Sowal-jogap
SOWAL-JOGAP
Bu hatyň nireden we kimden gelendigi belli däl. Ony maňa Ýazyjylar soýuzynda goýup gidipdirler.
Hatda şeýle diýilýärdi: "Geçen asyrlaryň şahyrlary (Magtymguly-Pyragy, Durdy şahyr, Magrupy, Oraz han we beýlekiler) biri-birleri bilen sowal-jogap aýdyşypdyrlar. Şol aýdyşyklar okyjy köpçüliginiň arasynda uly hormatdan, islegden peýdalanýar. Emma biziň döwrümiziň şahyrlary näme üçindir şeýle goşgulary ýazmaýarlar. Şol häsiýetli goşgulary-da döwrümiziň hajatlaryna hyzmat etdirip bolardy ahbeti... Özüme gezek gelende, men şo zeýilli goşgular bilen hetdenaşa gyzyklanýaryn, olaryň hemmesini ýatdan bilýärin. Özüm goşgy ýazamok. Ýazsam-da diňe özüm üçin ýazýaryn, redaksiýalara azar berip ýörmeýärin... Şu aşakdaky goşguly sowallaryň ýetmez ýerlerini düzedişdirip, olara jogap bermegiňizi hem-de mümkin bolsa mawy ekranda okamagyňyzy haýyş edýärin..."
Hatyň soňunda gol deregine başbuh A.B. diýlip ýazylypdyr. Megerem, baş buhgalter diýildigi bolsa gerek.
Elbetde, beýle häsiýetli goşgulary hiç haçan ýazmandygym, asla ýazjak-da bolmandygym üçin ýa-da başga bir sebäpdenmi - bu hat arhiwimiň içinde esli wagtlap ýatypdyr... Arada başga bir kagyzymy gözläp ýörkäm, ol hat ýaňadandan meniň elime düşdi we bu gezek näme üçindir jogap ýazmaga höwes döretdi.
- O nämedir, şo bolmasa gülki ýok?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
O nämedir, görki bar-da reňki ýok?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Agzybirlik - şo bolmasa gülki ýok.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Ol mähirdir, görki bar-da reňki ýok.
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
- O nämedir, ygtybarly galadyr?
O nämedir, başa gelen beladyr?
Ol ne gudrat, mis hem bolsa tylladyr?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Sowet ýurdy ygtybarly galadyr.
Jeňparazlar başa gelen beladyr.
Halal gazanç - mis hem bolsa tylladyr.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- O nämedir, her gün ýola bakdyrar?
Kä agladar, kä şatlykdan bödürer?
O nämedir, ýygnanyňy dökdürer?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol poçtadyr, her gün ýola bakdyrar.
Kä agladar, kä şatlykdan bökdürer.
Haramhorlyk ýygnanyňy dökdürer.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, ynsanlaryň belendi,
(Belentligi, wah, gijiräk bilindi)?
O nämedir bir söz bilen bulandy?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol enedir, ynsanlaryň belendi.
(Belentligi ölenden soň bilindi).
Ol ýürekdir, bir söz bilen bulandy.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- O nämedir, ömürbaky ölme ýok?
O nämedir, hemmesini bilme ýok?
Ol kim bolar, dili bar-da kelle ýok?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol abraýdyr, ömürbaky ölme ýok.
Ol ylymdyr, hemmesini bilme ýok.
Ol serhoşdyr, dili bar-da kelle ýok.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, arzuw bilen ýetiler?
Bir aý geçip-geçmän demiň tutular.
O nämedir, bir söz aýtsaň gutular?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol gelindir, arzuw bilen ýetiler,
Käte bir aý geçmän demiň tutular.
Ol göwündir, hoş söz aýtsaň gutular.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, seň mähriňden emen zat,
Soň tomzak dek emenini gömen zat?
O nämedir, dünýäde iň ýaman zat?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Şägirtler bar, seň mähriňden emen zat,
Soň tomzak dek emenini gömen zat.
Ol töhmetdir, dünýäde iň ýaman zat.
Saýgarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim - ne-hä ataň, ne ejeň ogly,
Ygtyýary başga birine bagly?
Ol kimiň ogluka ýa kimiň guly?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Biweçler - ne ataň, ne ejeň ogly,
Ähli erki "saçlak" birine bagly.
Hem-ä şonuň ogly, hem şonuň guly.
Synlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, içi doly garaňky,
Käte daşyna-da çykar reňki?
Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol göripdir, içi doly garaňky,
Käte daşyna-da çykar reňki.
Ol gyzyňdyr, hem özgäňki hem seňki.
Oýlanşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol ne myhman, gonup geçer bir gezek?
Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek.
Kim ol däli - oňa diňe sen gerek?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol ömürdir, gonup geçer bir gezek.
Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek.
Ol aşykdyr - oňa diňe sen gerek.
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
- O näme, gyz üçin iň gerekli zat?
O näme, dünýäde iň görmekli zat?
O nedir, gözleri gara äýnekli zat?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol uýat, gyz üçin iň gerekli zat.
