Ruhsuz goşgy. Goşguda-da bir ruh bolarmaý?
Elbetde, bolar
Şahyrlaryň dürli-dürli boluşlary ýaly, olaryň döredýän goşgularynyňam biri beýlekisine meňzemeýär. Käbirlerini gaýta-gaýta okasaňam ireňok, käbirlerini gutarmankaň ta şlaýaň. Käbirlerini bir gezek okamak bilen ýetinýäň, käbirlerini okap çykyp ýatdan çykarýaň. Bularyň ahyrkylaryna Ruhsuz goşgy diýip at goýdum. Goşga at dakar ýaly men kim bolupdyryn? Men şahyram däl, ýazyjam. Men okyjy. Şahyr diňe özi üçin ýazýan bolsa, onda ol şahyr bolmazdy, adam duýulmazdy. Okyjy hökmünde goşgynyň maňa täsir galdyranlaryna örän oňat garaýan. Goşgy ýöne bir ýazmak üçin ýazylmaýar. Hakyky şahyryň aýdyşy ýaly, Şahyr adamlary özgerdýän bolmalydyr. Her goşgy goşgy däl, her goşgy ýazýanam şahyr.
Goşgyny adam ýaşaýança ýaşadýan zat ruhdur. Ruhuňy, yhlasyňy siňdirip ýazsaň, ol goşgynyň gymmaty ýitmeýär. Hatda, ýyl geçdigiçe täzelenip durýär. Şeýle goşgynyň belli bir döwri bolmaýar, wagtyndan ir solmaýar. Terligini, öz güýjüni gorap saklaýar. Şahyryň ruhy muňa täsirini ýetirýär. Sözüň güýji güýçli bolýar. Taryha göz aýlasak hem goşgynyň nä dereje güýçlüdigine şaýatlyk ederis. Sebäbi goşgy bilen adamlara ýüzlenilende, täsiri güýçli bolupdyr. Adamlaram her hili goşgyny ýat tutanoklar. Göwünlerine jaň bolup, endam-janyny tikenekledýän goşgulary ýatlaslary gelýär her kimiň.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.