Özümçe oýlanma pikirim

Poeziýa- uly giden Garabazar.
Onda her-hili, dürli görnüşli satyjylar(şahyrlar, ýazyjylar, goşgyçylar, goşgyçyjyklar we ş.m.) bar. Her görnüşde tagaşykly, tagaşyz, taraşlanan harytlary(goşgularyny, hekaýalaryny) satýarlar.
Elbetde, bazar alyjysyz bolmaz. Käbiri zerurçylyk bilen öz harydyny gözleýär. Kimdir biri keýpine haryt bahalap ýör. Kimi ondan alyp biraz owadanlap ýene birine satyp dur. Kimi (satyjylaryñ gözüne düşen sprintçi) sprint oýnaýar. Tüweleme alyjylaryñ köpüsi şoña höwesek. Satyjylaram bölek bölünen, kimi alyjynyñ islegine görä haryt satmagyñ ugrunda, kimi hem öz isleýşine görä alyjy gözleginde, kim özüniñ islegine görä ýetişdiren harydyny çykarypdyr. Kimse isleglere görä(zakaz alýar) haryt öndürjek bolup çytraşýar. Bolsa-da hemmesem şu garabazaryñ satyjysy we alyjysy.
Satyjylaryn arasynda Garabazarda göze ýakymly bolaýjak täsin haryt garabazaryñ görki diýip düşünýän bolsa, Käbirleri özüniñ alyjysynyñ azalmazlygy üçin harydyny üýtgedenok. Käbir täze satyjy kän çalt adygyp röwüş alyp, göze görnenler(arasynda ulumsysam bar, kiçigöwünlisem bu adam häsiýetine görä-de). Käte görübilmezçilik edýän satyjylaram bar. Edil şonuñ ýaly alyjylaram hersi öz satyjysynyñ tarapdary nähili bolanda-da garabazaryñ göwrümi giñäýmese könelenok, gaýta täze öwüşgin açýar.
Garabazar diýilip ýöne aýdaýylanok. Göwnüñi göteräýjek dürli tämiz ýerleride bar, hetden aşa hapa basan ýerlerem kän. Barybir öz içinde umumylykda garabazarlygyna dur. Her kim üçin dürli göz bilen garaýyşy bar.
Ynha men özüm, şol Garabazara ähli adama nepi degýän peýdaly harytlary satýandygyna ynanýan.
Menem özümçeläp, ilkinji gezek şol garabazara gadam basdym harydymy çykardym...
Entek özümiñ nähili satyjylardandygymam bilemok, özüm üçin döredenim diýýän. Ýöne näme üçin bazara çykardym. Ynha şu sorag meniñ böwrümi dürtekläp, biynjalyk edýär.
Hakykatdanam men nähili satyjykam???

Köne, täze diýmän baryn okladym,
Alyjy kän, at dakýan kän, haryda.
Arasynda göwnüm üçin hyrydar,
Göz üçinmi?
Baha berýär saklanyp.

Garabazaryñ gapysynda otyryn,
Dilegçiniñ el serşine kybapdaş.
Gözüm akyp gidýär,
lomaý harytlar...
Bolubilse özüm hatar, klasdaş,
Öñden tanalýan atly satyjy,
A, men näme?
Özümçe özbilenimden
(Dogrusy, şol bazaryñ gapysam ýetik)
Harydyma kanagat az bolanda...
Öýkeleýän...
Öýkämiñem kem-käsi ýetik.
Bişmedik, ýetişmedik, hamyrak,
Harytlara taraş gerek, zat gerek...
Men bolsa,
Durşuma, durkuma sorag,
Pikir etýän haryt nähilräk gerek?

Harydyñ alyjyñ islegnemikä,
Mahabatçyñ,
mahabatyñ gerekmi?
Belkide bazara has gerekli,
Bezelen, beslenen islenýämikä?...

Satyjy dürlüçe bölekme-bölek,
Görnüş-görnüş ýollary bar olaryñ.
Men gapysynda depeşek bolup,
Garaşyp hyrydaryñ gelerin...
Ýene çykdym,
ýene,
ýene,
Kän ýene...
Emma,
Meñ harydymyñ alyjysy ýok.
Eh, bazarym maña aýdypbersene???
Ne sebäpden señ satyjyñ bolamok!...

(Öz oýlanmam, garaýşymy paýlaşaýyn diýdim,
Belki, men kemter garaýandyryn...)

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
6 лайков 159 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
01 июн 2023, 20:27
O nähili alyjysy ýokmyşyn? Şu oýlanmaňy maňa näçe manada satjak?
Öwreniji
Автор 01 июн 2023, 21:23
Gerceknazar
O nähili alyjysy ýokmyşyn? Şu oýlanmaňy maňa näçe manada satjak?

Alyjy (okyjy) bolsan mugt
Gerceknazar
01 июн 2023, 21:31
Remezan, satyjy (ütüji) bolsam näçeden bolar? Oňuşarsyňa :)
Öwreniji
Автор 01 июн 2023, 22:09
Gerceknazar
Remezan, satyjy (ütüji) bolsam näçeden bolar? Oňuşarsyňa :)

Mugt, ýanybn ýene geçmedik mugty
Gerceknazar
01 июн 2023, 23:12
Remezan,
Olar ýaly gymmat bolsa aljak däl :)