WATANA SÖÝGI

Bir çak aglanymda hüwdi aýtdy enem,
Şol owaza imrindim men, dymdym men.
Ýuwaş-ýuwaş duýga düşüş boldum-da,
Watan, seni, ine, şeýdip söýdüm men.

Gatnadym obada oba mekdebne,
Menden tamaň barlygyny duýdum men.
Topuldym-da täze-täze kitaba,
Watan, seni, ynha, şeýdip söýdüm men.

Kakam maňa daýhan çöregni berdi,
Bal çöregi suwa basyp iýdim men.
Bar duýgusy bilen on ýaşly çagaň,
Watan, seni ak ýürekden söýdüm men.

Gullukdan gelende goňşulaň ogly
Kemsinip aglady şo gije ejem.
Gidäýeslem geldi meňem gulluga,
Watan, seni, ynha, şeýdip söýdüm men.

Şeýde-şeýde galamymam togtady,
Ýitiren ylhammy kalba guýduň sen.
Saňa goşgy ýazsam ynjaldy ýürek,
Watan, seni ýene şeýdip söýdüm men.



Ogulnur ATAÝEWA
8 лайков 130 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Babababababaý
09 мар 2023, 10:00
"Kakam maňa daýhan çöregni berdi,
Bal çöregi suwa basyp iýdim men."


Daýhançylygy watançylygyň görkezijisi (şöhlelendirmesi) edilmegi bu belki-de SSSR propagandasynyň ýitip gitmedik täsiri bolmaly. Sebäp, türkmeniň gadymýetine ser salsaň, türkmende daýhan dälde çarwa köp.