Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat.

Salam kaka!Söýgüli ýazyjym Kerim Aş-Şaziliniñ aýdyşy ýaly "Başlamak hemişe kyn".Ejeme sensiz durmuşa başlamagyñ kyn düşüşi ýaly maña-da saña hiç haçan ugratmajak hatyma başlamak kyn düşýär.
Dogrusy,sensiz geçen ýigrimi dört ýylyñ içinde jemlenen oñat we ýaramaz duýgularymyñ,başdan geçirmelerimiñ haýsysyndan başlajagymam bilemok.
Şu ýigrimi dört ýylyñ içinde ýüregimde bir-ä çukur döredi,birem dag.Çukur - seniñ ýoklugyñ döreden ullakan boşlugyndan emele gelen çukur. Dag - her gezekki saña gürrüñ beresim gelen zatlary gürrüñ berip bilmänimde,kakasyzlygym sebäpli kemsidilenimde hiç kimsä aýdabilmedik sözlerimiñ döreden dagy.
Ýüregimdäki çukur neneñsi çuñ bolsa,dagam şonça beýik.
Haçan-da synpdaş gyzlar kakasy hakynda joşup gürrüñ berenlerinde men hiç zat gepläp bilmän synpdan çykdym.Ýüregimdäki dag bir gez ulaldy.Çukur bir gez çuñlaşdy.
Haçan-da awtobusda gyzynyñ saçyny sypap oturan ýaş kaka gözüm düşeninde gözüm doldy.Dag beýgeldi,çukur çuñlaşdy.
Bir gezek tanyş gyzym saçymyñ gysgalandygyny aýdanda men oña saçymy kesendigimi boýun aldym.Şonda ýanyndaky jigisi "Kakañ käýänokmy?"diýip sowal beripdi.Dogany jigisine bu sowaly üçin käýäpdi,ýöne eýýäm giçdi.Dag bilen çukura täsir edipdi.Şonda "Käşgä,bolsa-da käýese"diýipdim öz ýanymdan.
Haçan-da synp dergisine okuwçylaryñ ejesiniñ we kakasynyñ işleýän ýeri ýazylanda meniñ diñe ejemiñ işleýän ýeri ýazyldy.Ýene dag ulaldy,çukur çuñlaşdy.
Talyplyga kabul edilenimde men mugallymlara üç arkamda "kakasy"diýlen ýeriñ näme üçin boş durandygyny düşündirmeli boldum.Olara seniñ ýokdugyñy aýtdym.Ýa men ýalan sözledimmikäm?Sen barmydyñ kaka?...Şol günem dag bilen çukur...
Işe duranymda körpeje çagalaryny çagalar bagyndan almaga gelýän kakalara gözüm düşdi.Ýene şol bir zat...
Men bularyñ haýsysyny aýtjagymam bilemok.Belki,başyndan başlamalydyr.Men kiçijik çagakam heniz ýañy-ýañy özümi bilip başlanymda maşgalada diñe "eje"atly agza bardyr öýderdim.Bolmalysy şol diýip pikir ederdim.Eger bolmalysy şol bolsa men beýle kemsinmezdimem.Soñ ýuwaş-ýuwaşdan goñşy gyzlarynyñ agşamlary "Kakam gelýär"diýen sözlerine üns beripdim. "Kaka". Diýmek,maşgalada kaka diýibem agza bar eken.Kakañ wezipesi nämekä?Ejeler bizi iýdirýär-içirýär,oýna gyzsak "Ge-el"diýip uly sesi bilen öýe çagyrýar.Bir-iki gezek işden gelýän kakalaryñ gyzlaryna şokolad getirenini görenimden soñ düşündim.Kakañ wezipesi öýe şokolad getirmek eken.Men ýigrimi dört ýylyñ içidir seniñ getirjek şokoladyña garaşýan,kaka.Ýigrimi dört ýyla ýekeje şokolad.Geñirgenýäñmi?Geñirgenme.Meniñ ol şokoloda nähili uly mazmun ýerleşdirendigimi bir bilsediñ kaka.Ol meniñ arzuwym.
