Kaka! Kaka, men ölmekden gorkýaryn!

Kaka!
Kaka, men ölmekden gorkýaryn!
Entek mähirinem ödämok,
Ýüregini gabartmaýyn ejemiñ!
Kaka!
Kaka, men ölmekden gorkýaryn!
Men ýaş!
Ýaşamakdan ýadamok!
Bir alajy tapylmazmy ajalyñ?!

Kebelek deý perwaz urup daşymda
Per bermedi, surnukdyrdy keselim.
Ýañy, gadam basan juwan ýaşymda,
Nokat berip, soñlanarmy eserim!

Kaka!
Kaka, men ölmekden gorkýaryn,
Arzuwlarym kök urjakdy gögerip.
Meniñ bilen bile guma garylsa,
Çykjak bolup, rahat bemez gygyryp!

Kaka!
Kaka, ne sebäpden alaç ýok!
Başym sypap, zol bagryña basýarsyñ!
Halas edip bilsen meni halas et!
Kaka,
Kaka men ölmekden gorkýaryn!

© Remezan Mämetgurbanow
2 лайков 71 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.