Ýürekden çykan setirler...Kaka uly bolmak aňsat däl eken!!!!

Kaka uly bolmak aňsat dal eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir jennet.
Inni iyjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemmezada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym
Şolaryň öňünde aşak egilýär
Zalym duşmanlara egmedik başym..

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlary bugün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka!!
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym oýnajakdäl diýerdim!!!

Ýürekden çykan setirler...
Kadyr Atabaýew..
1 лайков 1 226 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Okuwçy04.A
27 сен 2021, 15:51
Like+++++
Aika salam barmyň?/Kak delaşka yagdaylar??
Aika 05
Автор 27 сен 2021, 16:00
Okuwçy04.A,
Salam joram gowmy ba sen naili
Aika 05
Автор 27 сен 2021, 16:00
Okuwçy04.A,
sps kop kop
Okuwçy04.A
27 сен 2021, 16:04
Aika,
Ertirem jogap diyyaler çynmy şol eşitdiňizmi ??
Aika 05
Автор 27 сен 2021, 16:07
Okuwçy04.A,
hawo mollum imoda paylasypdr
Aika 05
Автор 27 сен 2021, 16:08
jogap eken,garassyzlygmyzyn 30yyllyk sanly bayramçylygyna hormatly arkadagmyz 2gun dynç guni diyip bellap geçipdr joram
Okuwçy04.A
27 сен 2021, 16:13
Aika,
Tuweleme oňarypdyr şona