"Mesge" Hekaýa

"Mesge" Hekaýa
Ýurtda ýaňy “Üýtgedip gurmak” diýen hereketiň başlanan ýyllarydy. Ömür halka satmaly harydyň esasy bölegini özi iýip ýören satyjylar “Üýtgedip gurmaga” “üýtgedip iýmek” diýip düşündiler. Öňler harytlar birneme kemräk çekilip satylan bolsa, satyjylaryň dili bilen aýdanyňda, “üýtgedip iýmek” başlandan soň dükanlaryň ýagdaýy ömür-ömür görülmedik derejede üýtgedi.
Ine, şeýle günleriň birinde adamym bilen işden çykyp, dükanma-dükan syryp gaýtdyk. “Heý, bir zatjagaz düşmedimikä?” diýip, dükanlara umyt bilen aýlandyk. “Hudaý” diýene Hudaý ýetirer” diýleni boldy. Umydymyz puja çykyp, iň soňunda öýümize äkidýänje awtobus duralgasyna gelipdik. Adamym duralganyň ýanyndaky azyk dükanyna seredip, uludan dem aldy:
—Şuňa-da girip göräýeli?
Men gaharymy adamymdan çykaraýjak boldum:
—Gireňde näme! Ýa ataň dogany işleýämişmi bu ýerde!
Adamym görgüli sesini çykarman, dükana sümüldi. Menem ýadaw göwrämi süýräp, onuň yzyna düşdüm. Ine, birdenem!..
Näme bolandyr öýdýärsiňiz?!
Bagtyň açyljak bolsa, her hili sebäp tapyljak eken. Ýaşy altmyşa golaýlan, çokga sakgal ýaşuly satyjy adamyma gözüni dikdi-de, gaşlaryny gerdi. Ol nämedir bir zada gaty geň galdy.
—Eh-e, gör-le muny, ýer ýüzünde bolsaň, sen meniň dostum Myradyň oglusyň!—diýip, ol adamyma gep oklady-da, sesini barha beýgeltdi.—Eddil özi-dä! Myrat pahyram ýaşka tüýs sendi-dä! Ýigit ýeteniňi görmän gitdi-dä, pahyr!
Şatlykdan ýaňa tas ýüregimiz iki bölünipdi. Ýaşuly satyjy bilen elleşip görşüp durşuna adamymyň erinleri gulaklaryna ýetäýjek boldy.
Neneň begenmejek! Dükanlaryň töründe satyjy tanşyň bolup çykar-da, heý, begenmän bormy!
—Hawa, men Myradyň ogly—diýip, adamym ýyrşaryp durşuna, ýaşuly satyja jogap berdi.
Biziň satyjy bilen ýylgyryşyp, aman-esenlik soraşýanymyza aýaklaryndan daş asylan dek bolup, zordan mytdyldaşyp, daşaryk ýönelýän alyjylaryň gözleri gidýärdi. Bize seredişe-seredişe, olaryň boýunlary burlup, gözleri ýeňsesine süýşüp gidýärdi. Bize indi hökman nämedir bir zadyň beriljekdigini olar aňýardylar.
Ýaşuly satyjy gaýynatam pahyry ýatlap, esli gürrüň etdi.
—Onuň bilen ýollarda aýakýalaňaç gaty köp ylgaşandyrys!—diýip, soň ol uludan dem aldy.—Mekir raýon diýdiler, ýene bir zat diýdiler-de, görsene, goňşyny goňşudan, dosty dostdan aýyrdylar goýaýdylar.—Ol ýene adamymy boýdan-başa synlady.—Sen dagy düýnüň özünde-de dyrnak ýalydyň, eýýäm epeý ýigit bolaýypsyň, tüweleme!
Satyjy tanşymyz gepläp-gepläp keýpden çykansoň, biziň höwes edip duran sowalymyzy berdi:
—Nämejik gözleýäňiz?
Adamym ajy ýylgyrdy:—Çagalar iýer ýaly zat bolsa bolýa. Etjagaz bolsa-ha, has gowy. Ýogsa-da mesgejik bolsa-da...
