Söýgi mukamy (powest)

(dowamy)

— Geň görmersiñiz-dä, han ogul, işden gelip gyşarmasak, biziñkä bolanok. Siz üçin bolsa, elbetde, stol gowudyr— diýdi-de, ýaşuly çäýnegi öňüne çekip, çaýyny gaýtarmaga durdy.
Üstüne klýonka ýazylan uzyn stol Nazardan iki ädim aňyrda, diwara degip durdy. Ol ýa-ha oturgyjyny alyp şol ýere barmalydy, ýa-da ýaşulynyň gapdalyna baryp oturmalydy. Ol şeýle hem etdi. Bular ýanaşyk oturyp, çaý içmäge başladylar.
Ýaşuly köp geplemegi halamaýardy. Ol özüniň syrça ýaly lowurdap duran takyr kellesini sypalap, bir zat hakynda pikir edýärdi. Ol kä wagt pikirine gümra bolup, käsesindäki sowap giden çaýy-da, gapdalyndaky myhmany-da ýadyndan çykarýardy.
Nazar bu dymyp oturan adam bilen näme gürrüň etjegini bilmän gapdalyndaky gazetleri gözden geçirmäge durdy.
— Biziň-ä garañky düşensoň otyrlygymyz ýokdur inim — diýip, Berdi aga ýerinden turdy.
Çyralar söndi. Asmany gaplap alan gara bulutlar töweregi has hem tukat edip görkezýärdi. Ýaşuly ikinji krowatyň üstünde bir eýýäm uka gitdi. Nazaryň bolsa gözüne uky gelmeýärdi. Ol Şiriniň hälki aýdanlary hakynda oýlanýardy: "Ol näme üçin beýle diýdikä? Belki, ýok zatlary bahanalap, ol menden arasyny açmak, başga biri bilen baş goşmak isleýändir?" Kellesini hyryn-dykyn dolduryp, ony ynjalykdan gaçyrýan bu "näme üçinleriň" hetdi-hasaby ýokdy. Towşan kowýan tazy ýaly, onuň ukusyny gaçyrýan hem şolardy.
Niredendir, uzakdan itleriň üýrýän sesi geldi. Bir ýerden arabanyň hem şakyrdysy eşidilip başlady. "Gijäniň bir wagty araba näme işläp ýörkä?" diýip oýlandy-da, Nazar gözlerini pugta ýumup, uklamaga çalyşdy. Arabanyň sesi gitdigiçe ýakynlaşýardy. Ine ol edil jaýyň alkymyna gelip durdy. Kimdir biri gamçynyň sapy bilen penjiräni kakyp: "Berdi aga, Berdi aga" diýip gygyrdy. Ýaşuly bir demde penjiräni açyp ardynjyrady. "Berdi aga, men — Mele, Durdyny getirdim. Munuň ötlesi dalaga ýazaýdy" diýip, gelen adam inçejik sesi bilen jiňňildäp gepledi.
— Balnysa baryberiň, men häzir Şirini oýaraýyn — diýip, Berdi aga seslendi. Ol ýassygynyň aşagyndan kükürt alyp çykdy-da gyzynyň bolýan otagyna gitdi.
* * *
Şirin gijäniň bir mahalyndaky gidişine, kakasy ertir myhmana çaý berip otyrka geldi.
— Ýeri, gyzym, ne beýle köp eglendiň-le, oňatlykmy özi?
— Oňatlyk däl, kaka. Hassany iň soñky deminde getirýärler-de: "Gaýrat edeweriñ" diýýärler.
— Näme, kömegiň degmedimi? Heläk boldumy?
— Elimizden gelenini etdik.
— Päheý, ol-a bolmandyr-ow. Neressäniň duz, çörek nesibesi gutaran owuşýa-da...
— Ol diri, kaka. Ýöne ýagdaýy agyr.
— Näme bolupdyr oňa? — diýip, Nazar hem gürrüňe goşuldy.
— Kör içegesine iriň ýygnanypdyr. Ötle, dalak diýip wagtynda wraça görkezmändirler. Biz — adam bolar öýtmändik, ýöne organizm örän berk ekeni.
