Aşygyñ haty

AŞYGYÑ HATY.

Eý, sen
Dünýäme gelmedik bahar!
Hederim,
heserim
Synla eseriñ!
Şagyzym, dyzyma çökerdim
eger
Gurbatdan gaçmasa jemalyñ görüp.

Heýhat! Heý, hata
Sygarmy söýgi ?!
Yşkyñ alawynda ýanmazmy kagyz?
Ynanmaýarmyñ?
Ine-de gursagym görjekmi ýaryp?
Sen hökmürowan,
Sen şalyk!
Men garyp!

Söýýän!
Sesim içre bat alýar söýgim
Aşyk!
Ýöne...
ýöne sen gelme, ezizim.
Seniñ söýgiñ artykmaç!

04.02.2023 ý.
6 лайков 182 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
05 фев 2023, 08:08
Heýhat! Heý, hata
Sygarmy söýgi ?!
Yşkyñ alawynda ýanmazmy kagyz?
Ynanmaýarmyñ? 
Ine-de gursagym görjekmi ýaryp?
Sen hökmürowan, 
Sen şalyk!
Men garyp!


Şu bent has şowly çykypdyr!Berekella!

Seniñ söýgiñ artykmaç!
Söýgem bir artykmaçlyk edermi diýen pikir döredi beýnimde. Eger artykmaçlyk etse ol söýgimi?!
Belki
Автор 05 фев 2023, 08:56
Agam, aslynda aýtjak bolan zadym aşygyñ öz söýgisi şeýle bir güýçli welin, gyzyñ ony söýmegi derkar däl. Belkem, gyz ony söýen ýagdaýynda hälki beýik söýgi adatylaşjak. Käbir zatlaryñ arzuwy özünden has süýji bolýar.
Ähtimal düşündirip bilen däldirin.
Maksat
05 фев 2023, 09:03
Salam @Belki soñky döwür goşgulary üÿtgeşik ÿazÿañ, goşgy ÿazmagyñ bir usulymy ÿa!?
Belki
Автор 05 фев 2023, 09:06
Bayker, salam agam. Laçyn Pürjäýewanyñ täsiri. Werlibr ýagny goşgy ýazmagyñ erkin formasy bu. Size ýaraýarmy şeýle forma?
Belki
Автор 05 фев 2023, 09:09
Şu ýerde biz zady aýdaýyn. Meniñ teswirlerdäki jogap funksiýam işlänok. ( Şol sebäplem nikiñizi özüm ýazyp size jogap berýän. Bulam meñ ýazan jogabymyñ size bildiriş bolup barmazlygyna getirýär. Uzyn gepiñ gysgasy, bildiriş gelmese men size jogap ýazmaýandyr öýdäýmäñ. Mowzuga girip barlap görüñ.
Belki
Автор 05 фев 2023, 09:10
* bir zady
Belki
Автор 05 фев 2023, 09:12
Wagtyñ geçmegi bilen ynsanyñ poeziýa garaýşy üýtgäp bilýän eken. Bir döwür goşgylaryny tankytlap, gyr-tutuş bolan Laçyn Pürjäýewamyñ döredijiliginden häzir özüm täsirlenip ýazýan. Geñ!
kesirkelle
05 фев 2023, 09:55
 Belki   on № 2Şu gün, 08:56

Agam, aslynda aýtjak bolan zadym aşygyñ öz söýgisi şeýle bir güýçli welin, gyzyñ ony söýmegi derkar däl. Belkem, gyz ony söýen ýagdaýynda hälki beýik söýgi adatylaşjak. Käbir zatlaryñ arzuwy özünden has süýji bolýar.
Ähtimal düşündirip bilen däldirin.

Jogap    

 0 

Düşinýän, ýöne şony goşguda gysgajyk edip edip aýtjak ýa duýdurjak bolmaly
Saña intizar garaşdym. Sen şeýlebir gelmediñ wln senden beter garaşmagy(ýa da hyýalyñy) söýup başladym, diyyämi Can Yucel.
kesirkelle
05 фев 2023, 09:57
Biziñ edebiýatymyza 2nji 3nji Laçynlar, ýa da olañ kopiýalary gerek dälmikä diyyan. Bir Laçyn bize ýeter. Dogry täsirlenmek başga zat wln, onda da...
kesirkelle
05 фев 2023, 10:00
Erkin forma bolsun, adaty forma bolsun, tapawudy ýok, ýatda galmagy, täsir etmegi başarsa, şol eserem gowy dp hasaplaýan özüm ä.

Uzak uzak goşgular(ha erkin, ha adaty) poemalar, ýatdagalgyç bolanok. "Uzak goşgy tebigatyñ özünde de ýok" diýýärmi, Po daýy.
Belki
Автор 05 фев 2023, 10:44
Kesirkelle, uzak goşgy ýatda galyjy bolup biler eger ol añrybaşy şahyranalyga ýugrulan bolsa. Meselem, Nobatguly aganyñ "Serwi agajy" poemasy.
"Sen nämä çalyşdyñ ýelli öýläni
Ýeri ol nämemiş söýgiden beýik..."

"Aýna deý söýgimi aý dek söýgimi
Neçüýn kül-pagş etdiñ... "

"Düşündim men eger söýgi bolmasa
Meñzeş eken zenanlaryñ ählisi "

"Ine okuw, oka tä äýnege çen
Söýgiñ üçin munda goýýan ýok baha"

Onda-da näçe okasañ doýulmajak poema şul.
Aslynda şu uzaklyk bilen meñ paýlaşan goşgymyñ dahylam ýok welin, pikir gozgañsoñyz jogap beräýeýin diýdim.
Laçynly meselede bolsa özümem size ýakynrak pikir edýän. Ýöne ýürekden gelen zadam saklap bolanok. Edil Belki ŞAHYRYÑ "Öýüm hakda tarypnama" diýen şahyrana goşgusy ýaly bu goşgam ýürekde gaýnaýar )
kesirkelle
05 фев 2023, 11:11
Käwagt erkin goşgular adaty uzynlykda bolsa da uzak görnýär de, şondan diýäýpdim. Serwi agajy gowy poema. Ýone okan bolsam 3 gezek okandyryn. O da, sussupes wagtym.
Maksat
05 фев 2023, 13:08
Belki,
Gowy goşgy, ÿöne soraÿdym.
picasso
05 фев 2023, 13:36
Aradaky gurruninden sen erkin forma garsysyn oydupdim wn yalnysan ekenim gowy chykypdyr howri kop bolsun
Jumamyrat
06 фев 2023, 15:42
gowy ýazylypdyr tüweleme