Saňa jaň edesim gelýär..

Saňa jaň edesim gelýär,
Soramak üçin halyňy.
Saňa jaň edesim gelýär,
Küýsän mahalym düýnümi.

Saňa jaň edesim gelýär,
Men ykbaldan şundan başga
Hantama däl uly zada.
Ýöne göwün göwün bolýar,
Eýerenok kanun, kada.

Günleriň şatlyk-gaýgysyn
Paýlaşyp gülesim geldi.
Ýüregiňde häzirem men
barmykam? Bilesim geldi.

Gözüňden akan ýaş bolup,
Ýaňagňa siňesim geldi.
Hem içimde näme baryn
Diňe seň bilýäniň üçin,
Saňa jaň edesim geldi.

Ogulnur ATAÝEWA

5 лайков 137 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.