— Biziň biagyrylyk edýän wagtymyz köp bolýar, gyzym. "Eý, geçer-le" diýip, geziberýäris. Adama bir ýapyşansoň, keseliňem aýrylaýasy gelenok. Wagtynda bejerdiläýse kem bolanok welin, şoňa pikir beremizok.
Şirin daşarda ýuwnup durka, kakasy bilen Nazar tirkeşip çykdylar.
— Biz gitdik, gyzym, eliň degse soňrajyk nahar edip goýarsyň-da — diýip, Berdi aga ýola düşdi.
Müňe ýakyn gara maly bolan bu kolhozyň täze tipde salnan oňly mal ýatagy ýokdy. Olaryň köpüsi "Taýak gelýänçä ýumruk" diýlip salnan jaýlardy. Berdi aga bu meseläni prawleniýe maslahatynda-da, kolhozçylaryň umumy ýygnagynda-da birnäçe gezek orta atypdy. Kolhoz başlygynyň hem peteň-bizaryny çykarypdy. Şondan soň kolhoz gurluşyk işine çynlakaý girişmegi karar edipdi. Onuň guruljakdygyna-da hiç hili şübhe ýokdy. Emma Aşgabatdan gelen bir ýaş zootehnige welin, häzir diňe şol karary görkezäýmese, Berdi aganyň başga edip biljek zady ýokdy.
Nazar bu kolhoz hakyndaky oçerkleri okap görende şatlanýardy, "şunuň ýaly kolhozda işlemek janyň ujy" diýýärdi.
Kolhozyň gyşky klubyny, uly bagyny, kolhozçylaryň üsti çerepisaly owadan jaýlaryny görüp, ol dogrudanam öñki pikirini tassyklapdy. Emma garaňkyrap duran darajyk ýataklary, ahyrlardan ýere dökülip, mallaryň basgylan dürüşdelerini görende welin: "Ine görýärsiñizmi, Berdi aga, bu zer-zaýaçylyk üçin sizi jogapkärçilige çekäýmeli" diýip seslendi. Bu söz onuň degnasyna degen bolsa gerek. Egnini has hem çüri edip görkezýän çokgaja sakgalynda duran güýçli sandyrama duýuldy. Onuň içine çökübräk duran tegelek, goýun gözleriniň agy has hem köpelen ýaly bolup göründi.
— Bo-bolýar, inim, je-jenaýatçy gözlemäge gelen bolsañyz, ýo-ýoluñyzdan galmaň. Men-meni tutduryň — diýip gygyrdy. Nazar onuň gahary gelende sakawlaýandygyny diňe şu wagt bilip galdy. Onuň gözgynylyk bilen gepleýşine nebsi agyrdy.
Şeýlelik bilen bularyň arasy bütinleý bulaşdy. Biri-biri bilen sözleşmän mal ýataklaryna, ot-iým bazalaryna aýlanyp çykdylar, sagymçy aýallaryň işleri bilen tanyşdylar.
Nazar yhlas bilen edilen silos desgalaryna söz diýip bilmedi. Ýylda iki-üç müň litr süýt berýän tohum sygyrlaryň hem barha köpelýändigi, bu işde Berdi aganyň aýgytly rol oýnaýandygy barada hem sagymçy aýallar oňa gürrüň berdiler.
—Kolhozyň iki ýyl mundan öňki hasabatlaryna seredip görüň, her sygyrdan näçe süýt alanymyzy görersiňiz. Häzir biz öňküden bäş esse artyk alýarys — diýip, inçemik, garaýagyz aýal seslendi.
Zootehnik bilen ferma müdiri ýola düşdiler. Ýene dymyşyk başlandy. Tä ugran ýerine gelýänçäler bular seslerini çykarmadylar. Berdi aga öýe gelen badyna kuhnýa baryp primus otlamaga durdy. Nazar çemodanyny alyp ugramakçy bolanda ol öňünden çykyp:
— Ine häzir çaý içeris. Ondan soň nirä gitseñiz gidiberiň — diýdi.
