DIÝ MAŇA!
Şahyr däl men goşgy ýazýan,
«Yşka, söýgä gul» diý maňa!
Aglap bilmerin ýalandan,
«Ýalanjykdan gül» diý maňa!
«Söý — diý — ýagşyny, ýamany»,
«Haýry, şeri duý» diý maňa!
«Ol beýik keremiň nurun
Gursagyňa guý» diý maňa!
Haka aşyk bolan yşk men,
«Apy-tupan, gaý» diý maňa!
Ýadadym çisňän bolşumdan,
«Ýagmyr bolup ýag» diý maňa!
Bilmen känmi günä, sogap?!
«Ýaşama-da, ýan» diý maňa!
...Galam tutup başarmasam,
«Ýürek bilen ýaz» diý maňa!
Asmanda pelpellär ruhum,
(«Ah, ruhsuz sen kim?» diý maňa!).
«Aýtjaklaryň söze sygmaz,
Geplemede, dym» diý maňa!
Bilbil KAKABAÝEWA
GARAGUM ETRAP ÇAGALAR WE
ÝETGINJEKLER DÖREDIJILIK ÖÝÜNIŇ
GURNAK ÝOLBAŞÇYSY.
"Nesil" gazeti 16.07.2022 sany
«Yşka, söýgä gul» diý maňa!
Aglap bilmerin ýalandan,
«Ýalanjykdan gül» diý maňa!
«Söý — diý — ýagşyny, ýamany»,
«Haýry, şeri duý» diý maňa!
«Ol beýik keremiň nurun
Gursagyňa guý» diý maňa!
Haka aşyk bolan yşk men,
«Apy-tupan, gaý» diý maňa!
Ýadadym çisňän bolşumdan,
«Ýagmyr bolup ýag» diý maňa!
Bilmen känmi günä, sogap?!
«Ýaşama-da, ýan» diý maňa!
...Galam tutup başarmasam,
«Ýürek bilen ýaz» diý maňa!
Asmanda pelpellär ruhum,
(«Ah, ruhsuz sen kim?» diý maňa!).
«Aýtjaklaryň söze sygmaz,
Geplemede, dym» diý maňa!
Bilbil KAKABAÝEWA
GARAGUM ETRAP ÇAGALAR WE
ÝETGINJEKLER DÖREDIJILIK ÖÝÜNIŇ
GURNAK ÝOLBAŞÇYSY.
"Nesil" gazeti 16.07.2022 sany
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.