Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat 2
DAG WE ÇUKUR ÝA-DA ASLA UGRADYLMAJAK HAT 2
Salam, kaka! Öñki ýazan hatym saña ýazan ýeke-täk hatym bolar diýip oýlanypdym. Emma durmuş hemem çep gursagymda zol-zol atygsap, özüniñ barlygyny bildirip duran närse muña ýol bermedi.
Ýogsa-da, şol närsä käýäp bersene, meni beýle kösemesin! Soñky wagtlarda edil birmahallar degip, şu güne çenli çykarylman ýören güllesi bar ýaly azar berýär. "Şol azar bermedik bolsa, bu hat ýazylmazdy, şoñ üçinem oña käýejek däl, hatda, minnetdarlyk bildirjek" diýýämiñ?! Aý, ýok, beý-ä diýmersiñ, meni ýatlaman ýörşüñ ýaly, seni ýatlamasam kaýyl bolup ýaşap ýören bolaýma?! Ýa ýatlaýañmy meni, kaka?
Talyplyk ýyllarymda mugallymym sorag beripdi: " Özgeleriñ serine aralaşyp pikirlerini bilmek islärmidiñiz" diýip. Şonda bir ýyllykdaşym "Ýok, adam asla muny bilmesin, sebäbi, bilse özgeleriñ özi hakyndaky ýaramaz pikirlerine ýüregi ynjar" diýipdi. Dogrusy, şol wagtlar onuñ pikri bilen ylalaşypdym. Häzir welin başgaça pikir öwürýän. Seniñ seriñe aralaşyp özüm hakdaky pikirleriñi bilesim gelýär. Şol pikirleriñ göwnümde döretjek oñaýly ýa-da oñaýsyz täsirine kaýyl men. Çünki, nämälimlik duýgusy oñaýsyzlyk duýgusyndan has ýokuş deger eken.
Edil öñki hatymda bolşy ýaly, bu hatymam ejemden ýaşyryn ýazýaryn. Onuñ bilen derdimi paýlaşmak islemezligimden däl, köñlüne ünji aralaşdyrmak islemezligimden şeýdýärin. Ejemi iñ gamlandyrýan närse meniñ gamlanmagym.
Ikinji haty ýazmagyma nämäniñ esas bolandygyny, has dogrusy şo-ol çep gursakdaky närsäniñ nä sebäpden gyzyña azar berenligini bilesiñ gelýän bolmaly. Göz öñüñe getirip gör, seniñ bilen arasy juda ýakyn, hemem juda uzak, saña şol bir wagtyñ özünde iñ gandüşer, şol bir wagtyñ özünde-de iñ nätanyş ynsan bir ýerlerde dem alyp ýör. Eýsem, senem haçandan bäri haýsydyr bir nätanyşa ýüregiñi açaýsam diýýärsiñ. Oña hat ýazarsyñ gerek? Hökman ýazarsyñ. Seniñ adyñdan beýle çürt-kesik gepleýänligimiñ sebäbi ejem daşky görnüşim, añ-üşügim bilen bir hatarda hüý-häsiýetlerimiñem saña örän çalymdaşdygyny aýdypdy. Diýmek, men nähili aýgyda gelen bolsam, senem şol aýgyda gelerdiñ.
Kaka, aýtmaklaryna görä gereginden artyk sadamyşym. Jögiligimi "duýguçyllyk" diýip, ýuwmarlaýşym ýaly, töweregimdäkileriñem akmaklygymy "sadalyk" diýip, ýuwmarlaýandygy hakda oýlanýaryn. Diýseñ-diýmeseñ, şeýle bolmaly. Ýogsa, ol pikir göwnümi beýle bimaza etmezdi ahyry.
Wiý, senden hiç kakalyk mährini görübilmänligime üns bermesizden, ýigrimi ýyllyk ataly-gyz kibi " Kaka" diýip, agyz dolduryp ýüzlenip oturanym geñ gerek?!
Näme diýsene, özümi bilen pursatymdan bäri töweregimdäki deñ-duşlarymyñ "kaka" sözüni her eşdenimde " Näme üçin meniñem şeýle ýüzlenip biljek ynsanym ýok" diýip, oýlandym. Şol oýlaram her gezek kalbymdaky çukuryñ has çuñlaşmagyna getirdi. Onsoñ, " kaka" diýip, göwnümi allasam, ol çukuram muña ynanyp çalaja kiçelmezmikä diýip pikir etdim. Belki, ynanar.
Öñki hatymdan bäri içki dünýämde hiç zat özgermedik ýalydyr. Aslynda, juda uly öwrülişikler döredi. Ýitgilerimiñ meni kämilleşdirýändigini, dag we çukur bilen edil bedenimiñ bir synasy ýaly ýaşamagy, durmuşdan hiç zada garaşmazlygy, bagty, betbagtlygy, gussany, şatlygy peşgeş hökmünde kabul etmegi öwrendim. Men häzir haýsydyr bir närselere gynanýaryn we ol gussanyñ edil şatlyk ýaly durmuşymyñ peşgeşidigine düşünýärin. Niredir bir ýerde saña gabat gelsem näme diýjekdigim hakynda oýlanmaýaryn. Hut şol pursat ýüregimde nähili duýgular bolsa, şolaram aýtmagyñ dogrudygyna düşünýärin. Ýok, ýalñyş düşünme, saña gabat gelmegi umyt etmeýärin, diñe hemişeki çaklamalar bilen meşgul gyzyñ geljek hakdaky çaklamalaryndan biri.
Öññin Döwletgeldi hemem Gülçemeni Gökderedäki çagalar bagynda geçirilýän telewideniýe ýazgysyna äkitdim. Ýolboýy, hatda, çagalar bagynda oty:rkagam, "Olar ajykýarmyka" , "Suwsaýarmyka" "Üşeýärmikä" diýip, pikirlenmekden özümi saklap bilmedim. Hatda, häli-şindi "Ony iýjekmi?" " Muny iýjekmi?" ýaly soraglarym bilen ýüreklerine düşen bolmagymam ahmal. Ine, şonda ilkinji gezek perzent jogapkärçiligini duýmaklyga şeýle ýakynlaşyp gördüm. Men bary-ýogy dört-bäş sagatlyk başdan geçirmede şeýle duýgylary duýan bolsam, ene-atalar ömürboýy perzentlerini gör, nähili alada bilen gurşaýandyrlar. Diýjek bolýanym, senem hiç bolmanda ýekeje gezek men hakda şeýle alada edip görüpmidiñ?
Hatymyñ soñunda bir zady bellemegi juda zerur hasaplaýaryn. Öñki hatymyñ tersine, bu hatymyñ ýüzüne birje gözýaş damjasy-da dammady. Aýdypdym-a, kämilleşdim diýip.
Hatymyñ dowamy bolarmy ýa bolmazmy onçasyny-ha bilemok, ýöne bu hatlaryñ saña asla ugradylmajagyny welin aýnada gören ýaly bilýärin.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.