Kaka menem sen deý bolasym gelýär

KAKA MENEM SEN DEÝ BOLASYM GELÝÄR

Gerdenimde çekmek üçin dertleri,
Kaka menem sen deý bolasym gelýär.
Halal zähmet çekip gara derimi,
Kaka menem sen deý dökesim gelýär.

Kyblam sende maşgalamyñ bagty bar,
Keramatly ojagmyzyñ mähri bar,
Sensiñ çagalykdan maña gahryman,
Kaka menem sen deý bolasym gelýär.

Eklenç diýip, ir gidip, giç gelseñem,
Illerden kem etmän baryñ berseñem,
Hat-da ýyrtylsa-da soñky köwşüñem,
Şonda-da sen deýin bolasym gelýär.

Sen deý bolmak çensiz söýgüñ beýgidir,
Sen deý bolmak daragt köküñ düýbüdir,
Pata alyp keramatly duýgudan,
Kaka menem sen deý bolasym gelýär.

Kakama çekipdir göwün pesligim,
Beýik Tañrydan soñ mukaddesligim,
Iki dünýä etjek ýeke dilegim,
KAKA MENEM SEN DEÝ BOLASYM GELÝÄR.

Jemşit Hajymämmedow
2 лайков 164 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
04 апр 2023, 15:22
Menem kakam ýaly bolasym gelýär
Gerceknazar
04 апр 2023, 15:23
Kakama !

"Kaka uly bolmak aňsat däl eken "
(Kerim Hallyýew)

Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken
Dünýe jennet eken kakaň bolanda
"Kaka" diýlen uly sözüň manysyn
Has duýýan ekeniň kakaň ölende

Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken
Gör juda kyn eken kakalaň borjy
Haýyşym kakanyň göwnüne degmäň
Gitdi...
Ony yza gaýtaryp bormy?

Ine menem kaka
Durmuş tüm ýaly
Kakanyň gadyry bolmaýan eken
Indi menem kaka bolsam sen ýaly
Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken

Gerçeknazar Amannazarow
Jemshit
Автор 04 апр 2023, 17:54
Gerceknazar,
Ösush barmy agam
Gerceknazar
04 апр 2023, 20:00
Jemshit H.,
Elbetde ösüş bar. Näçe wagtdan bäri goşgy ýazýaň?
Jemshit
Автор 04 апр 2023, 20:35
Gerceknazar,
Okuwcy dowrumem yazyadym yone kan dal, soñ okuwa giremson ymykly meşgullanyp bashladym
Gerceknazar
04 апр 2023, 20:59
Jemshit H.,
Tüweleme nirede okaýaň?
Jemshit
Автор 04 апр 2023, 22:24
Gerceknazar,
Oguzhanda