Gök gözleriñ
Gök gözleriñ
Gök gözleriñ mawylygna teşne men,
Kalbymda yşk mülkiñ köşgüni ýasan.
Megerem bagtlydyr, çyndan bagtlydyr,
Söýýän söze laýyk bolan şol ynsan.
Gök gözleriñ umman ýaly has giñdir
Bakamda duýgular paş edýär meni.
Erkim gidip çümüp has-da çuñuna,
Gark bolsam-da gözleñ ýaşadýar meni.
Gök gözleriñ ýykylmajak dünýämde,
Gün deý öz nuruny maña paýlapdyr,
Ejaza beremde jady gözleriñ,
Uly bagty maña derek saýlapdyr.
Gök gözleriñ mähir bilen gülende,
Öz-özümi söýýär diýip aldaýan.
Dertden dolsa çepimdäki gursagym,
Ejiz kalbym gözleriñe baglaýan.
Jemşit Hajymämmedow
Gök gözleriñ mawylygna teşne men,
Kalbymda yşk mülkiñ köşgüni ýasan.
Megerem bagtlydyr, çyndan bagtlydyr,
Söýýän söze laýyk bolan şol ynsan.
Gök gözleriñ umman ýaly has giñdir
Bakamda duýgular paş edýär meni.
Erkim gidip çümüp has-da çuñuna,
Gark bolsam-da gözleñ ýaşadýar meni.
Gök gözleriñ ýykylmajak dünýämde,
Gün deý öz nuruny maña paýlapdyr,
Ejaza beremde jady gözleriñ,
Uly bagty maña derek saýlapdyr.
Gök gözleriñ mähir bilen gülende,
Öz-özümi söýýär diýip aldaýan.
Dertden dolsa çepimdäki gursagym,
Ejiz kalbym gözleriñe baglaýan.
Jemşit Hajymämmedow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.