Ýaşuly satyjy ýylgyrmak üçin ýazylan erinlerini ýygnaman durşuna, ak sepip ugran gaşlaryny çalaja çytyp goýberdi:
—Etjagaz dileme şumat. Bu günler dükanymyza gelmeli et ýoluny üýtgedendir. Ol göni dükan müdiriniň öýüne düşýä. Aý, tüweleme, bi, müdiriňem çagasam kän, dogan-garyndaşam. Eger-eger ýekeje dogramça-da artanok olardan. Et maşyny sürýän ýigit dagy bu günler dükana gelýän ýolam unudandyr... Mesgejik diýseň, bereýin...
Näçe wagt bäri mesge-de tapman ýöremizsoň, adamym begenjinden ganat baglap uçaýjak boldy:
—Wah, bize mesge-de bolýa-la...
Dükanda tanşyň işlese, lezzeti aýry bolýan eken. Ýaşuly satyjy dükanyň içki jaýyna sümüp gitdi-de, kagyza dolap-dolap, bize mesge getirip berdi.
—Laýyjak bir kilo—diýip, ol mesgäni terezä goýansoň, dodaklaryny müňküldedip seslendi. Barmaklaryndaky mesge ýokundysyny şapbyldadyp ýalaşdyrdy. Onuň bu bolşuna agzyň suwaryp gidýärdi.
Töwerekde duran alyjylar bize gözügidijilik bilen seredişýärdi. Adamym bolsa ýaşuly satyjynyň elindäki daşy dolangy mesgäni gözleri bilen iýäýjek bolýardy.
Mesge özümize uzadylandan, oňa iki bolup topuldyk. Derrewem adamymyň elindäki boş torba atdyk.
—Mesgäňizi alan bolsaňyz, indi täzeden tanşaýalyň—diýip, ýaşuly satyjy bu gezek adamyma elini uzatman gepledi.—Maňa-ha Aşyr aga diýýäler. Siz özümiziňki bolaňyzsoň, Aşşy kaka diýseňizem bor.
—Maňa Maksat, gelnime-de Oguljan diýýäler—diýip, adamym hem öz gezeginde tanyşlyk berdi. Iş ýerlerimizi aýdyşdyrdy.
—Işiňiz komandirowkalyjamy?—diýip, Aşşy kakamyz ýyrş-ýyrş etdi.
—Hawa, komandirowka-da gitmeli bolýas—diýip, adamym jogap berdi.
—Onda, oglum, Makga jan—Şeý diýip, Aşşy kakamyz adamyma bakyp, ýene ýylgyrdy.—Men-ä seň adyňy şeý diýip tutaýjak. Türkmen gowy görýäniniň adyny şeýdip, gysgaldyp, süýjedip tutýandyr. Gelip-duruň gerek-ýaragyňyz çykanda.
Biz nire, dükanyň satyjysyndan beýle sözleri eşidip görmek nire! Begenjimizden ýüregimiz böküp, synamyzy sarsdyrýardy.
—Bolýa, Aşşy kaka, hökman geleris, hökman—diýip, adamym yzly-yzyna gaýtalady.—Taňryýalkasyn mesgäňize-de!
—Ertirden men dynç alşa çykýandyryn!—diýip, Aşşy kakamyz ýene ýylgyrdy.—Biz on bäş gün işleýäs, on bäş günem dynç alýas. Ýene on bäş günden gelseňiz, men şu ýerde dikilgazyk bolaryn. Size-de şoňa çenli şu mesge ýeter. Alla ýol berse, bir nesipli gün gelip, dükan müdiriniň çagalarydyr dogan-garyndaşlary-da etden doýup başlarlar. Ine, şonda men size hökman etjagazam bererin!
Biz ýagşy-ýagşy dilegler edip, yzly-yzyna minnetdarlyk bildirip, Aşşy kakamyz bilen hoşlaşyp gaýtdyk. Dünýede beýle adamlaryň-da bardygyna oturyp-oturyp haýranlar galdyk. Tä öýe gelýänçäk, adamym bilen Aşşy kaka alkyş baryny aýdyp geldik.
