Sahy Öwezowyň goşgularyndan

AWARANYŇ MONOLOGY

Sen nä beýle köp girýärsiň düýşüme?
Hyýalymda bagra basýan, ogşaýan.
Atam döwründäki araba meňzäp,
Ýat ülkede mysapyr men, çagşaýan.

Ýollar çar tarapa bölünip giden,
Ýykylnara pir tapmadym bu ýerden.
Kaka dönen ýürek gu:rama ýakyn,
Kim meni ýygnajak öleýsem birden?!

Biparh geçip gidýänler kän deňimden,
Göz gytagy bilen gizlin seredip.
Ölemden soň dula çekjek tapylmaz,
Uýam gelmez bagrygirýan ses edip.

Amanady saklasaň-da aýaman,
Eýesine bermeli bor, asylsa.
Jesedimi ýygnar bir gün ýat toprak,
Göripler deý çetlemez ol asyl-ha.


UÝAŇ GALAR...

Ýygy-ýygydan barardym,
Juda mähriban bu ojak...
Şatlykdan guşa dönerler,
Begenip gererler gujak.

Sowal ýagar dumly-duşdan,
Öýüň ýagdaýy soralar.
Eşitmän galaryn öýdüp,
Bary daşyňa oralar.

Ýaýrar söhbetiň örüsi
Saçak giňden ýazylansoň.
Öýe gaýtma howlugarsyň
Gije ýarymdan agansoň.

Ýegenleriň hoşlaşarlar,
Gülüp, ellerini bulap,
Misli ejeň deý mähriban
Uýaň galar sessiz aglap.

            
GALDY

(G.Ezizowa)

Miweleri süýji — datly,
Baglaryň galdy, baglaryň.
Depäňden bakan haýbatly
Daglaryň galdy, daglaryň.

Tylla deňän sary güýzüň
Nury bilen çalan sazyň,
Ganat gerip söýen gyzyň,
Barlaryň galdy, barlaryň .

Kä “Hak” diýdiň, käte “Rebbim”,
Gysga aýdyp her bir gepiň,
Gizläp derdiň, gizläp sepiň,
Aýlaryň galdy, aýlaryň.

Aşyk bolup ene ýere,
Siňdiň meňzäp tylla — düre,
Iň bolmanda, düýşde gel-ä!
Gözlerim galdy, gözlerim...


SABYR KÄSÄŇI DOLDURMA!

(degişme)

Işden gelsem gijä galyp,
Sabyr käsäňi doldurma!
Ýüregiňi ele alyp,
Sabyr käsäňi doldurma!

Bozar gahar jemalyňy,
Seni garradar ýalymy?!
Getir bäri gök çaýyňy,
Sabyr käsäňi doldurma!

Sygmajak bolýaň jahana,
Ýok zatdan tapyp bahana,
Açyl, meňzäpler bahara,
Sabyr käsäňi doldurma!

Men saňa, sen maňa gerek,
Gabanyp ýörme biderek.
Herimizde ýeke kürek,
Sabyr käsäňi doldurma!

Ýaş ýetmişe kerwen tartýar,
Başda saçlaň agy artýar.
Ýaşlyk bize pitjiň atýar,
Sabyr käsäňi doldurma!


EJE

Eje, sen ýoluma kän garaýarsyň,
Gözýaşyňy sylyp, gyňajyň ezip.
Ýalňyzlyk derdinden has garraýarsyň,
Ýyllar baýdak boýuň gidendir egip.

Nägilesiň bu kakabaş dogmaňdan
Hem gaýgy edýänsiň eziz ogluňy.
Boýdaşlaryň agtyk söýüp ýörendir,
Senem şony isleýänsiň, dogrumy?!

Ýadapdyryn “Hüw-Hak” diýip ýörmekden,
Ynanýan ýok bu ýerlerde derwüşe.
Hakam menden gaçyp ýören bolmaly,
Meňzedip gedaýa, galyp endişä.

Ahmal basym gaýdyp barmagym, eje,
Ýat illerde meňzäp ýörmän gedaýa.
Men Haky gözledim ýykyk dünýede,
Mähribanym, sen meňzeýäň Hudaýa!


GAMGYN AÝDYM

Asmanda dolan Aý juda ýagtydy,
Kitap okabermelidi bu gije.
Bir gamgyn ses gelýär kenar boýundan,
Ýüregiňi dilip barýardy, eje.

Ol aýdymda gussa bardy ýukajyk —
Güýzüň ýapragyndan azajyk galyň.
Wysala ýetmedik söýgüsin ýatlap,
Bir ýigit aýdymy aýdýardy gamgyn.

Dilýärdi kalbymy zaryn owazy,
Didesinde gözýaş gördüm dünýäniň.
Diriler eşitse, durup biljek däl,
“Undulan kişiler” oýadyr eýýäm.

Bu aýdymda armany bar geçmişiň,
Ýüregiňi oklaýardy ol peje.
Bir gamgyn ses gelýär derýaň boýundan,
Jigeriňi dilip barýardy, eje.


SEN KIM?

(Şahyr Myrada)

Ýaşymyzda tapawut kän, aralyk,
Mekgä giden ýaly uzak, gaty daş.
Kalba talaň salýar, mähire zarlyk,
Derdiň paýlaşara dogan ýok, gardaş.

Ýazan goşgularňy okap göremde
Öz ykbalym gaýtalanýar barynda.
Meň durmuşym aýdyp berdimi biri,
Özüme bildirmän gijäň ýarynda?

Ýa sen meniñ juda ýaşka ýitiren
Mährine zar bolup ýören agammy?
Dişim gysyp, ýüregimde dert baglan
Gözýaşymdan kemal tapan agymmy?

Gara dutar perdesinde ot alan
Heňine söz ýazyp bolmaz sazymmy?
Bir säw bilen aýra düşüp, ýat bolan
Sen meniň ruhummy ýa-da özümmi?


ÝERE GAÇÝAR

Zemin dowul tapyp, lerzana geler
Seni gözläp ahy-nala çekşimden.
Daglaň depesiniň garlary erär
Howuryndan, lowlap ýanýan yşkymdan.

Bütin barlyk doňup galar tisginip,
Damagyna dili gider pelegiň.
Gökde ýalňyz özi uçýan söýgimiň
Görersiň sen ýere gaçýan ýelegin.

Oturansyň dişläp dodaklaryňy,
Puşman edip, öz-özüňe gargynyp.
Uçup giden ap-ak guş deý söýgimiň
Ak ýelegi ýere gaçýar gar bolup.


Sahy ÖWEZOW
5 лайков 135 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
06 июн 2022, 22:46
bashgada bar bolsa, paylashsan, okasan...
Gumly gelin
06 июн 2022, 23:30
Ýetireniñ üçin sag bol Sapa!Sahy agamyzyñ galamy kütelmesin.Gowy goşgulary bar.