,
Hawa gosulyan gowy yazya
Margarita
07 июн 2022, 09:26
Ejem eken, Şänik diýen goşgularyny has gowy ýazypdyr şu şahyr. Käbir goşgularyny näçe okasaňda az görýäň.