— Eden hyzmatyñyz üçin sagboluň. Häzir çaý içesim gelenok — diýip, myhman oňa jogap berdi. Ýaşuly onuň ýolundan sowlup:
— Özüñiz biliň, han ogul, garşylygym ýok, ýöne duz-çöregi basgylap gidýän adamy oñat görýän däldirler — diýdi.
Nazar alaçsyz oturmaly boldy. Şirin bilen öten agşamky eden gürrüňleri ýadyna düşüp, ol ýene-de pikir derýasyna gark boldy. Onuň bar umydy Berdi agadady. Ol razy bolsa, işiň düzeljegine, özlerine dünýädäki ähli lezzetleriň gujak açjagyna ynanýardy. "Indi meniň ynanjym-da, daýanjym-da galmady. Häzir munuň bilen garyndaşlyk barasynda däl-de, ýönekeýje işler barada hem sözleşip boljak däl. Şirinem bar zady gümürtik edip goýdy. Indi onuň bilenem sözleşmek aňsat düşmez. Ýaşuly onuň maňa bolan garaýşyny bütinleý üýtgedip biler" diýip, içini gepletdi.
Berdi aga çaý, çörek alyp geldi. Nazar oňa kömekleşmek üçin ýerinden turdy.
— Arkaýyn oturyň. Myhman ataňdan uly diýipdirler.
Onuň bu sözi myhmany oýlanmaga mejbur etdi. "Ýap-ýañyja men oňa sizi jogapkärçilige çekäýmeli diýip durdum. Ýol boýy gepleşmän gelse-de, ol bu ýerde meniň sarpamy tutýar, maňa hormat edýär..."
Nahardan soň ýaşula minnetdarlyk bildirip, zootehnik kolhozyň myhmanhanasyna gitdi. Oňa içi mazaly bezelen kiçeňräjik tamyň açaryny berdiler. Oňatlygyna, ýaşamak üçin oňaýlydygyna garamazdan, bu jaý, hatda kolhozyň giň giden ekin meýdanlary-da oňa darlyk edip ugrady. Içi gysdy, ýekesiredi...
Öýlän ot ýatyrýan brigadanyň üstüne baryp, olaryň taýýarlan bedelerini, silos etmek üçin ekilen mekgejöwenleri, kelemleri gözden geçirip geldi.
Ýene darajyk tam, ýene ýekelik. Nazar aňyrdan gaýdanda beýle hadysalara duşaryn öýtmändi. Ol Şiriniñ ýanyna gelip, aýşy-eşretde ýaşajakdy. Bir aý geçip-geçmänkä, ony hem yzyna tirkäp, niredesiň Aşgabat diýjekdi. Emma bularyň boş hyýala öwrülip barmagy ony darykdyrýardy, howsala salýardy. Ýekelik, darajyk tam bolsa, onuň üstüne urna bolýardy.
Birden gapynyň kakylmagy ony tisgindirdi. Ol syçrap ýerinden turdy.
— Şirin.
— Nazar. Işden soň öýe barsam, eýýäm gaýdan ekeniň. Näme, kakam bilen oňuşmadyňmy? Ol seniň göwnüňe degdimi?
— Ýok, men onuň göwnüne degdim. Kemçiliklerini görkezdim: "seni suda bermeli" diýdim. Ozalam-a gürrüň edişimiziñ ugry ýokdy weli, soňa baka ondanam mahrum bolduk.
— Kakamyň keselli, ýarty göwün adamdygyny aýtmak ýadymdan çykaýypdyr. Sen onuň göwnüne degmejek bol. Ol indi gartaşan adam.
Şiriniň sözleri mylaýym, ýalbaryjy äheňde ýaňlandy.
— Özüň bilýäň, meniň gödekligim bar-da. Sähel zada-da gaharym gelip gygyryberýärin. Duýduranyň gowy boldy. Onuň ugruny taparyn.
Krowatyň ýanyndaky tumboçkadan iki sany kiçeňräk çäýnek çykaryp, Nazar çalasynlyk bilen daşaryk çykmak isledi. Emma Şirin onuň köýneginden ýapyşdy.
— Ýok, gerek däl, gitme. Häzir bize gideris. Nahar iýersiň.
— Men size gitmäýin, Şirin jan. Onda-da häzir gitmäýin.
— Gideli, kakam kine saklap oturasy ýok.
