Okyjy haty esasynda dörän sowal - jogap.

Bu hatyň nireden we kimden gelendigi belli däl. Ony maňa ýazyjylar soýuzunda goýup gidipdirler. Hatyň soňunda başbuh A. B. diýen gol bar. Megerem baş bughalter diýildigi bolsa gerek.
Hatda şeýle diýilýärdi: "... Geçen asyrlaryň şahyrlary (Magtymguly - Pyragy, Durdy şahyr, Magrupy, Oraz han we beýlekiler) biri - birleri bilen sowal - jogap aýdyşypdyrlar. Ol aýdyşyklar okyjy köpçüliginde uly hormatdan peýdalnýar... Biziň döwrümiziň şahyrlary näme üçin şeýle goşgulary ýazmaýarlarka? Olary - da döwrümiziň hajatlaryna hyzmat etdirip bolardy ahbeti... Özüme gezek geleninde, men şo zeýilli aýdyşyklar bilen çendenaşa gyzyklanýan, olaryň hemmesini ýatdan bilýän... Kitap tekjelerim goşguly kitaplardan hyryn - dykyn. Özümi bilelim bäri günüm goşgusyz geçmeýär... Özüm goşgy ýazamok. Ýazsam - da diňe özüm üçin ýazýan. Redaksiýalara azar berip ýöremok... Şu aşakdaky goşguly sowallara gaýrat edip jogap ýazmagyňyzy haýyş edýärin..."
Elbetde beýle häsiýetli goşgulary hiç haçan ýazmandygym, asla ýazjak - da bolmandygym üçinmi, bilemok - bu hat arhiwimiň içinde esli wagtlap ýatypdyr...
" Şeýle häşiýetli goşgulary - da döwrümiziň hajatlaryna hyzmat etdirip bolardy ahbeti!..." Belki hatyň awtory dogry aýdýandyr. Megerem şeýle eserler hem gerekdir. Biz käte okyjy pikirini äsgermezçilik edip, öte professionalsyraýan täzelikçisireýän bolaýmalyň.
Ýöne bir zady ýatlatmak zerur: Beýle sowal - jogaply goşgular özleriniň gülläp ösýän döwründe - de örän sanlyja boludyr. Gürrüň olary bu gün moda öwürmek barasynda däl - de, zerur halatynda döwre hyzmat etdirip bilmek, iň bolmanynda käte synap görmek babatynda barýar...
Düzedişleri köpräk girizendigimi, goý hatyň awtory bagyşlasyn. Men ony sowllaryň - da, jogaplaryň - da edebi derejesiniň deňräk bolmagy üçin şeýtmeli boldum.

- O nämedir, şo bolmasa gülki ýok?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.
O nämedir, görki bar - da, reňki ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr.

- Agzybirlik - şo bolmasa gülki ýok.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Ol mähirdir, görki bar - da, reňki ýok.
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.

- Ol kim bolar, ynsanlaryň belendi,
Belentligi, wah, gijiräk bilindi?
O nämedir, bir söz bilen bulandy?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Ol enedir, ynsanlaryň belendi.
( Belentligi ölenden soň bilindi ).
Ol ýürekdir, bir şöz bilen bulandy.
Başarşymça jogap tapmak borjumdyr.

- O nämedir, ömürbaky ölme ýok?
O nämedir, hemmesini bilme ýok?
O nämedir, dili bar- da kelle ýok?
Şahyr bolsaň , jogap tapmak borjuňdyr.

- Ol abraýdyr, ömürbaky ölme ýok.
Ol ylymdyr, hemmesini bilme ýok.
Ol serhoşdyr, dili bar- da kelle ýok.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.

- Ol kim bolar, arzuw bilen ýetiler?
Bir aý geçip - geçmän demiň tutular?
O nämedir, bir söz aýtsaň gutular?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Ol gelindir, arzuw bilen ýetiler.
Käte bir aý geçmän demiň tutular.
Ol göwündir, hoş söz aýtsaň gutular.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr

- Ol kim bolar, seň mahriňden emen zat,
Soň tomzak dek emenini gömen zat?
O nämedir, dünýäde iň ýaman zat?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Şägirt bardyr, seň mähriňden emen zat,
Soň tomzak dek, emenini gömen zat.
Ol töhmetdir, dünýäde iň ýaman zat.
Saýgarşymça jogap bermek borjumdyr.

