Edebiýat eserine ikinji many nämä gerek?

Dünýä belli klassik eserleriň köpsünde ikinji many bolýar, başgaça aýdaňda gizlin many, gönümel aýdylmaýan ideýa. Islendik kesgitlemeden ýönekeý mysal has gowy düşündirýär. Mysal üçin aýdaly Frans Kafkaň "Proses" atly eseri. Ol eseriň mazmuny şeýle, bir oglan 30 ýaşaýar we oň üstinde proses başlaýar, ony bir zatda aýyplaýarlar, ýöne eseriň dowamynda nämede aýyplanýanyny awtor aýdanok. Baş gahryman özini sut etmeli kazyny görjek bolýar, ýöne ol hem başa baranok. Iň soňunda bir ýyla çeken prosesden soň, baş gahrymany ölüm jezasyna buýrýarlar. Bu eseriň manysy şeýle: Hudaý adamlary jezalandyrýar, ýöne adamyň näme günäsiniň bardygyny aýdanok, adamyň gözine görnenok. Eger adam näme üçin jeza alýanyny bilsedi, we Hudaýy ýekeje gezek görüp bilen bolsady, onda bar zat başgaça bolardy, adamda özini aklamaga mümkinçilik bolarady. Bu Frans Kafkaň, Proses atly eseriniň gizlin manysy. Eýsem eserde hakyky manyny gizlemek näme üçin gerek bolýar? Näme üçin bar zady gönümel aýdyp bolanok? Bu ýerde adamzadyň häsýetleriniň biri ýatyr. Rus dilinde "GORDOST" diýen bir duýgy bar, türkmen dilinde ol duýgy buýsanç bilen gedemligiň gibridine meňzeş bir duýgy. Hiç bir adam gönümel akyl satmany halanok, sebäbi hiç bir adam özini başga bir adamdan kem saýanok. Eger eserlerdäki ikinji many gizlin görnüşde bolsa, eseri okan her bir okyýjy, ol manyny özi gözläp tapýar we (Gordost), buýsanç atly duýgy oýanýar. Görýäňizmi men nähili akylly, men şeýle pikire geldim. Biz awtoryň öz eserinde, gizläp goýan pikirine, öz pikirimizdir öýdýäs, we öňden belli bolşy ýaly, öz pikirimiz, bize ähli zatdan ýakyn bolýar. Dünýä belli islendik klassik eserlerdäki gizlin many, diňe şol maksada hyzmat edýär. Köpsanly okyýjylara, awtoryň ideýalaryny, edil okyýjyň ideýalary hökmünde ýöňkemek. Elbetde ol ideýalaryň köpüsi zäherli bolup durýar. Aýdýan zatlarym düşnikli bolar ýaly, ýene bir näçe mysal getireýin: Frans Kafka Öwrülme atly eseri. Ol eserdäki baş gahryman tomazaga öwrülýär we öz öýündäkilere ýük bolýar. Entek adam wagty baňka işleýärdi we puly kändi, öýündäkiler ony sylaýardy. Tomazaga öwrüleninden soň, öýündäkiler ony ýigrenip başlaýarlar. Eseriň gizlin manysy ýönekeý, adamda pul bolsa ony ähli kişi gowy görýär, eger adam daş töweregindäkilere ýük bolsa, mysal üçin maýyp bolsa, ony ähli kişi ýigrenýär. Kafkaň bu eserini okap, okyýjylar şeýle pikire özleri gelmelidler, ýokarda agzalan buýsanjyň üstinden. Ýöne ol eserdäki ideýa adamzat üçin zäherli, sebäbi adamlaryň ählisi beýle däl. Biziň içimizde gowy adamlar hem bar, öz maýyp ene atasyna seredýän, öz maýyp ýoldaşyny taşlamaýan we maýyp çagalaryna aperasyýa üçin pul ýygnaýan we şuňa meňzeş. Emma Frans Kafkaň bu eseri, bizi başga tarapa yrmaga synanşýar. Eger Fran Kafka öz eserinde bar wakany gönümel gürrüň beren bolsa, hamala öz ýakynlaryna ýük bolan adamlar, ýigrenjä öwürilýär diýip, biz Frans Kafkany hasaplardyk. Ýöne