Gyzykly täsin başdan geçirme.
Ömründe hiç öýlenmedik çagasy bolmadyk Franz Kafka Berlinde parkda ýöräp barýarka, söýüp oýnaýan gurjajygyny ýitirenligi üçin aglaýan, bir kiçijik gyzjagaz bilen tanyş bolar.
Kafka gyzjagaz bilen birlikde birnäçe wagtlap gurjagy gözlärler, ýöne tapmazlar. Ertesi gün gyzjagaz bilen täzeden gurjagyny gözleşmegi üçin täzeden duşuşmak isleýändigini aýdar. Şunlukda ýenede gurjagy tapmazlar.
Kafka gyza gurjak tarapyndan iberilen bir hat berer.
Hatda "Haýyş edýän aglama, dünýäni gezmek üçin uzyn syýahata çykdym, saňa başdan geçirmelerim hakda ýazaryn" diýýärdi.
Şeýlelikde Kafkanyň ömrüniň soňuna çenli dowam etjek bir hekaýasy başlar. Kafka her duşuşygynda gyzjagaza gurjagyň ýazan hatlary diýip okap berer, we her gezek gyzjagazyň örän bagtlydygyny görer. Kafka Berlinden gaýtmazyndan öň oýunjak dükanyndan bir sany gurjak satyn alar, we has soňra gyzjagaz bilen duşuşmaga gider.
Gyzjagaz bu hiçhili meň gurjagyma meňzänok diýer, Kafka gurjagyň başga bir ýazan hatyny gyza berer. Hatyň içinde "Syýahatlarym meni örän üýtgetdi" diýip ýazylgy haty okap, gyzjagaz begener, we onuň bilen örän şadyýan bolup öýüne gider. Bir ýyl soňra Kafka öler. Ýyllar soňra ulalan gyzjagaz gurjagyň içinden bir hat tapar. Hatda şeýle setirler ýazylgydy "Söýýän her bir zadyňy belki ýitirersiň, ýöne söýgi başga bir şekilde yzyna dolanjakdyr".
Franz Kafka

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.