Öwezini dolup bolmajak küýsegim
Salam, Kaka! Ýatyrmyň gara ýere garylyp? Bagyşla meni, kaka, seniň ýanyňa gatnamamy azaldanym üçin.
Topragyň astynda seniň ýatanyň üçin ädimlerimi gatyrak basmakdan hem çekinýän, kaka! Göwnüme sen menden ynjaýjak ýaly bolup duýulýar. Käşge, käşge men seni ynjytman bilen bolsadym. Arman...
Ýadadym, kaka! Maňa bir zatlar-a bolýar, özüme özüm düşünip bilemok, düşünesimem gelenok! Içimi gemirip barýan gussa bar kalbymda. Meni ýaşadýanam şol gussa ýaly...
Aýtsana, kaka, maňa sadalygy berip özüň nirä gitdiň? Maňa sensiz sadalygy saklamak şeýle bir kyn düşýär! Soňky wagtlar düýşüme gelmäňi-de bes etdiň. Bul-a bolmaýar,kaka! Meniň seni göresim gelýär ahyr! Ýa-da ykbal seni düýşümde görmek peşgeşinem maňa köp görýärmikä?! Onam bilmedim! Ýöne uzak gün senli pursatlar aklyma geldi-durdy, esasanam maňa alyp beren ilkinji aýyjygyň göz öňümden gidenok. Ýok, ýok, men senli günleri, senli pursatlary hiç haçan unudamok, kaka, unutmarynam! Ýöne bärde durmuş meni özüniň adalatsyz oýunlary bilen birazajyk başagaý edýär. Hemem seniň beren öwütleriň manysyna indi-indi düşünýän, kaka! Arman, sensiz düşünýän! Emma näme bolsa-da men özlügimden nalamok. Özlügimden nalasam ejem ikiňiziň maňa beren terbiýäňizi hak etmedigim bolar. Ýüregimem, düşünjämem oňa rugsat bermez! Hemem, kaka, sen gaýgy etme, her näme bolsa-da seniň ynamyňy ödejek, seni buýsandyrjak bir ynsan boljagyma söz berýän. Bolýar, kaka, ejem çagyrýar, ýeneki gezek gelýänçäm hoş! SENI SÖÝÝÄN KAKA!
11.09.2023
#garlawaç.

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.