Suratkeş
SURATKEŞ
Ady belli bir suratkeşiň eserleriniň sergisi guralypdyr. Suratkeşiň özi hem buýsanç bilen şol sergide aýlanyp ýörkä, suratlaryň birine üns berip seredip duran bir gyzjagaz onuň ünsüni çekipdir. Gyzjagaz surata seredip duran ýerinden zol-zol gapjygyndan pullaryny çykaryp sanaýarmyş.
Suratkeş pişik basyşyny edip gyzjagazyň golaýyna barypdyr-da oňa:
– Bu suraty haladyňmy? – diýip sorapdyr. Gyzjagaz oňa çyny bilen:
– Hawa – diýip jogap beripdir-de, sözüniň üstüni ýetirip: – Satlykmyka? Ejeme satyn alyp beraýjekdim – diýipdir.
Gyzjagaz örän gymmatly eseriň bahasyny sorap duranyndan habarsyz eken. Surakeş loh-loh gülüpdir-de:
– Näçe manadyň bar? – diýip sorapdyr.
Gyzjagaz gapjygyndaky pullarynyň baryny çykaryp sanapdyr:
– Kyrk bäş manat elli teňňäm bar.
Onsoň, suratkeş suratyň bahasynyň ýazylgy duran ýerine seredip:
– Sen nesibeli gyzjagaz ekeniň. Bu suratyň bahasy hem ylaýyk kyrk bäş manat elli teňňe-dä. Me, muny al-da gidiber – diýipdir-de, suraty asylgy duran ýerinden aýryp, gyzjagaza uzadypdyr.
O barmana-da aňyrdan dergazap bolup, sergi zalynyň müdiri ylgap gelipdir:
– Siziň edýäniňiz näme? Siz şol suratyň näçä durýanyny bilýäňizmi?
Şonda suratkeş oňa göwnühoşluk bilen ýylgyryp şeýle diýipdir:
– Dogry, meniň suratym üçin weşeň-weşeň pul dökjekler tapylmagy hem ahmal. Ýöne men şu gyzjagaz ýaly bütin baýlygyny berip bilen adama entekler duşamok.
Her kimiň gymmatlyk diýip düşünýän zadynyň deň bolmaýandygyny hergiz unutmaň.
Çeşme: kyssahan.blog

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.