Seniñ mende döreden iñ oñaýsyz duýguñ hiç tanamaýan adamyñy küýsemek duýgusydy.Men hiç tanamaýan kişimi - seni küýsedim.Gülüşi nähili?Gepleýşi,sesiniñ tony,mimikalary nähili?Haýsy gylyklarymyz biri-birine meñzeýär?Haýsysy meñzemeýär?Biz ikimiz näme hakda gürleşerdik? Saçymy sypap gujagyñda ýatyrarmydyñ?Men kakaly-gyzyñ gatnaşygy hakda hiç zat bilmämsoñ synpdaş,kursdaş gyzlaryñ kakalary bilen başdan geçirmelerine gyzygardym.Emma hiç haçan olary arkaýyn oturyp diñläp bilmedim.Çünki "Hany senem kakañ hakda gürrüñ ber"diýäýjek ýalydylar.Dogrusy,kiçi synplarda okaýarkak diýipdilerem.Şondan soñ näçe diñläsim gelse-de,bilesigelijiligime bäs gelip,gürrüñ edilýän ýerden daşlaşmak bilen bolýardym.Sen meniñ şol gürrüñleri diñlemek hukugymam elimden alypdyñ.
Maña ýadygärlik goýan ýaramaz duýgularyñ birem ynamsyzlykdy.Maña söýgisini bildiren hiç bir ýigde ynanyp bilmedim.Näme üçin diýýäñmi?Heýem,kakasynyñ söýmedik gyzyny keseki ýigit söýermi?! Olar añyrda dursun,men özümem söýüp bilmedim-ä kaka."Sen gowy gyz bolsañ,kakañ seni terk etmezdi"diýdim özüme.Diýmek,bu ýigitlerem seni ir-u-giç terk etjekdir.
Onsoñ nädendirin öýdýäñ?Hyýalymda birkemsiz ýigit döretdim.Owadan,akylly,edepli,agras ýöne bir tarapdanam alçak,duýguçyl,gaýratly.Öz ýanymdan şoña aşyk boldum.Onuñ waspyny etdim.
Çagakam ejem bilen oýnaýan gyzyklyja oýnumyz bardy.Ol-a daşda gollaryny giñ açyp durardy.Menem ylgap gelip,gujagyna dolardym we şu sözleri gaýtalardym:"Ejemem sen,kakamam sen".Oýnuñ sözlerini şol wagt aýdanymda ünsem bermändirin.Emma häzir men ol sözi aýdyp bilemok. Ol meñ üçin gadagan edilen söz ýaly.
Çagalymdaky ýatlamalarymda köplenç töwirde ejemiñ "Kakam gelsin diý"diýip berýän duýduryşlaryndan soñ her töwirimde "Kakam gelsin"diýip dileg etmek endigim döredi.Ýöne men indi ony edemok.Ulalanymdan soñ mümkin däle ynanmagymy bes etdim.
Käte baýramçylyk bellemegi halamaýandygymy aýdanymda tanyşlarym geñ görýär.Menem olara baýramçylyklaryñ uly maşgala bilen gyzyklydygyny,gol doly maşgalasy bolan ynsan üçin her günüñ baýramdygyny düşündirmeli bolýaryn.Gör,sen meniñ baýramçylyklara bolan höwesimem elimden alypsyñ.Has dogrusy,hiç haçan bermänsiñ.
Talypkak bir çykyşda talyp gyzlaryñ biri ejesiz gyzyñ monologyny ýerine ýetiripdi.Şonda "Çep tarapym agyrýar" diýipdi.Men kän pikir etdim,kaka.Meniñ çep tarapym agyrdymyka?Belki,ilkibaşlarda agyrandyram.Ýöne psihologiýa sapagymyzda öwrenen uýgunlaşma prosesime laýyklykda,men indi ol agyra uýgunlaşan bolmaly.Men çep tarapymyñ agyrýanlygyny duýamok.Diñe dag bilen çukur.Olar şol durşuna duranok.Dag agyr düşýär,çukur ýokuş degýär.
Bilýäñmi näme,"Men seni ýigrenýärin"diýip bilemok.Çünki,tanamaýan adamymyzy hatda ýigrenibem bilmeris.Durmuşymyza asla girmedik ynsana garşy hiç bir duýgumyz bolup bilmez.Käte ýanyña baryp,içimdäki ähli duýgulary dökesim gelýär.Emma men kesekilerden çekinýärin.Seniñ ýaly kesekiñ ýanynda men neneñ duýgularymy dökeýin?!Ynsan diñe ýakyn adamlary bilen duýgularyny paýlaşyp biler ahyry.
