BAHAR, GUŞLAR HEM-DE MEN
BAHAR, GUŞLAR HEM-DE MEN
Bahar ýene telwas edip ýylgyrdy...
Dowul turdy guşjagazlaň kalbynda.
Elewreşip bir özleri bar ýaly,
Boluşlarnyň beräýmek kyn salgyn-da.
(Meniňem nä şo-ol oýunçyl göwnüm-dä)
Guşjagazlaň için ýakyp sygyrýan.
Bu bolşumdan köşeşjek deý, hamana
Käte-käte depin kakyp toý gurýan.
Bu yşgymdan, gylawymdan bihabar,
Guşjagazlar bolsa gabanýar ýazy.
Ine, onsoň şo-ol bäsleşip otyrys,
Şol bir gyzy söýen aşyklar ýaly.
...Şeýdip guşjagazlar menden galanok,
Menem olardan.
Wepa Pirnepesow
Bahar ýene telwas edip ýylgyrdy...
Dowul turdy guşjagazlaň kalbynda.
Elewreşip bir özleri bar ýaly,
Boluşlarnyň beräýmek kyn salgyn-da.
(Meniňem nä şo-ol oýunçyl göwnüm-dä)
Guşjagazlaň için ýakyp sygyrýan.
Bu bolşumdan köşeşjek deý, hamana
Käte-käte depin kakyp toý gurýan.
Bu yşgymdan, gylawymdan bihabar,
Guşjagazlar bolsa gabanýar ýazy.
Ine, onsoň şo-ol bäsleşip otyrys,
Şol bir gyzy söýen aşyklar ýaly.
...Şeýdip guşjagazlar menden galanok,
Menem olardan.
Wepa Pirnepesow
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.