Durmuş nowellalary (ikinji bölüm)

Ikinji bölüm.

Jumanazar gündeligi dünýäni unudyp okaýardy. Ondaky wakalar gitdigiçe özüne çekýärdi. Aşakgy abzasa ýetende Jumanazar töweregine garanjaklady . Seretse dowarlary ýok. Jumanazar
-Beh bular şulkaralykda nirä gitdikä , kakama näme jogap bersemkäm ?- diýip, öz-özüne igenip goýunlarynyň gözlegine çykdy. Soňra beledräk depä  çykdy , hiç hili mal görnenok. Onuň aňyrsyndaky depelere çykyp gözledi ýöne asla geçileri görünmeýärdi. Jumanazar depeden-depä aşyp mallaryny tä Gün ýaşyp , garaňky gatlyşýança gözledi,emma tapmady. Indi ol hasam aladalanyp başlady. Mal ýitirmek örän elhenç duýgy. Hatda azajyk pulyňy ýitireniňde hem gaýgy-gama batyp gözlemäne başlaýaň , 30-40 sany goýun ýitirmek ondanam beter. Jumanazar gaharlanýardy.Öz-özüne igenýärdi. Gözledigiçe ony aladalar basmarlaýardy. Indi öýdäkilere näme diýmeli? Kakama näme jogap bermeli?Ahyry ol içgysgynç aladalar bilen öýüne gaýtmana mejbur boldy . Öýe ýetip-ýetmänkä onuň öňünden kakasy çykdy. Jumanazaryň kakasy Berdinazar aga bu wagt agşam namazyny okamak üçin täret almana barýardy. Indi Jumanazar hasam howatyrlanyp başlady. Kakasynyň ýanyna baryp:
-Kaka men-ä mallarymy ýitirdim -diýjek bolup durka Berdi aga ýylgyryp:
-Nämehow oglum, goýunlaryň geldi-de özüň geleňokla-diýdi. Jumanazar begenip agylyň öňüne bardy. Görse mallarynyň hemmesi ýatagynda gäwüşäp ýatyrdylar. Jumanazaryň egninden ullakan dag aýrylan ýaly boldy. Begenjine uçaýjak-uçaýjak bolup öýlerine ylgady. Ejesi ony görüp:
-Oglum, nahar iýjek bolsaň saçagy ýaz - diýdi . Agşam namazyndan soň maşgala agzalary bir saçaga jemlenip agşamlyk naharyny iýdiler. Nahardan soň töwür galdyryp, hersi bir jaýa dargadylar. Berdinazar aga ýaplanyp çaý içip,çagalaryň ejesi bilen bile telewizor gördüler. Jumanazaryň agasy Halnazar ortaky jaýa geçip , çaýyň başynda ýassyga ýaplanyp , telefonda aýdym diňledi. Jumanazar bolsa aýratyn , ümsüm jaýa geçip gündeligiň yzyny okap başlady .
-Eje daş ýagýar.
Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok. Bolsa ýaňy bir bäş ýa-da alty ýaşlarymdadyryn. Men ilkinji gezek gyzdyrma keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy, başym aýlanýardy. Endamym ot ýaly gyzgyn bolsa-da , gaty üşeýärdim. Üstümdäki ýorganyma bürenip ýatyrdym . Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme gaýdyp duran ýalydy. Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi aýna uzadyp:
- Eje daş ýagýar. Eje seret daş ýagýar-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym. Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy. Ejem näme diýjegini bilmän yzly-yzyna başymy sypalap, göz ýaşlaryny gizlejek bolýardy. Soňra ýer iki ýana çaýkanyp başlady. Daşam üstümden ýagyp durdy .Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn. Ol günleri ýatlamagam gorkunç. Ejem meniň şolar ýaly günlerimde-de mydama ýanymdady. Garaz şeýdip-şeýdip ine şu güne ýetdim. Ejemjana bergim, borjum ummasyz. Henizem giç däl. Ejemjan aýatda diri ahyryn. Söýgüli pygambermiz (s.a.w) "Jennet enelermiziň dabanynyň aşagyndadyr" buýurýar. Biz ene-atamyza näçe hyzmat etsek, näçe sylasak, näçe söýsek,
şonçada az. Olar biziň üçin gör nämeler etmedi, gör nämeler görmedi. Ýöne biz henizem ähmiýetsiz garaýarys. Näme üçin ? ..."

Gündelik Jumanazary magnit kimin özüne çekýärdi."Eýsem bu gündeligi kim ýazdyka? Özä kimem bolsa şu obadan bolmaly. Kim ýazanam bolsa gowy ýazypdyr." Jumanazar şeýle oýlar bilen aňsat-aňsat ýatyp bilmedi. Soňra Jumanazaryň özi hem şular ýaly gündelik ýazmak isledi. Çüňkde ýatan päkmesiniň içini dörüşdirip ondan boş depder gözledi. Depder näçe uly bolsa şonça-da gowy boljakdy, ýöne uly depder tapylmady. Onda-da Jumanazar on iki ýaprakly täzeje depder tapdy. Täzeje akja sahypaly depdere bir  zatlar çyrşaşdyrasy geldi.
-Näme ýazmaly? Näme barada ýazmaly ? -diýip öz ýanyndan pikir etdi. -Gündelik nähili ýazylýarka? Ýaňky gündelikdä diňe käbir bolan wakalar ýazylypdyr. Jumanazar hakykatdan hem gyzygyp gündelik ýazasy geldi. Gündelikde nämeler ýazylýandygyny bilesi geldi. Soňra ol eline telefonyny alyp internetden "Gündelik nähili ýazylýar?" diýip gözletdi. Internetden ilkinji çykan jogap Jumanazary kanagatlandyrdy. " Ýagny gündelikde, gündelik bolan wakalar , gündelik derwaýys, üýtgeşik pursatlar ýazylýar" diýip internetden okady. Dogry her birimizde bolşy ýaly Jumanazaryň durmuşynda hem her günde üýtgeşik , derwaýys wakalar bolup geçýärdi.Edil şu gün hem onuň durmuşynda üýtgeşik , derwaýys wakalar bolup geçipdi. Emma Jumanazar bu wagt söýgülsini ýatlady geldi. Ol barada bir zatlar ýazmak isledi. Ýatar wagty bolsada onuň hiç ukysy gelmedi. Ahyry ol ilkinji gündeliginiň ,  ilkinji ýazgylaryny ýazyp başlady .

Ikinji bölümiň soňy.

©Gerçeknazar AMANNAZAROW

Ýazlan wagty:(01.06.2023)
2 лайков 111 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
02 июн 2023, 00:13
Bu tapawutly berekella!
Gerceknazar
Автор 02 июн 2023, 06:11
Remezan,köp sag boluň ,minnetdar .