Frans Kafka beýle edenok, ol eseriň esasy ideýasyny gizleýär we biz, okyýjylar, ol ideýany gözläp tapýas, we hamala oňa öz ideýamyz ýaly buýsanýas. Has gowy düşnükli bolar ýaly, ýene bir iki sany mysal getireýin: "Tow berilen apelsin" eseri. Kimiň ýazandygy şu wagt ýadymda däl we görmäge ýaltanýan, dogrysy eseriň awtory känbir wajyp hem däl. Eseriň baş gahrymany 15 ýaşly oglan we örän erbet durmuş bilen ýaşaýar. Günde agşam öz dostlary bilen, dükan talaýarlar, birni zorlaýarlar, birni ýençýärler. Günden güne şol bir durmuş. Ol oglan iň soňunda hökümediň eline düşýär we hökümet ol oglanda ýörüte eksperiment goýýar, hamala ol oglan birne zorluk etjek bolanda, oglanda ters rewlekslar başlaýar. Garaz ýörite derman serişdeleriň kömegi bilen, oglan zorlukdan çetde durar ýaly edýärler. Ýöne bu tejribe hem tetije berenok we oglan öňki durmuşyna gaýdyp barýar. Oglan iň soňunda 18 ýaşap, öz pişesini goýýar we düzelýär. Eseriň gizlin manysy, hiç bir adamy terbiýeläp bolanok, adam barybir öz edýän işlerini edýär, wagty gelende adam özi düzeler. Eseriň bu ideýasy, Frans Kafkaň ýokarda agzalan, iki eserindäki ýaly, adamzat üçin zäherli bolup durýar. Sebäbi okyýja adamy düzedip bolanok diýen pikiri ýöňkelýär. Birden düzetmeli adam öz çagamyz bolsa näme? Aýdaly biziň oglumyz entek ýaş wagty arak içip we çilim çekip başlady diýeli? Tow berlen apelsin eseriň esasy ideýasy, bizi şeýle soraglarda passiw etmek. Wagty gelse özi düzeler diýen pikiri bizde berkitmek. Dogrymy aýtsam, şu wagt dünýewi klassik diýip hasap edilýän eserleriň barsynda, adamzat üçin örän zyýanly pikirler bar. Ýene bir eser Frenk Gerbertyň Dýuna atly eseri. Bu eserde musulman dinine garşy ideýalar bar, has takygy Muhammet Pygambere garşy pikirler. Hamala Muhammet Pygamber başga planetadan gelen, ýa-da başga dünýäden, ol hakykatdan hem örän parasatly, ýöne aklyndan azaşan araplar bar zada tesr düşündiler we jehat atly mukaddes urşa başladylar. Araplara tutuş dünýäni talamak üçin parasatly serkerde gerekdi, Muhammet laýyk şol bolup çykdy. Musulman dini bolsa, ýöne bir psihologik tilsimaty. Elbetde awtor gönüden göni öz eserinde beýle diýenok. Ol diňe assasiýalaryň üsti bilen okyýjyny şeýle pikire eltýär. Okyýjy bolsa buýsanmaň üsti bilen şol ideýany özi oýlap tapandyr öýdýär. Ýene bir eser "Garri Potter" barada wakalar. Bu eserde zäherli ideýalar bir näçe sany, men diňe iň wajybynda durup geçjek. Bu eseriň iň esasy zäherli ideýasy, adamzat üçin, gudrat bilen Hudaýy aýratyn görkezmek. Gudrat diýen zadyň, Hudaýsyz hem bolup bilýänini görkezmek. "Meterýalist jadygöý", başgaça aýdaňda jadygöý. Jady diýen zadyň çeşmesi, haýsam bolsa bir güýçler bolup durýar, ýa-da şoňa meňzeş bir zat, ýöne Hudaý däl. Mysaly näçe getirseň getirip otyrmaly, şu wagt klassiki diýip hasap edilýän eserleriň köpüsinde zyýanly ideýalar bar, ýöne şu ýerde bir sorag döreýär. Eger eseriň içine zyýanly dälde, peýdaly ideýany gizleseň, ol hem işlärmi?