— Sen bir minutjyk otur, men häzir geldim.
Ol uzak eglenmän çäýneklerini dolduryp geldi-de, krowatyň aşagyndan çemodanyny çekip aldy. Stoluň üstüne dürli konfetleri çykaryp goýdy. Ol muny Şirin üçin getiripdi. Emma ýaşuly bilen arasy bulaşansoň, ol ýerde goýup gaýtmagyň çemini tapmady.
Çaý içişip otyrkalar Nazar onuň barmaklaryny sypalap:
— Şirin, seniň düýnki diýen sözleriň meni ynjalykdan gaçyrýar. Başyňa näme iş düşen bolsa, gizlemän aýt. Belki, meniň kömegim deger — diýdi.
— Obamyzda bir adam bar, sen ony tanamaýarsyň. Aýdyşlaryna görä, ol bir wagtlar kakamy ölümden halas edipdir. Ana şol adamyň ýetişen ogly barmyş.
Şirin uludan dem alyp, sözüne dyngy berdi.
— Näme, seni şoňa berjek bolýarlarmy? — diýip, Nazar ondan howlukmaçlyk bilen sorady.
— Hawa, şoňa berjek bolýarlar.
— Ine belanyň körügi nirede eken. Şonuň üçinem sen meni kowýan diýsene. Şonuň üçinem beren sözlerimi şemala sowurýan diýsene?.. Ýene-de okuwly wraç diýjeksiň. Özüňe ygtyýaryň ýetmeýän bolsa, dünýäde ýaşanyň näme haýry bar?..
— Sen ýönekeý zady — özüňi alyp barmagy-da başarmaýarsyň. Bir zat bolsa, gygyrýarsyň. Derrew netije çykarýarsyň. Saňa tebigat paýhas bermegi ýadyndan çykarypdyr. Eger diňlemäge takadyň ýetmeýän bolsa, men gidip bilerin.
Şirin ýerinden turup gitjek bolanda ol onuň ellerine ýapyşdy:.
— Bagyşla meni. Gitme, diňläýin.
Ony öňki ýerinde oturdyp, Nazar ýene-de onuň üstüni soragdan gömüp başlady.
— Diýmek seni şol oglana berjek bolýarlar-da?
— Hawa.
— Onda ikimiziň sözleşenimizden peýda ýok-da? Bilýärin bularyň hemmesini edip ýören kakaňdyr. Bolýar, goý, seni satyp, baý bolsun.
— Seniň gykylygyň näme? Seniň masgaralaýjy sözleriňi diňläp oturmaga takadym ýok. Sen biziň namysymyza degýärsiň — diýip, Şirin öýkeli görnüşde ýerinden galdy.
—Özüň aýtdyň ahyry, "meni şoňa berjek bolýarlar" diýdiň ahyry... — diýip, ol oňa çiňerildi.
— Hawa, diýdim. Kakam razylyk beripdir. Emma bu entek hemmesi däl ahyry. Meniňem dilim, elim, aýagym bar. Onsoňam seniň ýanyňa hut şunuň üçin geldim. Maslahat ber.
— Onda gideli. Men eýýäm işläp ýörün. Saňa-da iş taparys. Jaý berýärler. Hor bolasymyz ýok. Gideli.
— Sen bärik gelmekçidiň-le.
— Dünýäde garaşylmadyk zatlar hem bolýar ekeni. Meni direktoryň kabinetine çagyryp: "Nazar, sizi Ylymlar akademiýasyna aljak bolýarlar. Siz şoňa razymy?" diýdiler. Razy bolman näme? Aýlygy gowy, jaý berýärler. Merkezi şäherden özümize orun tapyp durkak bu ýerde ne görümiz bar. Ýoldaşlarym daşyma üýşüp: "Sen örän bagtly ekeniň" diýdiler. Ýogsam öýüňden bizar bolup, çölden-çöle, obadan-oba entäp ýörmeli boljak.
— Meni bu ýerden goýbermezler.
— Ministriň ýanyna bararyn. Arz ederin. Onsoňam goýbermän görsünler.