Ol edep, dünýäde iň görmekli zat.
Ol aldaw - gözleri gara äýnekli zat.
Oňarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kimdir, dünýäde iň bagtly oglan?
Ol kimdir, dünýäde iň betbagt dogan?
Ol kimdir, her säher gül bolup doglan?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Gyz uýaly oglan - iň bagtly oglan.
Uýa sansyz bolsa - betbagtdyr dogan.
Tämiz gyz her säher gül bolup doglar.
Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr.
- O näme, taňry hem dilinde sena?
O näme, kast etseň - ýumrular dünýä?
O ne iş, dünýäde iň elhenç günä?
Aşyk bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol Söýgi, Allaň hem dilinde sena.
Söýýäne kast etseň - ýumrular dünýä.
Söýgä böwet bolmak - iň elhenç günä.
Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr.
- Bir gyzyň yşkynda örtenip oda,
Söýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa-da?
Şoňa meňzeş gyz duşdumy dünýäde?
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
- Murgapda duşupdyp gara gözüne,
Lebapda duşupdym güler ýüzüne,
Şabatda sataşdym şirin sözüne,
Kaspide sataşdym täsin näzine.
Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna -
Emma bir göwrede tutuş özüne
Sataşmanym habar bermek borjumdyr.
- Iň soňky haýyşym, etseňiz gaýrat:
Erbet zat köpmükä ýa-da ýagşy zat?
Şu sowaly çözmek düşenok aňsat!
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Sowal sizden bolsun, bizdenem gaýrat.
Köpdi, köpdür erbet zatdan ýagşy zat.
Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat.
Ynanşymça jogap bermek borjumdyr.
- Şahyrym, bereýin ýene bir sowal:
Dünýäde kim köpkä - erkekmi, aýal?
Şonam aýtsaň, başga sowal berjek däl.
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Bir dana diýipdir: "Aýal-a aýal,
Aýalyň gepine gidýänem aýal".
Emma men ol sözi gaýtalajak däl,
Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr:
Il-güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň:
Kä ärden aýallar merdräk bu gün.
Çotuň kakyp, özüň hasaplap görgün,
Başbuh bolsaň, jemin tapmak borjuňdyr.
Düzedişleri köpräk girizendigimi, goý awtor bagyşlasyn. Men ony sowallyň-da, jogaplaryň-da edebi derejesiniň deňräk bolmagy üçin şeýtmäge mejbur boldum.
Kerim GURBANNEPESOW
Bu hatyň nireden we kimden gelendigi belli däl. Ony maňa Ýazyjylar soýuzynda goýup gidipdirler.
Hatda şeýle diýilýärdi: "Geçen asyrlaryň şahyrlary (Magtymguly-Pyragy, Durdy şahyr, Magrupy, Oraz han we beýlekiler) biri-birleri bilen sowal-jogap aýdyşypdyrlar. Şol aýdyşyklar okyjy köpçüliginiň arasynda uly hormatdan, islegden peýdalanýar. Emma biziň döwrümiziň şahyrlary näme üçindir şeýle goşgulary ýazmaýarlar. Şol häsiýetli goşgulary-da döwrümiziň hajatlaryna hyzmat etdirip bolardy ahbeti... Özüme gezek gelende, men şo zeýilli goşgular bilen hetdenaşa gyzyklanýaryn, olaryň hemmesini ýatdan bilýärin. Özüm goşgy ýazamok. Ýazsam-da diňe özüm üçin ýazýaryn, redaksiýalara azar berip ýörmeýärin... Şu aşakdaky goşguly sowallaryň ýetmez ýerlerini düzedişdirip, olara jogap bermegiňizi hem-de mümkin bolsa mawy ekranda okamagyňyzy haýyş edýärin..."
Hatyň soňunda gol deregine başbuh A.B. diýlip ýazylypdyr. Megerem, baş buhgalter diýildigi bolsa gerek.
Elbetde, beýle häsiýetli goşgulary hiç haçan ýazmandygym, asla ýazjak-da bolmandygym üçin ýa-da başga bir sebäpdenmi - bu hat arhiwimiň içinde esli wagtlap ýatypdyr... Arada başga bir kagyzymy gözläp ýörkäm, ol hat ýaňadandan meniň elime düşdi we bu gezek näme üçindir jogap ýazmaga höwes döretdi.
- O nämedir, şo bolmasa gülki ýok?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
O nämedir, görki bar-da reňki ýok?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Agzybirlik - şo bolmasa gülki ýok.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Ol mähirdir, görki bar-da reňki ýok.
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
- O nämedir, ygtybarly galadyr?
O nämedir, başa gelen beladyr?
Ol ne gudrat, mis hem bolsa tylladyr?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Sowet ýurdy ygtybarly galadyr.
Jeňparazlar başa gelen beladyr.
Halal gazanç - mis hem bolsa tylladyr.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- O nämedir, her gün ýola bakdyrar?
Kä agladar, kä şatlykdan bödürer?