Dogrusy,saña nebsim agyrýar.Maşgalasyz,perzentsiz geçen ömri senem diläp alan dälsiñ.Ýöne elimden gelýän zat ýok.
Bir söz bar:"Kän gülýän adamlar içindäki gaýgyny gizlejek bolup şeýdýändirler".Gyzyñ ýeriñ ýarygyna-da gülýär, kaka! Onuñ gülkileri ýersiz,gaýgysyny gizlejek bolýany äşgär.Barybir ol muny başaranok.
Diñe bulam däl,ol jögi hem.Bir gynançly filmiñ ýekeje epizodyna tomaşa etmek oña ýeterlik.Gözjagazlaryny ajy suwdan dolduryp oturandyr.Kän gepläýdimmi?Ýeri bolýa-la,saña tanamaýan adamyñ hakynda gürrüñ berjek bolup oturmak nämä gerek?
Nesibämde bolsa, bir gün durmuş guraryn,bir gün perzentlerim bolar.Men bagtly bolaryn.Şol bagtly günleriñ hiç birinde men doly bagtly bolup bilmerin.Edil talyp bolanymda,uçurym bolanymda,işe başlanymda bolup bilmeýşim ýaly.Hemişe ýarym bagtly bolaryn.Çünki,özümi dünýäniñ iñ bagtly ynsany yglan etjek bolup durkam,ýoklugyñ ýadyma düşer.Mundan öñ düşüşi ýaly.Diýmek,sen menden doly bagtly bolmak hukugynam alypsyñ.
Ejem "Adam öljek bolanda,närazy eden adamlaryny çagyryp,olaryñ razylygyny alýarmyş.Kakañ senem bir gün razylyga çagyrar"diýýär.Men muña ynanamok.Sen meni çagyraýanyñda-da men saña "Razy"diýip jogap berip bilermikäm?Bererin-läý.Sen ony hiç tanamasañam,gyzyñ ýuka ýürekdir, kaka!
Kän gepledim.Saña hiç haçan ugratmajak bu hatymy ýazmaga kän wagtymy sarp etdim.Eger haçan-da hem bolsa bir wagt bu hat eliñe düşäýse,ony okanyñda azajygam bolsa duýgulanmagyñy isleýän.Elbetde,sende ýürek diýlen şol syna bar bolsa.Çünki,gyzyñ bu hatyñ her setir,her jümlesini ajy gözýaşlaryna eze-eze ýazdy,kaka!...

@Belki
6 лайков 324 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
15 фев 2022, 21:45
aglaya menina kakam yigrenya ,yone men soyyan ony,sagbol yetirenine
Bagul_Atayeva
15 фев 2022, 21:47
kalp doctory,
Edil menem şeýle
Kalp doctory
15 фев 2022, 21:48
aha daje yuznede seretmeya.men bolsa...zarda mahre ay bolila erte dertleshers jandaBagul_Atayeva,
Bagul_Atayeva
15 фев 2022, 21:49
kalp doctory,
Bolýa
Ejegyz.
15 фев 2022, 22:03
Haçan-da synpdaş gyzlar kakasy hakynda joşup gürrüñ berenlerinde men hiç zat gepläp bilmän synpdan çykdym.Ýüregimdäki dag bir gez ulaldy.Çukur bir gez çuñlaşdy.
Haçan-da awtobusda gyzynyñ saçyny sypap oturan ýaş kaka gözüm düşeninde gözüm doldy.Dag beýgeldi,çukur çuñlaşdy.
Bir gezek tanyş gyzym saçymyñ gysgalandygyny aýdanda men oña saçymy kesendigimi boýun aldym.Şonda ýanyndaky jigisi "Kakañ käýänokmy?"diýip sowal beripdi.Dogany jigisine bu sowaly üçin käýäpdi,ýöne eýýäm giçdi.Dag bilen çukura täsir edipdi.Şonda "Käşgä,bolsa-da käýese"diýipdim öz ýanymdan.