©Rahman Zulfikarow
13 лайков 283 просмотров
28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
05 фев 2023, 09:21
Şu zatlara ikinji many diýilýärmikä ýa simwolika?
Meñ pikrimçe simwolika.
Abdylla33
05 фев 2023, 09:34
Jedelli yeri kop bolsa da makala gyzykly eken.Sag boluñ
Abdylla33
05 фев 2023, 09:37
Yok, ikinji many simwolika dal. Ol eseriñ leytmotiwi bolup duryar. Yagny, mazmuna urulan gulpyñ acary-has anygy KODY
Edepli Gödek
05 фев 2023, 10:04
Abdylla33,
Şu "leytmotiwi" we "KODY" has aýdyňlaşdyryp aýdyp berseňiz kyn görmän!
Edepli Gödek
05 фев 2023, 10:07
Rahman daýy aýdýan bolsa dogrydyr...
Edepli Gödek
05 фев 2023, 10:14
Ýöne men bir zady ýaman, gaty, örän, super, mega, tega... bilesim gelýädä bu adam musulmanmy, deistmi, a.t.e.i.s.t.m.y, dini ulanýarmy ýa ündeýärmi? Muň bir "eserindäki" pikir-mantyk bilen beýlekisindäki umuman gapma-garşy. Näme üçin beýlekä? Has aýdyň sowal: bu näme edýänini, näme ýazýanyny düz kelle bilen ýazýamyka beri? Özüni gyssaglap soraga tutsalar-a menden başga hemmäň "zrenýesi" pes diýýär. Ýazanlaryny okap kä gülkim tutýar käte "içi gurçukly" sözleri daşymdan aýdanymy duýman galýan...
Edepli Gödek
05 фев 2023, 10:21
*bu näme edýänini, näme ýazýanyny aňşaryp, akyl-aň ýetirip, ýazýan zatlaryny bolmalydy şo ýerde
kesirkelle
05 фев 2023, 11:16
Öwrülme (Die Verwandlung) nemes edebiýatyndan, gaýta gaýta(4 ýa 5 ondanam köprak okan bolmagym ahmal) okan ýeke täk eserim. Şu ýazgyny okap, kompy dörüşdirdim. 5 ýyl bolupdyr eken, Öwrülme hakdaky docx faýlyñ doredilenine. Şondan käbir bölekleri paýlaşaýyn.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:20
...Öwrülmäniň Kafka bilen kakasynyň arasynda gapma-garşylykly gatnaşyklary hem-de ömürboýy dowam eden günäkärlik duýgusy bilen düşindirilip boljagyny aýdyp kanagat edýärler. Üssesine bular, mifologiýada çagalaryň tomazak bilen nyşanlandyrylýandygyny – muňa-da şübhelenýärin – öňe sürüp, Kafkanyň tomazak nyşanyny Freýdçi teswirlere laýyklap, oguly alamatlandyrmakda ulanylýandygyny aýtmak derejesine ýetýärler. Bular:
kesirkelle
05 фев 2023, 11:21
—tomazak—diýýär—Kafkanyň kakasynyň ýanyndaky ähmiýetsizligini doly manysynda açyp görkezýär. Men bu ýerde birentek kezzaplaryň däl-de mör-möjekleriň üstünde durmakçy, şonuň üçinem bu lygy düýbünden ret edýärin. Kafkanyň özi hem Freýdçi garaýyşlary gaýgyrman tankytlapdyr. Psihoanalizi (öz sözleri bilen aýdýaryn) “düzedilmesi mümkin bolmadyk ýalňyşlyk” diýip teswirläp, Freýdçi nazaryýetçilere meseläniň jikme-jikligine has möhümi hem meseläniň özüne mazaly çemeleşmeýän öte ýakyn, öte çig, öte zoňtar çyzylan diýip baha beripdir. Freýdçi nazaryýeti gürriňden çykaryp, munuň ýerine gyzyklanmamy sungat meselesinde alyp barmagymyň  sebäpleriniň biri hem ýaňky aýdanymdyr.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:23
