Çaganyň göwni

« Kaka jan, aýtsana bir sagatda näçeräk pul gazanýarsyň? »
Işden ýadap gelen adamyň ogly çekinjeňlik bilen kakasyna bu soragy sorady. Bu soragy geň gören kaka ogluna;
- Diňle oglum, meniň näçe pul gazanýanymy hatda seniň ejeňem bilenok. Indi bolsa maňa azar berme, meni öz günüme goý. – diýip jogap berdi.
- Gaýrat et kaka jan, aýtsana bir sagatda näçe pul gazanýanyňy aýdaý – diýip çagajyk ýene-de ýalbardy.
- Meniň bir sagatda näçe pul gazanýandygymy näme etjek?
Ýene-de ýalbardy. Kakasy ahyry aýtmaly boldy.
- Bir sagatda 20 dollar pul alýan.
- Kaka onda maňa 10 dollar karz bersene.
- Näme şonuň üçin hälden bäri maňa azar berdiň mi? Hany derrew ýeriňe geç-de ýat! Meni indi birahat etme!
Ogly kakasynyň ýanyndan gussa bilen aýryldy. Kakasy ogly bilen aralaryndaky bolup geçen gürrüňleri ýatlady. «Be ýa-da oglum bir zat aljak bolýarmyka?» diýip içini gepletdi. Ýene ynjalman oglunyň bolýan jaýyna bardy:
- Oglum ýataýan-a dälsiň-dä
- Ýok kaka, yatamok
- Al ynha, menden islän puluň.
- Sag bol, kaka jan! – diýip begendi we elini ýassygynyň aşagyna ýene biraz pul çykardy.
- Indi ýeterlik pulum bar. 20 dollarym boldy.
Kakasy ogluna haýran galyp seretdi. Oglunyň aýdýan zatlaryna düşünmedi. Edil şol wagt ogly elindäki puluny kakasyna uzadyp maksadyny aýtdy.
- Kaka jan, meniň bilen bir sagadyňy geçirip bilersiňmi? Meniň bilen oýnap, gürleşip bir sagat geçirip bilerismi kaka? Bir sagadyň puluny töläýin.
Kakasy näme diýjegini bilmedi. Agşama çenli işläp oglum üçin gazanýan diýip pikir edýärdi şu wagta çenli. Emma ynha indi kiçijik ogly bütün durmuşynda unutmaz ýaly sapak berdi. Onuň üçin näme edeniň däl-de onuň özi bilen näme edýändigiň esasy zat eken çaga üçin.
5 лайков 134 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şeker
05 авг 2021, 16:57
Like
Ýury
05 авг 2021, 17:31
Salam...
Teksdi haladym oñ okadym menden lik
Mähri
05 авг 2021, 18:11
like
Şamuhammet
05 авг 2021, 18:19
Ýazgyňy haladym...