Haçan-da synp dergisine okuwçylaryñ ejesiniñ we kakasynyñ işleýän ýeri ýazylanda meniñ diñe ejemiñ işleýän ýeri ýazyldy.Ýene dag ulaldy,çukur çuñlaşdy.
Talyplyga kabul edilenimde men mugallymlara üç arkamda "kakasy"diýlen ýeriñ näme üçin boş durandygyny düşündirmeli boldum.Olara seniñ ýokdugyñy aýtdym.Ýa men ýalan sözledimmikäm?Sen barmydyñ kaka?...Şol günem dag bilen çukur...
Işe duranymda körpeje çagalaryny çagalar bagyndan almaga gelýän kakalara gözüm düşdi.Ýene şol bir zat...



Käte baýramçylyk bellemegi halamaýandygymy aýdanymda tanyşlarym geñ görýär.Menem olara baýramçylyklaryñ uly maşgala bilen gyzyklydygyny,gol doly maşgalasy bolan ynsan üçin her günüñ baýramdygyny düşündirmeli bolýaryn.Gör,sen meniñ baýramçylyklara bolan höwesimem elimden alypsyñ.Has dogrusy,hiç haçan bermänsiñ



Belki, edil meni ýazypsyň aglaya
Ejegyz.
15 фев 2022, 22:03
Hatda doglan gününi bilmeýärin be aglaya
Ejegyz.
15 фев 2022, 22:04
Uzak ýaşaň belki, bütin duýgularymy ýazypsyňyz aglap - aglap okadym aglaya
Ejegyz.
15 фев 2022, 22:07
Näçe gezek garaşdym aglaya Çaga wagtym soraýardylar "Seň kakaň nirde " diýip, agzymy açýançam joralarym "heý dälimi sen , oň kakasy ýok..."
(Çagada olaram nätjek ) aglaya
nejisje
15 фев 2022, 22:07
Ejegyz,
Gaty gynanyan sebabi yagdayyña dushunyan
nejisje
15 фев 2022, 22:11
Ejegyz,
Gaharym gelyarai eje kaka nm etse...Günasi caga ýokýarai hayranai...Çagañ name gunasi ba...Opsy aytya sana niyetlap dal
nejisje
15 фев 2022, 22:13
Ejegyz,
Dertlesip iciñi aytmana ynanyan dost tap...Ayt polny icini shonda azajygam bolso ýeñlãrsiñ
Belki
Автор 15 фев 2022, 22:18
Ejegyz,seniñem ýagdaýyñ edil şeýlemi?
Ejegyz.
15 фев 2022, 22:20
Belki,
Hawa edil şeýle
Ejegyz.
15 фев 2022, 22:20
nejisje,
Sagboluň
Belki
Автор 15 фев 2022, 22:24
Ejegyz,KYN !...
Men we çagalyk tramwalarym...
Allajan,durmuşyndaky iñ eziz iki ynsanyñ ýoklugyny hiç kime görkezmesin.Şol dert duşmanyma-da berilmesin!
Ejegyz.
15 фев 2022, 22:30
Belki,
Ämin
Belki
Автор 15 фев 2022, 22:36
Ejegyz,poçtaña göz aýlaweri arasynda.
Leyli Amanowa
15 фев 2022, 22:46
Uruşyň popkorn
Belki
Автор 15 фев 2022, 22:51
Gözellik,gije zat iýme.Semrärsiñ.Semremäñde-de iýmit siñdirişiñe gowy däl :)))
Leyli Amanowa
15 фев 2022, 22:52
Belki,
semremek arzuwym ? Aşgazanym "yuzsuz" meň
Ötegçi
16 фев 2022, 00:27
Aý bu iks isk agza seni tanaýamy şahyrsumak diyer yaly Belki hanym
Ötegçi
16 фев 2022, 00:28
Birhili tanap yazyan yaly yazypdyr welin
My life
16 фев 2022, 10:54
Okap gynandym. Nahilem bolsa cekmeli bolyada natjek. Kyn, yone herkiminem yureginde kemelip duran yeri bardyr. Durmushyn ajysam ba suyjusem.
Allajan yuregiñe ginlik bersin.