Wagtynda ekmeli.

Gadymy döwürde bir ýaşuly ak-sakal goja egni bilen alan odunlaryny obada satmak üçin köçäň ugrundan, märekeli ýerden geçip barýardy. Bu ýaşulyny köpler synlady, köpler üns bermedi. Sebäbi herkim öz gara-gününe başagaý. Şol märekäniň içinden ulurak ýaşly adam çykyp:
— Ýaşuly, wagtynda ekmediňmi!? — diýip batlyrak ses bilen, naýynjar sorady. Ýaşuly hem säginip, demini alyp, çala ýylgyryp:
— Ekdim, il-ordy! — diýip jogap berdi we ýene odunyny egnine alyp ötägitdi. Köpler bu ýagdaýy gördüler. Köpler "Iki ala-sarmygyň gürrüňi" diýseler, ýenelekiler düşünmediler. Azlar bolsa "Rast gürrüň" diýip işleri bilen boluberdiler.

Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.
2 лайков 182 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enegul
20 дек 2021, 19:40
like
Liwerpul_fc
20 дек 2021, 19:55
Indi munda,"ogluň heleýguly bolmasyn" diýildigimi?
IDEALLIDER
Автор 20 дек 2021, 19:58
Цитата: Liwerpul_fc
Indi munda,"ogluň heleýguly bolmasyn" diýildigimi?

Bu eserde köp taraplaýyn pikir ýöredilýär!
Liwerpul_fc
20 дек 2021, 20:04
Цитата: IDEALLIDER
Цитата: Liwerpul_fc
Indi munda,"ogluň heleýguly bolmasyn" diýildigimi?

Bu eserde köp taraplaýyn pikir ýöredilýär!

Başga nähili tarapy bar?!
IDEALLIDER
Автор 20 дек 2021, 20:10
Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: IDEALLIDER
Цитата: Liwerpul_fc
Indi munda,"ogluň heleýguly bolmasyn" diýildigimi?

Bu eserde köp taraplaýyn pikir ýöredilýär!

Başga nähili tarapy bar?!

Okyjylar netije çykarmaly!
Liwerpul_fc
20 дек 2021, 20:14
Başga netije menä göremok,ýa meň düşünjäm şoňa çenli eken. Kimiň düşünjesi ondan aňry geçip şu hekaýa ň başgaça manylarny anyklap bilse ýazsaňyzlaň,gyzykly maňa
IDEALLIDER
Автор 24 май 2022, 11:16
Liwerpul_fc,
Gyzy hem durmuşa çykarmaly bolýar.