YNAM
Asman-zemin arasynda
Söz rüstem geler goşundan.
Artykmaç zadym ýok meniň,
Kitap, kagyz hem-de galam
Ählije ýygnan goşum meň.
Ýüzümdäki ýylgyrşymy
Paýlap ýörün özgelere,
Güýjüm-gurbatym ýetikdir
Kynçylyga döz gelere.
Öz heňimde nota düzüp,
Aýdym aýdýan sesim bilen,
Kimler düşüner yşkyma,
A kimler düşünmän güler.
«Wagt ähli zada derman»,
Darygana şygarym meň.
Ýollaň nirä äkitjegin,
Ykbal oýnuny kim biler?!
Dünýäň, durmuşyň päkligin
Aýdymlaryma sygdyrsam,
«Giň göwün dar bolan çagy
derman taparsyň şygyrdan»
Diýsem kim ynanmaz maňa,
Ynanjaklar tapylar-a?!
Söz atly goşunym bilen
Myhman bolsam gije-gündiz,
Ýürekleriň gapylarna.
Gülnar GELDIMYRADOWA
Söz rüstem geler goşundan.
Artykmaç zadym ýok meniň,
Kitap, kagyz hem-de galam
Ählije ýygnan goşum meň.
Ýüzümdäki ýylgyrşymy
Paýlap ýörün özgelere,
Güýjüm-gurbatym ýetikdir
Kynçylyga döz gelere.
Öz heňimde nota düzüp,
Aýdym aýdýan sesim bilen,
Kimler düşüner yşkyma,
A kimler düşünmän güler.
«Wagt ähli zada derman»,
Darygana şygarym meň.
Ýollaň nirä äkitjegin,
Ykbal oýnuny kim biler?!
Dünýäň, durmuşyň päkligin
Aýdymlaryma sygdyrsam,
«Giň göwün dar bolan çagy
derman taparsyň şygyrdan»
Diýsem kim ynanmaz maňa,
Ynanjaklar tapylar-a?!
Söz atly goşunym bilen
Myhman bolsam gije-gündiz,
Ýürekleriň gapylarna.
Gülnar GELDIMYRADOWA
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.