GUŞLAR ERKINLIGI KÜÝSÄN MAHALY

Şadyýan günleriň reňki öçmesin,
Jany jehenneme resmiýetleriň.
Serhedin ýykaly bir bulgur bilen,
Akyllysumaklaň sesi ýetmesin.

Ruhuňdan sogrup zyň gandallaryňy,
Şugünlik howlukma barjak ýeriňe.
(Guşlar erkinligi küýsän mahaly,
Gujak açyp,
özün
taşlar zemine.)

Bahar gelse her kim owadan bolýar,
Fewral, ana, hut şoň üçin howlukmaç.
Guşlar geler diýip bu jalaý baglar,
ýeňsesinden ösdi:r uzyn buýra saç.

Käte asman ýagar,
eziler ruhuň,
Uzakly gün gelmez öýe giresiň.
(Ýagyşy menem gowy görýän,
az owlak
şonda köwşüm suw geçirýär diýmeseň.)

Owarram,
şat ýüzüň solmasyn mydam,
Ýaşasa bor jübiň deşik, köpüksiz,
Bulutlaň üstünde aýagmyz sallap,
Oturmagyň hyýalyny gursak biz.

…Şeýdip, kellämdäki ala-gopgunly
pikirlerimden men ozjak bolýaryn.
Men bir ala-, köplüge giren,
Şu bolşuma goşgam ýazjak bolýaryn.

© Begençgeldi ORAZOW
3 лайков 274 просмотров
26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:20
Adamyň dostlary bolmaly.
Gämileriň portlary ýaly wagtal-wagtal durjagyň, ýüküňi düşürjegiň, gursagyňdaky tolkunlar gutarýança garaşjak…

Oraz Ýagmyr
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:21
Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egrip-egrip, ýumak edip taşlady. Jana-janym! Menden bir kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar.

Oraz Ýagmyr
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:21
" Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat ýazyp tüketsem," şonda duýgularym egsilermikä?!

Oraz Ýagmyr
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:23
Swetofor ýaşyl yşygyny ýakanda geçesim gelenok...
Bilgeşleýin... ?

Bekir JOŞKUN.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:24
Hümürdäp aýdylan aýdymlar ýarpy galýar...
Bilgeşleýin ýoýup aýdýan...
Skripkamyñ sesi-de öñküsi ýaly däl...

Bekir JOŞKUN.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:25
Öñler ýekşenbe günleri tebigat, daş-töwerek, it-pişikler, guşlar, delfinler, deñiz, gury ýer, köl, dereler hakda ýazardym...
Köp wagt bäri gezek ýetenok...
Syýasy partlamalar şeýle bir gazaply bolýar welin, ýüreklerimiz ürken serçeler ýaly aýnalara urla-urla çyrpynýas...
Şygyrlar manysyzlaşdy...
Bilgeşleýin başy bilen ortasyny ýatdan çykarýan...

Bekir JOŞKUN.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:28
Kämahal dünýä suw-sil, ýagyş, palçyk, harasat bolsa-da, "Howa nähili gowy" diýýän...
Bilgeşleýin...
Sizem diýiñ...
Ýaraly duýgularyñyzy saramak gerek ...

Bekir JOŞKUN.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:31
Iñ soñky garlawajam depämden geçdi gitdi...
Häzir güýz pasly...
Güýz - gussa döwri...
Guşlaryñ gidip barýanyna ýüregim gyýylýar...
"Duruñ, nirä barýañyz, duruñ-a!.." diýip... ses edip yzlaryndan ylgaýasym gelýär…

Bekir JOŞKUN.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:43
Kimsi awtoulagyny itip, kimsi ýanýoldaşynyñ elinden tutup, kimsi gujagyna çagasyny alyp... Ajygypdyrlar, ýadap süllümbaý bolupdyrlar, garadere batypdyrlar, durman ylgaýarlar. "Iphone"-lara, "Huawei"-lere, "Samsung"-lara tarap ylgaýarlar!

Ýusuf NAZYM.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:45
Köçe süpürýänleriñ, zibil toplaýjylaryñ elinden ýapraklary alyp, şahasyna goýaýasym gelýär...
Bekir JOŞKUN.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 00:47
1958-nji ýyl. 30-njy ýanwar.

Şol gün asman gaýgyrmandyr garyny,
Ilkagşamdan tä ertesi guşluga.
Şol gün tutan towşanlarynyň baryny,
Beren eken kakam ýeke buşluga.

Öýkelejik uýam aýry ýatypdyr.
Hamsygyp,
Kine edip şol gün ejemden.
Eýýäm haçan goňşymyzyň aýaly,
Gyzjagazyn gabanypdyr içinden.

Şatlyk paýlanypdyr gapyma-gapy,
Görsene bu däbiň gowulykdygyn.
Buşluga öwrülip gyşyň şol güni,
Dogulypdyryn.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
205161
30 сен 2023, 01:23
Бор Энеш
Belki
30 сен 2023, 01:42
Pena, aýdýan täzeligiñ gyzykly. Edil şuwat çata baryp biljekmi?
#B.S
30 сен 2023, 03:15
205161,
O däl 100 %
205161
30 сен 2023, 13:15
Belki
Pena, aýdýan täzeligiñ gyzykly. Edil şuwat çata baryp biljekmi?

Adymy tutman nik adymy tutsana Mahym
205161
30 сен 2023, 13:16
Hmmm bäh Khanture,
#B.S
30 сен 2023, 13:54
205161,
Howwa
Belki
30 сен 2023, 14:24
Nikiñdäki sanlary ýazmak kyn düşdi. Şondan.
MILALIKA
30 сен 2023, 16:14
Garlawaç,
Adam bary yogy bir ömür yaşayar, yöne ol nesilleriniň öňünde ahyrzamana cenli yüzügara-da bolup biler.
Garlawaç
Автор 30 сен 2023, 18:09
MILALIKA,
Pikirlendim, pikirlendim, diýmäge sözem tapmadym...
Ak-sary
30 сен 2023, 19:09
Gowyda şu gosgy
205161
30 сен 2023, 19:13
Belki
Nikiñdäki sanlary ýazmak kyn düşdi. Şondan.

In ansat nik su saytda menki
Belki
30 сен 2023, 19:39
Bolupdyr.
MILALIKA
30 сен 2023, 23:45
Garlawaç
1958-nji ýyl. 30-njy ýanwar.

Şol gün asman gaýgyrmandyr garyny,
Ilkagşamdan tä ertesi guşluga.
Şol gün tutan towşanlarynyň baryny,
Beren eken kakam ýeke buşluga.

Öýkelejik uýam aýry ýatypdyr.
Hamsygyp,
Kine edip şol gün ejemden.
Eýýäm haçan goňşymyzyň aýaly,
Gyzjagazyn gabanypdyr içinden.

Şatlyk paýlanypdyr gapyma-gapy,
Görsene bu däbiň gowulykdygyn.
Buşluga öwrülip gyşyň şol güni,
Dogulypdyryn.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

Adam bary yogy bir ömür yaşayar, yöne ol nesilleriniň öňünde ahyrzamana cenli yüzügara-da bolup biler. Şuña aytdym men
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 00:13
MILALIKA,
Düşündim :))?
Belki
01 окт 2023, 06:11
Nesilleñ öñünde ýüzügara bolmak bilen ol goşgyñ näme dahyly bar?