— Ýok, Nazar, beýtmäli. Sen dissertasiýaňy gora. Men saňa bir ýyl garaşdym, ýene garaşaryn. Käte sen gelersiň, käte men bararyn. Üç ýylam derrew geçer. Men kakamy bu ýagdaýda ýeke taşlap gitmäýin. Iş bilenem mazaly öwrenişipdirin. Meniňem bir bada içim gysdy. Ýerläp bilmän heläk boldum. Soň öwrenişip gidýärsiň weli, şu ýerden gowy ýer ýok.
— Men indi Akademiýa baryp: "Aýalym Aşgabada geljek däl diýýär. Şoňa görä-de men oba gitjek, boşadyň" diýip bilmen ahyry. Ähli adamlar üstümden güler, "Dälirediñmi?" diýerler.
— Şeýle diýsene. Öwrenişip ýören işimi, belet obamy, tanyş adamlarymy, yraň-daraň gezip ýören keselli kakamy taşlap gitsem, maňa näme diýerler? Meniň üstümden gülmezlermi?
Nazar gazaplanyp, ýüzüni kesä sowdy:
— Bahana gözleýän, yrsaraýan diý-de gutar-da. Haýsy akmak Aşgabady taşlap, raýon merkezinden kyrk kilometr uzakda bolan bu oba geler?
—Onda bu ýerde ýaşaýanlary özüňçe göreňok-da?
— Ýeri, bu gürrüňi bes edeli. Men entek bu ýerde boljak. Kem-kemden taýýarlanyp ugra. Oblast saglygy saklaýyş bölümine özüm bararyn. Aýalymy boşadyň diýip talap ederin.
— Aýalym-buýankym diýip agzyňy ýaman öwretme. Ol sözi aýtmaga esas gerek.
— Näme men indi şoňa-da mynasyp dälmi?
— Mynasyp bolaňda aýdaýarlar. Nämä howlugýarsyň?
— Bolýar, garaşaýaryn. Ýöne şaýyňy tut. Arza ýazyp iber.
— Men saňa ýagdaýymy aýtdym. Özüňem oýlanyp gör. Soň maslahat ederis.
Nazaryň özüni alyp barşy, onuň buýruk beriji äheňde sözleýşi barada Şirin ýol boýy pikir etdi.
Kolhozlarda maldarçylygyň ýagdaýyny barlamak, bar bolan kemçilikleri ýerinde düzetmekde kolhozlara kömek bermek üçin Oba hojalyk ministrligi obalara spesialistler iberipdi.
Oba hojalyk ministrliginiň haýyşy boýunça Ylymlar akademiýasy Nazary hem şolaryň brigadasyna goşdy. Ol wezipesini ýerine ýetirmek üçin hars urup işleýärdi. Maldarçylygyň ähli görnüşi bilen ýakyndan tanşyp, olara öz maslahatyny berýärdi.
Ol ertir çöle — çopanlaryň ýanyna gitmeli bolany üçin, Şirin bilen duşuşmagy ýüregine düwdi. Işden gelen badyna howul-halat ýuwnup, keselhana tarap ugrady.
Gün öýleden agsa-da, howa örän yssydy. Nazar agaçlaryň saýasyny penalap, keselhana ýakyn baranda aňry tarapdan bir motosikletiň gelip duranyny, onuň yzky eýerinde bolsa, Şiriniň oturanyny gördi. Olaryň biri-biri bilen el bulaşyp hoşlaşmaklary, Şiriniň esli wagt onuň yzyndan seredip durmagy Nazaryň ýüregine hanjar bolup sanjyldy. "Onuň: "bu ýerden gidip biljek däl" diýmegine indi düşündim" diýip pyşyrdady.
Ol kabinetiň gapysyny kakman içerik girdi. Şirin ony güler ýüz bilen garşylady:
— Salam, Nazar, geç, otur. Men häzir çaý getirdeýin.
— Gerek däl.
— Bolýar, onda, otur. Gürrüň ber: nirelerde bolduň, nämeler gördüň? Obamyzy haladyňmy?
Nazar onuň aýdanlaryna onçakly pikir bermän:
—Arza berdiňmi? — diýip sorady.
— O nähili arza?
— Bälçirän bolmasana. Men saňa aýtdym ahyry.