Şol gije çagalaryň-da, biziň-de ýadymyzdan çykar ýaly bolmady. Mesge iýip, baý, hezil etdig-ä!
Mesge iýen gijämiziň ertesi ýaňyja işden gelip, nahar-şamyň ugruna çykjak bolup ýörkäk, köçeden uluja oglum Edep jan ylgap geldi.Çaga gaty ylgandygy sebäpli, has-haslap uludan dem alýardy.
—Eje, kaka, derwezämiziň ýanynda bir adam bar, sakgalam bar, tigrem, özem sizi soraýa.
Adamym ikimiz iki ýerden derwezä tarap atyldyk. Asyl, görüp otursak, gelen ýat adam däl eken. Aşşy kakamyz eken.
—Mesgäňiz süýji ekenmi?—diýip, Aşşy kakamyz tigrine ýaplanyp durşuna, salam-helikden öňürti öz ýagşylygyny ýatlady.—Menem işi tabşyryp, hasap-hesipden dynyp, öýe geçip barýadym. Köne dostum Myradyň ýaşanja ýerlerini görüp geçäýeýin diýdim-de, sowlaýdym size.
—Oňaraýypsyň, Aşşy kaka. Gel, geç, çaý-suw içeli—diýşip, adamym ikimiz iki ýerden oňa mürähet etdik.—Häzir naharymyzam bişer. Etsizem bolsa, naharymyz gaty tagamly bolýandyr biziň.
Mürähede mähetdel, Aşşy kakamyz öýe sümüldi. Ol tigrini jaýa söýäp, gapydaky agaç sekä özüni atansoň, saglyk-amanlyk soraşdy:
—Sag-gurgun oturanmysyňyz, Makga jan? Ojan gelnim, senem gurgunmy?
Ol meniň adymy-da gysgaldyp, özi aýtmyşlaýyn, süýjedip tutdy.
Gapyňda ýaşulyň ýokka, şeýdip, ýaşuly adam gelip, hossar bolsa, onuň mähri aýry bolar eken. Adamym Maksat, hamala, kakasy direlip gelen ýaly , begenip, bir ýerde durup bilenokdy. Ol ylgaşlap, içerden bir ýassyk çykarýardy, birdenem çäýnek-käse. Menem haýdap naharymy tizledim. Aşşy kakamyza iki bolup hyzmat etdik. Eýsem näme, zadyň gyt wagty müdiriniň hem-de satyjylaryň özara paýlaşyp iýmek üçin bukup goýan mesgelerinden bir kilo mesgäni beren adama, heýem, hyzmat etmezmiň! Bu az-küş zat däl ahyry!
Aşşy kakamyz biziň bilen oturyp, çaý içdi, nahar iýdi. Çagajyklarymyzyň başyny sypalap, olara süýji-süýji sözler aýtdy. Garaz, gijäniň birmahalyna çenli gümür-ýamyr edişip otyrdy.
Ol turjak mahaly näme niýet bilen gelenini syzdyrdy:
—Siz “Işimiz komandirowkalyja” diýipmidiňiz, Makja jan, Ojan?
Biz “Hawa” diýşip, baş atdyk.
—Be... Beýle bolsa-ha, siz tüýs maňa gerek adamlar ekeniňiz—diýip, Aşşy kakamyz öz ýanyndan nämedir bir zatdan utanjyrap, ýer dyrmalady.
Biz hiç zada düşünmän, gözlerimizi elek-çelek edişip, biri-birimize seredişdik.
Aşşy kakamyz utanjyrap oturyşyna, ýagdaýy düşündirdi:
—Neme-dä, Makga jan, Ojan, balalam. Görüp otursak, biz ýat adamlaram däl ekenik. Soraşdyk-ideşdik-de, garyndaş bolup çykaýdyk. Garyndaşlaram, näme, birek-birege hemaýat etmeli-dä!
—Weý, Aşşy kaka, aýdyp otur, bizden näme kömek gerek bolsa. Heý, bizem saňa hemaýat etmerismi?!—diýip, adamym ony öz ugruna sürdi.