O nämedir, ýygnanyňy dökdürer?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol poçtadyr, her gün ýola bakdyrar.
Kä agladar, kä şatlykdan bökdürer.
Haramhorlyk ýygnanyňy dökdürer.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, ynsanlaryň belendi,
(Belentligi, wah, gijiräk bilindi)?
O nämedir bir söz bilen bulandy?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol enedir, ynsanlaryň belendi.
(Belentligi ölenden soň bilindi).
Ol ýürekdir, bir söz bilen bulandy.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- O nämedir, ömürbaky ölme ýok?
O nämedir, hemmesini bilme ýok?
Ol kim bolar, dili bar-da kelle ýok?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol abraýdyr, ömürbaky ölme ýok.
Ol ylymdyr, hemmesini bilme ýok.
Ol serhoşdyr, dili bar-da kelle ýok.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, arzuw bilen ýetiler?
Bir aý geçip-geçmän demiň tutular.
O nämedir, bir söz aýtsaň gutular?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol gelindir, arzuw bilen ýetiler,
Käte bir aý geçmän demiň tutular.
Ol göwündir, hoş söz aýtsaň gutular.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, seň mähriňden emen zat,
Soň tomzak dek emenini gömen zat?
O nämedir, dünýäde iň ýaman zat?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Şägirtler bar, seň mähriňden emen zat,
Soň tomzak dek emenini gömen zat.
Ol töhmetdir, dünýäde iň ýaman zat.
Saýgarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim - ne-hä ataň, ne ejeň ogly,
Ygtyýary başga birine bagly?
Ol kimiň ogluka ýa kimiň guly?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Biweçler - ne ataň, ne ejeň ogly,
Ähli erki "saçlak" birine bagly.
Hem-ä şonuň ogly, hem şonuň guly.
Synlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kim bolar, içi doly garaňky,
Käte daşyna-da çykar reňki?
Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol göripdir, içi doly garaňky,
Käte daşyna-da çykar reňki.
Ol gyzyňdyr, hem özgäňki hem seňki.
Oýlanşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol ne myhman, gonup geçer bir gezek?
Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek.
Kim ol däli - oňa diňe sen gerek?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol ömürdir, gonup geçer bir gezek.
Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek.
Ol aşykdyr - oňa diňe sen gerek.
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
- O näme, gyz üçin iň gerekli zat?
O näme, dünýäde iň görmekli zat?
O nedir, gözleri gara äýnekli zat?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol uýat, gyz üçin iň gerekli zat.
Ol edep, dünýäde iň görmekli zat.
Ol aldaw - gözleri gara äýnekli zat.
Oňarşymça jogap bermek borjumdyr.
- Ol kimdir, dünýäde iň bagtly oglan?
Ol kimdir, dünýäde iň betbagt dogan?
Ol kimdir, her säher gül bolup doglan?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Gyz uýaly oglan - iň bagtly oglan.
Uýa sansyz bolsa - betbagtdyr dogan.
Tämiz gyz her säher gül bolup doglar.
Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr.
- O näme, taňry hem dilinde sena?
O näme, kast etseň - ýumrular dünýä?
O ne iş, dünýäde iň elhenç günä?
Aşyk bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Ol Söýgi, Allaň hem dilinde sena.
Söýýäne kast etseň - ýumrular dünýä.
Söýgä böwet bolmak - iň elhenç günä.
Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr.
- Bir gyzyň yşkynda örtenip oda,
Söýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa-da?
Şoňa meňzeş gyz duşdumy dünýäde?
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
- Murgapda duşupdyp gara gözüne,
Lebapda duşupdym güler ýüzüne,
Şabatda sataşdym şirin sözüne,
Kaspide sataşdym täsin näzine.
Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna -
Emma bir göwrede tutuş özüne
Sataşmanym habar bermek borjumdyr.
- Iň soňky haýyşym, etseňiz gaýrat:
Erbet zat köpmükä ýa-da ýagşy zat?
Şu sowaly çözmek düşenok aňsat!
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Sowal sizden bolsun, bizdenem gaýrat.
Köpdi, köpdür erbet zatdan ýagşy zat.
Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat.
Ynanşymça jogap bermek borjumdyr.
- Şahyrym, bereýin ýene bir sowal:
Dünýäde kim köpkä - erkekmi, aýal?
Şonam aýtsaň, başga sowal berjek däl.
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
- Bir dana diýipdir: "Aýal-a aýal,
Aýalyň gepine gidýänem aýal".
Emma men ol sözi gaýtalajak däl,
Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr:
Il-güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň:
Kä ärden aýallar merdräk bu gün.
Çotuň kakyp, özüň hasaplap görgün,
Başbuh bolsaň, jemin tapmak borjuňdyr.
Düzedişleri köpräk girizendigimi, goý awtor bagyşlasyn. Men ony sowallyň-da, jogaplaryň-da edebi derejesiniň deňräk bolmagy üçin şeýtmäge mejbur boldum.
Kerim GURBANNEPESOW
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.