Kakama!

Kakama !

"Kaka uly bolmak aňsat däl eken "
(Kerim Hallyýew)

Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken
Dünýe jennet eken kakaň bolanda
"Kaka" diýlen uly sözüň manysyn
Has duýýan ekeniň kakaň ölende

Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken
Gör juda kyn eken kakalaň borjy
Haýyşym kakanyň göwnüne degmäň
Gitdi...
Ony yza gaýtaryp bormy?

Ine menem kaka
Durmuş tüm ýaly
Kakanyň gadyry bolmaýan eken
Indi menem kaka bolsam sen ýaly
Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken

Gerçeknazar Amannazarow

(30.01.2023)
1 лайков 383 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gülüm?
04 фев 2023, 19:22
Kakamjan seni hemme zatdan beter soyyan. Govnune degenim ucin bagyshla meni??
Nurmuhammet
04 фев 2023, 19:37
Gowy gosgy sagbol yetirenne
kesirkelle
04 фев 2023, 19:40
Yzy ýarasyn
Gerceknazar
Автор 04 фев 2023, 20:17
kesirkelle
Yzy ýarasyn

Meňä kakam ýogalonok
kesirkelle
04 фев 2023, 20:30
Onda bu goşgy näme?
Belki
04 фев 2023, 20:49
Goşgy super. Sebäbi Kerim Hally ýaly beýik şahyryñ setirlerine salgylanyp ýazylypdyr. Diñe şonuñ üçinem erbet diýip bolmaz bu goşga.
kesirkelle
04 фев 2023, 20:54
Aý, siz diýseñiz dogrydyr @Belki hanym! :) Aslynda Kerimhallyçalan bolsa, şol efigrafam gerekgäl. Gorkmak gerekgäli, Kerimhallyñ ogurlaýşy ýaljak edäýmeli. Ýa da "adamsyñ, adamsyñ dossum" dp birini "ýazypdyr" şoñ ýaly.
Perman Izakow
04 фев 2023, 21:24
Goşgy diýen zat bir başdan geçirme höwes arzuw etmek ýatlamak taryplamak görnişde ýazylsa ýürekden çykan Goşgy diýip bolar.Siziň bu goşgyňyza hiçsinede laýyklykda däl.
Goşgyň adam ogurluk.
Perman Izakow
04 фев 2023, 21:25
Halamadym Halypam.
Perman Izakow
04 фев 2023, 21:27
Ine menem kaka
Durmuş tüm ýaly

diýipsiňiz sözleriňizde kaka bolmagy arzuw edip ýöränler bar.Siz bu setirlerde güniňizden nalapsyňyz.
Gerceknazar
Автор 04 фев 2023, 21:34
Görýän welin siz meniň bu goşgyma düşünmänsiňiz. Men goşgyny diňe öz durmuşymdan däl beýlekileriň durmuşyndanam ýazýan . Bulam şolaryň biri.
Gerceknazar
Автор 04 фев 2023, 21:36
PROLIGA
Halamadym Halypam.

Menem siziň "Halypam" diýen sözüňizi halamadym. Ýöne Gerçek diýäýiň.
Edepli Gödek
04 фев 2023, 22:03
—Ha-al-l-lypa (Hally apa diýip düşünäýme agam halypa diýýändirin)!

Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken
Dünýe jennet eken kakaň bolanda

Şu setire düşünmek üçin iki gezek kellämiň üstünden sowuk suw guýup gaýtalap-gaýtalap okap gördüm. Düşünemok. Düşünmeýän bolsam diýmek mende iş bar bolmaly...
—Kelläňden näme üçin sowuk suw guýdyň?
—Aý, o bir pylankes kompozitor saz düzmänkä şeýtýän eken-dä.
—Oň bu ýerde näme dahyly bar?
—Menem şuny diýjek bolýan. Kaka bolmagyň kyn bolşy bilen kakaň ýanyňda bolup dünýäň jennet bolmagynyň näme dahyly bar (bu ýerde nä köri bar).
—Ä...
—"Ine menem kaka
Durmuş tüm ýaly
Kakanyň gadyry bolmaýan eken
Indi menem kaka bolsam sen ýaly
Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken"

Bu "jadyly" setirleri okab-a kelläm umuman doňup galdy. Jadyly diýmegimiň sebäbi munda bir syr bar hemme-hemme çözüp biljek däl bu syry.

"Ine menem kaka
Durmuş tüm ýaly" bu näme diýýäreý özüň düşünýänmi şuňa?
Bolýa bulam hiç. "Kakanyň gadyry bolmaýan eken
Indi menem kaka bolsam sen ýaly" bu näme diýýäkä? Bu gahryman kaka bolansoň kaka bolanyna ökünýämikä ýa menem kakam ýaly kaka boljak gowy kaka boljak diýýämikä? Ýa... men kakama gadyr goýmadym menem sen ýaly gadyrsyz kaka bolsam diýip arzuw edýärmikä? Hojamytdy baba goňşymyzy ursyn men-ä hiç zada düşünmedim ha-a-l-l-lypa.
Perman Izakow
04 фев 2023, 22:09
_Bayat

—Kelläňden näme üçin sowuk suw guýdyň?
—Aý, o bir pylankes kompozitor saz düzmänkä şeýtýän eken-dä.
—.

???
Perman Izakow
04 фев 2023, 22:11
_Bayat,
?
Waleryanka
04 фев 2023, 23:19
Prosta internet traffik zayasy...

Bir tankytcy tankyt edende " kagyz galam zayasy " diyyar eken.Bular-a kagyz, galam ulanyan daldir.

Bagyshla ,awtor.Saytlarda kop gabat gelyan goshgularyna.Yekeje goshgyndada gozum eglenmedi shu wagta cenli. Geljekde belki eglener yalysyny yazarsyn. Yone nabileyinda..... (
Venus
05 фев 2023, 08:13
Şuny okap diňe "kaka" sözüni gaýtalap ýazybam "goşgy" diýse-de bolýan ekenligni duýdum)
Venus
05 фев 2023, 08:14
Belki,
Beýdibem 10-lukdan çüýlemäň:))