- Ol ne haýwan, adam kimin üşükli?
Ol ne ynsan, her gün täze eşikli,
Içi bedroýdyr, daşy gelşikli?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Bedew atdyr, adam kimin üşükli.
Býurokratdyr, her gün täze "eşikli".
Içi bedroýdyr, daşy gelşikli
Synlaýşymça jogap bermek borjumdyr.

- Ol kim - ne - hä ataň, ne ejäň ogly,
Ygtyýary başga birine bagly?
Ol kimiň ogluka ýa kumiň guly?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Biweçler - ne ataň, ne ejäň ogly,
Ähli erki "saçlak" birine bagly.
Hem - ä şonuň ogly, hem şonuň guly.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.

- Ol kim bolar, içi doly garaňky,
Käte daşyna - da çykar reňki?
Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Ol göripdir, içi doly garaňky,
Käte daşyna - da çykar reňki.
Ol gyzyňdyr, hem özgäňki hem seňki.
Oýlanşymça jogap tapmak borjumdyr.

- Ol kim bolar, özi bar - da, ady ýok?
Ýöne weli sylap goýýan zady ýok.
Ol kim bolar, tüssesi bar, ody ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr.

- Anonimçiň özi bar -da, ady ýok.
Ýöne weli sylap goýjak zady ýok.
Körzehiniň tüssesi kän, ody ýok
Seljerşimçe jogap bermek borjumdyr.

- Ol ne myhman, gonup geçer bir gezek?
Onsaň gelmez çagyrsaň-da müň gezek.
Kim ol däli - oňa diňe sen gerek?
Şahyr bosaň jogap tapmak borjuňdyr.

- Ol ömürdir, gonup geçer bir gezek.
Onsaň gelmez çagyrsaň - da müň gezek
Ol aşykdyr - oňa diňe sen gerek
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.

- Ol näme, gyz üçin iň gerekli zat?
O näme, dünýäde iň görmekli zat?
O nedir, gözleri gara äýnekli zat?
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Ol uýat, gyz üçin iň gerekli zat.
Ol edep, dünýäde iň görmekli zat.
Ol aldaw - gözleri gara äýnekli zat.
Oňarşymça jogap bermek borjumdyr.

- Ol kimdir, dünýäde iň bagtly oglan?
Ol kimdir, dünýäde iň betbagt dogan?
Ol kimdir, her säher gül bolup doglan?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr.

- Gyz uýaly oglan - iň bagtly oglan.
Uýa sansyz bolsa - betbagtdyr dogan.
Tämiz gyz her säher gül bolup doglar.
Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr.

- O näme, taňryň hem dilinde sena?
O näme, kast etseň - ýumrular dünýä?
O ne iş, dünýäde iň elhenç günä?
Aşyk bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Ol Soýgi, taňryň hem dilinde sena.
Söýýäne kast etseň - ýumrular dünýä.
Söýgä böwet bolmak - iň elhenç günä.
Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr.

- Bir gyzyň yşkynda örtenip oda,
Soýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa- da?
Şoňa meňzeş gyz duşdumy dünýäde?
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.

- Murgapda duşupdym gara gözüne,
Lebapda duşupdym güler ýüzüne,
Şabatda sataşdym şirin sözüne,
Kaspide sataşdym täsin näzine,
Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna -
Emma bir göwrede tutuş özüne
Sataşmanym habar bermek borjumdyr.

- Iň soňky haýyşym, etseňiz gaýrat:
Erbet zat köpmikä ýa -da ýagşy zat?
Şu sowaly çözmek düşenok aňsat.
Şahyr bolsaň, jogap tapmak borjuňdyr.

- Sowal sizden bolsun, bizdenem gaýrat.
Köpdi, köpdür erbet zatdan ýagşy zat.
Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat!
Ynanşymça jogap bermek borjumdyr.

- Şahyrym, bereýin ýene bir sowal:
Dünýäde kim köpkä - erkekmi, aýal?
Şonam aýtsaň, başga sowal berjek däl.
Şahyr bolsaň , jogap tapmak borjuňdyr.

- Bir dana diýipdir: "Aýal - a aýal,
Aýalyň gepine gidýänem aýal".
Emma men ol sözi gaýtalajak däl,
Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr:

Il - güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň:
Kä ärden aýallar merdiräk bu gun.
Çotuň kakyp, özüň hasaplap görgün,
Başbuh bolsaň, jemin tapmak borjuňdyr.

Kerim Gurbannepesow.
1979 - 87.
3 лайков 202 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
29 авг 2022, 21:18
mbah
BTS ARMY
29 авг 2022, 21:38
bahaber bahaber bahaber
Bravo???
picasso
29 авг 2022, 22:00
Tanryyalkasyn kone natanysh