—Haý, berekella!—diýip, Aşşy kakamyz adamymyň jogabyndan razy bolup, keýpikök seslendi.—Hossar diýeniň şeýle bolaýsa. Mende-de bardy bir topar ýal ýagysy. Gyzlarym-a çykdy gitdi. Oglanlaram öýlenip, aýallaryny ýanlaryna aldylar-da, gitdiler öýlerini aýran bolup. Setanda-seýranda meni görmek üçin gelselerem: “Gadym zamanlar garran adamlary dagdan zyňyp, dogry edýän ekenler. Senem şol zyňylmaly garrylaryň biri” diýşip, gohlaşyp gidýäler. Biz-ä bilmedik şolaryň nämeden nägilediginem... Ine, indem ýaşymyň soňunda köşk ýaly jaýda bir özüm gygaryp galaýdym...
Dogrusyny aýtsak, Aşşy kakamyzyň düşen gününe ýüregimiz awady.
—Bäý-bä... Seň ogullaryň-a beýdip oňarman ekenler—diýip, adamym başyny ýaýkady.
—Hawa, oňarmadylar.—Şeý diýip, Aşşy kakamyz uludan dem aldy.—Adam üçin ýekelikden erbet kesel ýok eken. Giden howlynyň içinde bir özüň içiňi hümledip oturmak, dogrusy, aňsadam däl...
Aşşy kakamyzyň düşen gününe gynanyp, biz dymşyp oturdyk. Oňa näme jogap berjegimizi bilmedik.
—Indem, balalam, Makga jan, Ojan jan, menem ýanyma bir hümürdijik tapynaýsam diýýän...—diýip, Aşşy kakamyz söze başlady.—Bir ýerde bir başy boş maşgala baryny eşitseňiz... aýdaýyň sizem...
Ýaşy birçene baryp, çaga ýaly boýnuny burup oturan Aşşy kakamyza ýüregimiz awaman durmady.
—Bor, bor, Aşşy kaka. Bir ýerde başy boş maşgalanyň baryny eşitsek, hökman aýdarys size, hökman—diýip, adamym Aşşy kakamyza duýgudaşlyk bildirdi.—Başy boş maşgala kändir-le.
Adamymyň sözlerine Aşşy kakamyz begenjinden dylym-dylym etdi. Erinleri gulaklaryna ýetäýjek boldy.
—Taňryýalkasyn, inim, taňryýalkasyn—diýip, ol adamyma ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi-de, biz bilen hoşlaşyp gitdi.
Şol günüň ertesi, agşamlyk, ýaňy işden gelen çagymyz oglum Edep jan ylgap geldi-de:
—Eje, kaka, hana, ýene Aşşy kaka diýýäniňiz geldi. Derwezäniň ýanynda dur—diýip habar berdi.
Adamym ony garşylamaga ugrady.
—Salawmaleýkim, giriberiň-ä—diýip, adamym gapyny açyp-açmanka, Aşşy kaka ýüzlendi.
—Girerin-girerin—diýip, Aşşy kakamyz ýyrşaryp durşuna jogap gaýtardy. Soňam tigrini idip, howla girdi. Tigrini bir çetde goýandanam, gepi öz aladasyna syrykdyrdy.
—Nätdiňiz, heý, ugruna çykan zadyňyz boldumy?
Men onuň gepiniň düýnki “başy boş maşgala” hakdadygyny duýdum.
—Wiý, Aşşy kakamyzy—diýip, uýaljyrap gepledim.—Siz habary düýn aýtdyňyz ahyry. Biz-ä entek nirede size ýarar ýaly maşgalanyň bary hakda pikirem edip ýetişmändiris.
Aşşy kakamyz gözlerini elek-çelek etdi:
—Weý, bir gije-gündizläbem bir men hakda pikir etmän gezmek bormy! Beýtmäň ahyry!
Adamym ikimiz ýaman işiň üstünde tutulan dek, başymyzy müýnli aşak saldyk.
—Gaýrat ediň, meň beren mesgäm bilen çaý içiň-de, mazalyja oýlanyň bakaly, heý, ýadyňyza düşmezmikä nirede başy boş zenanyň bary—diýip, Aşşy kakamyz bize beren mesgesini ýatladyp goýberdi.
