DIÝ MAŇA!

Şahyr däl men goşgy ýazýan,
“Yşka, söýgä gul” diý maňa!
Aglap bilmerin ýalandan,
“Ýalanjykdan gül!” diý maňa!

“Söý — diý — ýagşyny, ýamany”,
“Haýry, şeri duý!” diý maňa!
“Ol beyik Keremiň Nurun
Gursagyňa guý!” diý maňa!

Bilmen, känmi günä, sogap?!
“Ýaşama-da, ýan!” diý maňa!
...Galam tutup başarmasam,
“Ýüregiňden ýaz!” diý maňa!

Asmanda pelpellär ruhum,
(“Ah, ruhsuz sen kim?!” diý maňa!)
“Aýtjaklaryň söze sygmaz,
Gepleme-de, dym!” diý maňa!


Bilbil KAKABAÝEWA
13 лайков 239 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
08 июн 2022, 23:45
Berekella!
Bilbiliň we Gyzylgül gelnejäň goşgularynyň PDF görnüşi bar bolsa, gaýrat edip ugradaý poçtama.
Pegas
Автор 08 июн 2022, 23:57
Nirvana
Berekella!
Bilbiliň we Gyzylgül gelnejäň goşgularynyň PDF görnüşi bar bolsa, gaýrat edip ugradaý poçtama.

Ýog-a. Asyl ýok.
Margarita
09 июн 2022, 07:29
?????????
Gumly gelin
09 июн 2022, 11:53
Tüweleme Bilbiljan.Dünýe dymsa-da sen dymma gadyrdan.Juda gowy goşgy?
Oksimiron
09 июн 2022, 21:55
Bilbiliň gowy goşgulary-da bardy