Munuň edepsizlik bilen azgyrylyp oturmagy Şirine ýaramady. Ol agraslyk bilen sorady:
— Nämäni aýtdyň?
— Arza ber diýip. Işden aýryl diýip.
— Aýryl diýeňde aýrylyp, git diýeňde gidip durar ýaly, men seniň oýunjagyňmy?
Nazar dodaklaryny titredip, bir zat aýtjak boldy-da, aýdyp bilmän, sag elini silkip goýberdi. Şirin oňa ähmiýet bermän, sözüni dowam etdirdi:
— Men bu ýerden gidip bilmen diýdim-ä, saňa.
Nazar yzgytsyzlyk bilen gaty-gaty gepledi:
— Ýañky ýaly motosikletine mündürip, şemalladyp ýören adam tapsaň, elbetde, gitmersiň.
— Besdir, Nazar. Men seniň töhmetleriňden iripdirin.
— Sen meniň özümdenem iren bolaýma?
Gapynyň gaty ýapylmagyndan pol sarsyp gitdi. Şirin gözlerini petredip, onuň yzyndan seretdi-de: "Bu näme üçin meniň bilen ýangynly sözleşýärkä?" diýip pyşyrdady.
* * *
Çöl durmuşy Nazara ilki bada gowy ýarady. Biri-birinden belent görünýän gum depelerine, olaryň üstündäki ýylgyn-sazaklara, uly yzlaşyk bolup, suwa çozýan goýun-guzylara höwes bilen seretdi. Onuň asuda, sergin gijelerinde hezil edip dynç aldy. Gündizlerine ençeme alaňlardan aşyp öri meýdanlary, gyşa görülýän taýýarlyklar bilen tanyşdy.
Özüne täzeden-täze tanyşlar tapdy. Olara ylmyň, sungatyň täzelikleri, Aşgabatda salynýan owadan-owadan jaýlar hakynda gürrüň berdi.
Segsen ýaşasa-da elli ýaşamadyk ýaly ýaş görünýän Çakan aga, ylaýta-da onuň hoşuna geldi.
Olar gijaralar çaý başynda tapyşdylar.
— Öýlendiňmi, oglum, Nazar?
— Ýok, öýlenemok, ýaşuly.
— Öýlenmeginem. Şu durşuňa gezibergin. Gadym zamanda bir şahyr şeýle diýipdir:
"Itge iýdir, arbatga iýdirme nan,
It wepa, wepa ermesdir zenan..."
— Ol şahyr ýalan aýdypdyr. Gulak salyň, Mollanepes olary nähili taryp edýär:
"Gözleme, eý jan, gözleme, köýdürdi eý jan gözleriň:
Ýok, ýok, ýalgan diýdim, müň derde derman gözleriň" ýa-da Magtymgulyny, Keminäni, Mätäjini alyp görüň. Olaryň söýgi hakyndaky goşgularyny okaň-da, depe saçyň üýşüp gidýär. Gözel ýary wasp etmeýän ýekeje-de aýdym tapmarsyň.
Ýaşuly näme diýjegini bilmän kädisini öwrüp-öwrüp dyzyna kakdy-da, agzyny nasdan dolduryp berk ýumdy.
Tä nasyny tüýkürýänçä ýaşulynyň sözlemejegini bilip, Nazar özüniň Şirine bolan söýgüsi, häzirlikçe aralarynyň bozulyşy hakynda gysgajyk gürrüň berdi.