Biz juda oňaýsyz ýagdaýda galdyk. Aşşy kakamyz ýene igenäýmesin diýip, oňa ylgaşlap hyzmat etdik. Aşşy kakamyz biziň bilen çaý-suw içip, nahar iýensoň gitdi.
Ol ertesi ýene geldi.
Biz oňa başy boş maşgalanyň gözlegine çykmadygam bolsak, iýen mesgämizi ýatlatmazlygy üçin, onuň: “Ugruna çykdyňyzmy?” diýen sowalyna “Çykdyk” diýip jogap berdik.
Ol, barybir, bize mesgäni ýatladyp gitdi:
—Tapjak maşgalaňyz mesge ýaly ýakymly bolawersin!
Biz: “Bolýa” diýip galdyk.
Aşşy kakamyz soňkusy gün ýene geldi.
—Esasy zady aýtmagy unudypdyryn—diýip, ol tigrini jaýa söýäp durşuna gepledi.—Gözlejek maşgalaňyz çagasyz bolawersin. Men onuň yzyna tirkäp geljek çagasyna seredip bilmen! Öz çagalamdanam bizar bolup, zordan öýden kowdum olary.
Biz: “Bolýa” diýip galdyk.
Aşşy kakamyz ondan soňky günem geldi.
—Nädýä? Mesgäňiz hezil berýämi?—diýip, ol derwezäniň ýanyndan gygyryp, halymyzy sorady. Soňam:—Neme, ötüki, maňa äberjek maşgalaňyz aslynda önelgesiz, hiç wagt çaga dogurmajak aýal bolsun-la. Geçen agşam telewizorda bir ýaşulyny görkezdiler, öz-ä ýüz ýigrimi ýaşynda. Öýlenipdir welin, bir oguljygy bolaýypdyr. Menem özümi şol ýaşulynyň hilindenmikäm diýip durun... Bi ýaşdan soň kiçijik çagaly bolmak maňa aňsat düşmez-le!
Biz: “Bolýa” diýip galdyk.
Aşşy kakamyz ýene geldi. Ol:
—Aý, şol maňa aljak maşgalaňyz ýerden ýeke çykan ýetim bolsun-la—diýdi.—Kowum-garyndaşly bolmasyn. Ýogsa onuň garyndaşlary myhmançylyk diýip, ýöne dökülişer durar. Men, şü, myhman diýen zada bolamok-da. Gelinlerimem öýden garyndaşlarynyň kän gelýäni üçin kowdum. Maňa aljak maşgalaňyzyň ejesi bilen aýal dogany-ha asla-da bolmasyn. Olar bir gelse, gitmäni bilmez!
Biz: “Bolýa” diýip galdyk.
Aşşy kakamyz ýene geldi. Ol howla girip-girmänkä, biziň öwgimizi ýetirdi:
—Tüweleme, mesge iýeliňiz bäri, ýüz-gözüňiz-ä täzelenipdir. Hany, nädýäňiz, meň üçin maşgala tapaňkyrlaýaňyzmy?
Dogrusy, biziň bu adam üçin maşgala gözleme niýetimiz ýokdy. Ýöne gözlemesegem, indi onuň bizi günümize goýmajagy görnüp durdy. Şeýle-de bolsa, öň beýle işiň gyrasynda görnüp görmänimizsoň, näme etjegimiz bilemzokdyk. Aşşy kakamyza welin sorag-ideg edip ugrandygymyz hakda günüň-güni ýalan sözläp goýberýärdik.
Aşşy kakamyz bolsa günde gelýärdi. Ondan alan mesgämiz bir mahal gutaranam bolsa, ol her gün biziň mesge iýenimiz üçin ýüzümiziň gowulanandygyny gapydan girip-girmänkä belleýärdi.

Dowamyy bar
2 лайков 157 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
15 фев 2022, 23:35
Nirden iyaypdirsday dpdirlerda
S❤
15 фев 2022, 23:35
Like oran gyzykly.
Awtory kimka
S❤
15 фев 2022, 23:36
Ceperciligem guycli eken
Sapar
15 фев 2022, 23:55
Garry bet yalyla.