Ukysyzlyk

Ukysyzlyk

Garaňky otag. Ýorganyň aşagynda gözlerini ýumup uklamaga synanşýar, bolanok. Ýerinden turýarda çyrany ýakýar. Otag ýagtyldy. Pikirlenýär. Kellä hiç zat gelenok. Telewizory açýar. 99 ýaýlymy birme bir seredip çykýar. Öçürýär telewizory. Sagat 23:35. Çynany hem öçürýär. Ýerine geçip ýatýar. Ýorgany çekýär. Gözlerini ýumýar. Ukysy gelenok. Ýene çyrany ýakýar. Öçürýär. Daşara çykýar. Çilimini otlaýar. Sorýar zäherli tüssäni öýkenine. Üsgüren bolýar. Asmana seredýär. Ýyldyzlar. Bir, iki, üç... Ýedi. Uly Ýedigen - merhumyň tabydynyň yzynda aglaýan üç uly gyz. Kiçi ýedigen - merhumyň tabydynyň yzynda aglaýan üç kiçi gyz. Demirgazyk ýyldyzy. Müňlerçe ýyl bäri ýerinden bytnanok. Ähli ýyldyzlar onuň daşyndan aýlanýar. Onuň ýadyna çagalykda öwrenen sanawajy ýadyna düşdi.
Ak at, Boz at - iki ýyldyz,
Demirgazyk ýeke ýyldyz.
Ýedigenim - ýedi ýyldyz,
Ýedi göçüp, ýedi gonar,
Sanasaň sogap bolar.
Soňra ol günorta seretdi. Akrap we Kowus ýyldyzlar toplumlarny synlady. Kowus ýyldyzyna birki minut seretdide, ak maýanyň ýoly bilen ýene demirgazyga geldi. Ýyldyzlary synlap durka birden asman ýagtylyp gitdi. Gün dogmagyna entäk ir. Bu UFO? Ýok bu bolidlerdi. Asman gümmezinde käwagt ýagtylyp gidýän meteorlar. Çilimi çekip gutardy. Zyňdy. Çep aýagy bilen basgylady. Jaýyna girdi. Geçip ýatdy, ýöne ol henizem uklap bilenokdy...

©Baýramgylyç Sapargylyjow
5 лайков 257 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
Автор 05 фев 2023, 07:41
7:40 05.02.2023
Ufa
kesirkelle
05 фев 2023, 07:57
Çilimi çekip gutardy. Zyňdy. Çep aýagy bilen basgylady. 

Arada bir kino gordüm. Şonda da baş gahryman çilim çekýär. Basgylaýar. Endigi. Ýaramaz endikleri taşla diýmeli baş gahrymana...
kesirkelle
05 фев 2023, 08:00
23:35=2+3+3+5=13
7:40 05.02.2023
7+4+0=11
:D
#B.S
Автор 05 фев 2023, 08:01
kesirkelle
23:35=2+3+3+5=13
7:40 05.02.2023
7+4+0=11
:D

??
#B.S
Автор 05 фев 2023, 08:01
kesirkelle
Çilimi çekip gutardy. Zyňdy. Çep aýagy bilen basgylady. 

Arada bir kino gordüm. Şonda da baş gahryman çilim çekýär. Basgylaýar. Endigi. Ýaramaz endikleri taşla diýmeli baş gahrymana...

Uklasa düýşime girse aýdaryn. )
kesirkelle
05 фев 2023, 08:02
Bu sanlar aýlanyp dolanyp, iru giç öñiñden çykýarmy?!. Sanlara seretmani ićim gysan wagty, gowy güýmenje gorýan, soñky döwür
kesirkelle
05 фев 2023, 08:04
Gije uklajak bolsa gündiz ýatmasyn:) ýa da bolgusyz zatlary dert edinmesin:)
#B.S
Автор 05 фев 2023, 08:10
kesirkelle
Gije uklajak bolsa gündiz ýatmasyn:) ýa da bolgusyz zatlary dert edinmesin:)

?
Maksat
05 фев 2023, 08:42
Salam @Khanture sag-aman okap ÿörsüñmi! Otaÿlarda-da çilimi ştuklap çekeÿälermi ÿa oglanlar bol-telki çilim çekip bilÿälermi!?
Gymmat bolar ajy zatlañ bahasy,
Ÿakyna gelende ahyrzamana, diÿipdir Magtymguly atamyz garaz başga ÿerlerde-de şeÿlemikä ÿa diñe biz paçkalap çilim alsak begenÿäsmi!?))
Kerbaba
05 фев 2023, 10:26
Укы гелмесе ин говы дерман хайсы ,билйанизми? Карл Марксын,Ленинин язан эсерлерини окан! 5- минуда етман уклап галарсыныз..