Kafkanyň iň esasy täsirlenmeleriniň biri Flober täsiridir. Akyr-ukurly ýazgylardan itden iren ýaly irgin Flober Kafkanyň getiren tärini gören bolsa gyzyl tapan gula dönerdi. Kafka terminlerini hukuk we bilim dilinden saýlamagy halaýar, olara birtüýsli kinaýaly çürt-kesiklik girizip, awtoryň öz duýgularynyň esere goşulmagyna ýol bermeýär. Bu bolsa Floberiň deňsiz-taýsyz poetik täsir etmekde ulanan täriniň edil özidi.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:25
Bellik: Bu makaladaky Öwrülmeden bölekleri Ahmet Haşaýewiň Dünýä edebiýaty jurnalynda çykan terjimesinden aldym
kesirkelle
05 фев 2023, 11:27
10njy kommentde: bu s.a.m.s.y.klygy düýbünden -bolmaly.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:29
Öwrülmäniň gahrymany Pragada ýaşaýan ortatap ene-atanyň, Floberçelänimizde  philistineleriň ýagny ýaşaýyşyň diňe bir maddy tarapy bilen gyzyklanýan, keýpleri kellesindäki kişileriň ogly bolan Gregor Samsadyr (Zamza—diýip okalýar). Bäş ýyla golaý mundan ozal garry Samsa pulunyň ep-esli bölegini elinden gidireninden soňra Gregor kakasynyň algydarlarynyň biriniň ýanyna işe giren jerçidir. Şondan soň kakasy işlemegini ymykly goýupdyr. Gyz jigisi Grete heniz işlemäge ýaşy ýetmedik, ejesi bolsa demgysmaly.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:30
Gregor maşgalany eklemegiň üssesine-de olar bilen oturýan jaýlarynam kireýine alypdyr. Anyk adres bermeli bolsa, Şarlotte köçesindäki bu jaý, özi hem bölek-bölek bölünjek Gregor ýaly böleklere bölünipdir. Häzir biz Merkezi Ýewropada, 1912-nji ýylda. Hyzmatkär saklamak ujypsyz baha durýandygy üçin Samsalar on alty ýaşynda (Greteden bir ýaş kiçi) bir umumy hyzmatçy we bir öýdeniçer işledýärler.  Gregor öýe myhman, ýöne hekaýa açylanda iki iş saparynyň arasynda öýde ýatyr hemem şol gorkunç waka başyna mussallat bolýar:
kesirkelle
05 фев 2023, 11:32
“Säher bilen basyrganyp oýanan Gregor Zamza düşekde ýatan ýerinden özüniň bir aýylganç jandara öwrülendigini duýdy. Ol özüniň sowut şekilli, gataňsy arkasyna ýatyşyna kellesini çala galdyryp esewan edeninde, goňur reňkdäki ýaý görnüşli güberçekler bilen örtülen gasyn-gasyn garnyna hem-de onuň üstünden syrylyp gaçaýjak-gaçaýjak bolup duran ýorgança gözi düşdi. Göwresiniň beýleki synalary bilen deňeşdireniňde örän inçe we juda köpsanly aýajyklary onuň gözüniň öňünde mejalsyzja gyrmyldaşýardylar.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:33
Ol: “Maňa ne döw çaldyka?”—diýip oýlandy. Bu ahwalat onuň düýşi-hä däldi. onuň otagy hem, adaty adamlaryňkydan kiçiräk diýäýmeseň, tanyş diwarlaryň arasynda ozalkysy ýaly durýardy. Üstüne dürli ýaglyk-matalaryň nusgalary ýaýradylyp serlen stoluň ýokarsynda – Zamza ýerlere aýlanyp, odur-budur satýan jerçidi – onuň golaýda bir reňkli žurnaldan gyrkyp alyp, altyn çaýylan enaýyja çarçuwa salnan suraty asylgy durdy. Bu suratda kellesine per telpek geýen we boýnuna per ýaglyk oranan zenan maşgala dim-dik bolup oturşyna tirsekden aşagyny doly ýapyp duran per eldolagyny özüne äňedýänlere tarap uzadyp otyrdy.