Çakan aga eli bilen çägäni dörjeläp, ykjam tüýkürindi-de:
— Nätdiň, ahyry meniň aýdanyma geldiň gerek — diýip gyjalat berdi. — Indi menem bir gyzy söýşüm hakynda saňa gürrüň bereýin: ol gyz gurplurak adamyň gyzydy. Owadandy. Menem olaryň talabanydym. Ýaşdym. Elbetde, häzirki bolşuma görä görmegeýräk bolandyryn. Gyz maňa içgin-içgin serederdi, näz eden bolardy. Emma söýýändir öýdüp kelläme-de gelenokdy. Bir gün mallar üçin bir arka ot alyp gelýärkäm, ol meniň ýanyma gelip, "Bä, sen güýçlüje oglan ekeniň. Şol gölänem göterip bilermiň" diýdi. Dilime gelenem şol boldy: "Senem götärin" diýdim. "Meni göterseň, biliň oňrular" diýip, jykyr-jykyr güldi-de, samanhana tarap ylgady. Men onuň bilinden pugta gysyp ýokaryk göterdim. Kellämiň göçgünine ýaňagyndan sorup-sorup ogşadym. Baý-bow, ondan soň şypyrmamy tegeläp, gola sygmadym. Biler bolsaň, bir gün Annagül... hawa, onuň ady Annagüldi, meniň ýanyna geldi-de: "Meni gartaşan baý adama berjek bolýarlar. Öljek weli, men oňa barjak däl, sen meni erte agşamdan gijä goýman, alyp gaç" diýdi. Me saňa gerek bolsa... Pikir etmersiň gerek?.. "Nireden ýaby tapmaly? Nädip alyp gaçmaly? Nirä gitmeli? Uzyn gije çirim etmän çykdym. Kelläm hum ýaly çişdi, başyñy agyrdyp nädeýin, dördünji gün at-ýaragym bilen gaýdyp geldim. Ol işigaýdan başga biri bilen gaçaýan bolsa nätjek? Şondan soň aýal diýen zadyň ýüzüne-de seretmedim. Seretjegem däl, oglum.
— Aýdyşyñyza görä, siz birneme gowşagrak deprenipsiñiz öýdýän? — diýip, Nazar oňa ýüzlendi.
Çolugyň işlekli bişirmek üçin gujaklap salýan sazaklarynyň ýalny Çakan aganyň ýygyrt-ýygyrt bolan ýüzüne şöhle salýardy. Ol ýerinden azajyk gobsunyp, dyzynyň aşagyndan naskädisini aldy-da:
— Hm, sen ine batyrgaý deprenipsiňem-dä, gören peýdaň näme? Ol saňa gelmändir-ä, gelmez. Ol senden gowuragyny tapypdyr. Hawa, aýallar şeýle bolýandyr, oglum — diýdi.
— Ýok, ýaşuly, men siziň munyňyza hä diýjek däl. Bolar-bolmaz myjabatlar bilen ähli aýallary garalap bolmaz.
— Ýeri, bolýa-la. Oñat bolsalar oñat bolsunlar. Meniň üçin-ä aýal bilen arwahyň tapawudy ýok. Olarsyzam oňup bolýar.
Ol naskädisini eliniň aýasyna kakyp, bir çümmügräk bolansoň kädini gapdalyna oklap goýberdi. Eliniň aýasyny köwelibräk tutdy-da, gürrüňini dowam etdi.
— Ýöne mele gulpajyk oglum bolaýan bolsa, entekler garrajak däl ekenim.
Ýaşuly aýasyndaky nasy bat bilen diliniň astyna atyp goýberdi-de, esli wagt dymyp oturdy. Soňra sag eliniň süýem barmagyndaky dañyny çözüp, oňa taňkadaky gyzgyn şemmäni ýapdy.
— Şu barmagymdan çykuw çykýar weli, halys mazamy alýar, oglum, hiý muňa em salgy bererligiň ýokmy?
— Onuň emini doktorlar aýdar, Çakan aga. Ertir oba gideliň.
— Oba aralaşyp bilsem, beýdip kösenip oturasym ýok-la, oglum.
Uzyn gije uklap bilmän zöwzülläp çykan garry çopana Nazaryň haýpy geldi.
* * *
(dowamy bar)

Bekge Pürliýew. 1981.ý.
3 лайков 111 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
06 июн 2022, 22:39
Şu adminam "Sag bolsyn aýdyldyny", "Sag bolsun aýdyldy" diýip dogry ýazsada, ýogsa her sapar "Sag bolsyn aýdylda" basamda bimaza bolup geçýän. :/
Meryem
07 июн 2022, 12:29
Salam Esma sizin goşgulany haladym size üsinlik arzuw edyän
Babahanowa_g
07 июн 2022, 15:47
Oran gyzykly dowamyny okamana gaty gyssanyan tizrak goyaynda dowamyny