Soňra Gregoryň nazary penjirä gönükdi we ýaramaz howa – penjiräniň alýumin çarçuwasyna gelip urulýan ýagyş damjalarynyň sesi mese-mälim eşdilip durdy – onuň keýpini bozup, ýüregini gysdyrdy. Ol: “Ýene biraz ýatyp, bar bolgusyzlyklary unudyp bolsady”—diýip, oýlandy. Ýöne munuň özi asla mümkin däldi, çünki ol hemişe sag egnine ýatmagy endik edinipdi, emma welin häzirki ýagdaýynda ol özüni ozalky kaddyna getirmegi başarmady. Güýjünde bary bilen sag egnine agdarylmaga şunça çytraşsa-da, ol ýene arkanlygyna düňderilýärdi. Ol bu hereketini ýüz gezekden gowrak dagy gaýtalady, howada galgajaklaýan aýajyklaryny görmezlik üçin gözlerini ýumdy1, ahyrynda hem bykynynda öň hiç haçan duýulmadyk bir düşnüksiz, ýeňiljek agyryny syzanyndan soňra bu niýetinden el çekdi.

Ol: “Eý, Hudaý,”diýip oýlandy, “gör men nähili agyr käri saýlap alypdyryn! Hudaýyň beren günini ýolda geçiripdirin. Söwda aladalary obamdaky düýp dükanymdakydan has çökder, onsaňam ýol ýadawlygyna çyda, otlularyň gatnaw wagtyny ýadyňda sakla, wagtly-wagtyna berilmeýän ýaramaz nahar bilen oňňut et, üstesine-de täze-täze adamlar bilen uzaga çekmeýän ýaramaz gatnaşyklar. Bularyň barysy jähennemiň teýine gitsin-le!”

Şu mütdet ol garnynyň üstüniň ýeňiljek gijeýänini duýdy; kellesini galdyrmaga amatly bolar ýaly, arkanlygyna ýatyşyna haýaljakdan krowadynyň erňegine baka süýşdi; endamynyň gijeýän ýerini tapdy, ol ýeri bolsa nämedendir düşnüksiz, ak nokatjyklar bilen örtülendi; aýaklarynyň biri bilen şol ýerini basyp göräýjekdi, emma derrew aýagyny yzyna çekdi, çünki sähelçe galtaşmadan hem onuň tutuş endamyny gagşyldy gurşap aldy.”
kesirkelle
05 фев 2023, 11:36
_________________

1—Biziñ bilýän mör-möjeklerimiziň gabaklary ýokdyr, şonuň üçinem gözlerini ýummaýarlar, bu adam gözli tomazak... Umumy şu bölüm hakynda: “Nemesçesinde bu düýşpisint waka anjaýyn ritmli akyş bilen gürrüň berilýär. Oýaly-ukulydyr. Başyndan geçýän wakalary geň galmazdan, çagajyklarça kabul edýär, şol bir wagtyň özünde-de henizem ynsan ýatlamalaryna, ynsan ýaşaýyşyna güýjinde baryny edip ýapyşýar. Öwrülme heniz doly tamamlanmandyr. ”
kesirkelle
05 фев 2023, 11:38
Eýsemde bolsa görgili Gregor-şol ber-başagaý jerçi garaşylmadyk ýagdaýda ne döw çalyp “tomazaga” öwrülipdir? Düşünşimiz boýunça mör-möjekleriň, möýleriň, kyrkaýaklaryň we gabyklylaryň degişli bolan “bogunaýaklylar” (arthropoda) synpyna degişlidir. Eger başda agzalan sanalmajak derejede köp aýaklar altyndan köp “aýajyklar” manysyna berýän bolsa, onda Gregor zoologiýa taýdan tomazak hasaplanmaz. Ýöne meniň pikirimçe howada galgajaklaýan alta golaý aýagynyň bardygyny duýan bir adam, alty aýaga sanap bolmajak derejede köp duýgusyny başyndan geçirip biler. Diýmek Gregoryň alty aýagynyň bardygyny, tomazakdygyny aýdaryp bileris.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:41
Indiki sorag: haýsy tomazak? Teswirçiler saçakçy  diýýär, bu bolsa elbetde akmaklyk bolýar. Saçakçy – göwresi ýasy, aýaklary uzyn bolan tomazakdyr. Gregor bolsa asla ýasy däldir; aşagyndan hem üstinden, arkadan hem garyndan tokgadyr, aýaklaram kiçijikdir. Diňe bir tarapdan saçakçyny ýatladýar, reňki: goňurdyr. Bar bolany. Bulardan daşgary, bölek-bölek bölünen çişik garny we üstinde ganat ýerleri bildirip duran syrty bardyr. Miweçi tomazaklarda bu ganat ýerleriniň içinde gerek wagty açylybam bilýän ýüpeksi, kiçijik ganatlar gizlenendir we bu ganatjyklar tomazagy millerçe uzaga äkitmäge ukyplydyr. Täsin... tomazak Gregor gatrawsy gabygynyň astynda ganatlaryň bardygyny hiç haçan aňşyrmaýar. (Meň pikirimçe bu ömürboýy gözegçilikde saklanmaly ýagdaý. Nijeme Gregorlar, Jolar, Jeýnler ganatlarynyň bardygyny bilmeýärler.) Mundan ötri güýçli äňlerem bar ýagny aşakdaky üç jübüt aýagyň (kiçijikden güýçli jübütler) üstinde dikelip,  açary gulpda towlamak üçin ulanarlar, bu bolsa bize üç aýak ýaly uzyn bolan göwräniň uzynlygyny çykaryp berer. Hekaýanyň dowamynda täze organlaryny –aýaklaryny, –duýgularyny ýuwaş-ýuwaşdan ulanmagy öwrener. Goňur reňkli, tokga, it ýaly uly tomazak örän ýaýbaňdyr. Mysalasy şunuň ýalyrak bolsa gerek:➡➡➡➡➡➡➡
kesirkelle
05 фев 2023, 11:42
Bu ýerde suratyny goýup bilemok
kesirkelle
05 фев 2023, 11:45
Eseriň nemesçesinde garry tam süpüriji aýal ony “ders tomazagy” diýmegi aňladýan Mistkäfer diýip ýanyna çagyrýar. Aýalyň oňa bu ady bermeginiň ýönekeý bir dostsyramakdan öte geçmeýändigi köre hasadyr. Ylmy taýdan ders tomazagy saýylmaz (Aýdylýan tomazagy Gregoryňam, Kafkanyňam golaýyndan görmediklerinem belläp geçeýin).

Indi öwrülmäni has golaýdan derňäliň. Geňirgendirji hem iniňi tikeneklediji bolsa-da bu öwrülme ilki bada beýle bir täsinem däldir. Kellesi ýerindäki tankytçylaryň biri1 şeýle diýýär:
1—Kafka meselesi, Paul L. Landsberg, 1946, ed, Angel Flores.
kesirkelle
05 фев 2023, 11:54
"Keseki bir ýerde ukydan oýananymyzda bir pursat aňka-taňka bolmagymyz tebigydyr. Şonuň ýaly ýaşaýyşda ýaşaýyşda bolmak haýsydyr bir dowamlylyk duýgysyny, elýetmez bolan, jerçiniñ bahym bahymdan gabat gelýän duýgusy bolsa gerek.” Hakykat duýgusy dowamlylyga we wagta baglydyr.  Aslynda tomazak bolup oýanmak Napolýon ýa-da Jorj Waşington bolup oýanmakdan tapawutly däldir Beýleki bir tarapdan,ýalñyşmaklyk, hakykat diýilýan zadyñ daşynda bolmak; bular elmydama, sungat adamysyny,geniýni añlatmakda ulanylan usullardyr.Tomazagyñ töweregini gallan Samsalar maşgalasy bolsa, geniýniñ töweregini gurşan ýönekeýlikden başga zat däldir.
#B.S
Автор 05 фев 2023, 11:55
kesirkelle,
Aŷratyn blog edip açaŷmaly ekeniňizdä...
kesirkelle
05 фев 2023, 12:41
Indi hekaýaň esasyna geçeliň. Hekaýanyň birininji bölümini ýedi sahna ýa-da ýedi bölege bölmek bolar:

1-nji sahna: Gregor oýanýar. Ýeke özi. Tomazaga öwrülipdir ýöne adam häsiýetleri täze eýe bolan tomazak duýgulary bilen garyşýar. Bu sahna heniz ymykly ynsana degişli bolmagy dowam edýän wagt pursadynyň sahna girmegi bilen tamamlanýar:

“Soňra ol sandygyň üstünde jykgyldap duran sagada nazaryny aýlady. “Eý, Hudaý jan!” diýip, içini hümletdi. Eýýäm ýediniň ýarydy, sagadyň dili öz hereketini arkaýyn dowam etdirýärdi, hatda eýýäm ýene çärýek sagadrak öňe gidäýen ekeni, indi ýedä on bäş minut töweregi galypdyr. Sagat näme üçin jyňňyrdamady-ka?  Sagadyň göni dörde gurlandygy onuň ýatan ýerindenem görnüp durdy; ol hökman jyňňyrdan bolmaly. Öý goşlaryna çenli sandyradýan elhenç zenzeläni eşitmän, nädip arkaýyn ýatyp bildikä? Arkaýyn ýatyp bilmedigem bolsa oýanmaýşyny diýsene. Ýeri, ol indi näme etmeli? Indiki otly sagat ýedi-de ugraýar; oňa ýetişmek üçin ol örän tijenmeli, satylmaly nusgalyklar bolsa entegem ýygnalynmadykdy, öýüniň gullukçysy hem sagat bäşde gidýän otla garaşandyr we eýýäm onuň gijä galanlygy barada hojaýyna habar ýetirendir. ”

Ýarawsyzdygyny aýtmak baradaky pikirleri göwnünde beslär ýöne çilim lukmanynyň sap-sagdyndygyny aýtjakdygyny biler:

“Eýsem edil şu ýagdaýda onuňky düýbünden telek bolýarmy-ka? Juda köp ýatsa-da, henizem gözüňi bürüşdirip barýan ukudan doly açylyp ýetişmändigini hasaba almasaň, Gregor dogrudanam häzir özüni örän oňat duýýardy, hatda birneme surnugaýanam ýalydy.”
kesirkelle
05 фев 2023, 12:42
@Khanture, aý indi gitdi. Uzaklaý. Doly bolup açarynda onda. Entek seretmeli ýerleri bardy wln..
kesirkelle
05 фев 2023, 12:42
Blogyñy zaýalan bolsam, bagyşla!
#B.S
Автор 05 фев 2023, 12:54
kesirkelle,
Yok zayalamadynyz