Sözlerim... /Konkurs üçin däl/ ?

Söýgi diýilýän zady menden soradylar. Men olara şeýle jogap berdim: Adam diňe bir gyzy, ýa gyzyň bir oglany söýmegi, gowy görmegi bilen düşündirip bolanok. Adam duşmanyny, ýyrtyjy haýwanlary, zäherli içýany, ýa ýylany hatda şeýtany hem gowy görmeli, ýigrenmeli däl... Söýgi diýilýän zat şol bolaýmasa...
- Näme üçin duşmany ýa şeýtany halamaly!?
- Sebäbi olary hem Alla ýaratdy... Allanyň ýaradan zadyny bolsa halamazlyk mümkin däl...

***

Men adamlara düşünemok ýöne olaryň hemmesi maňa düşünýärler... ?

* * *
- Dünýäde söýgüden beter gowy zat barmyka!?
- Bar!!!
- O näme!?
- Köýgi...?

***

Köp kişi pikir edýär: ''Hemme zady pul düzedýär, pul çözýär, pul bagt'' diýýärler. Aslynda hemme zada göz ýetiren adam beýle diýmez. Esasy zat ynsap we adamçylykdyr...

***
Baý diňe puly bilen adamkärçiligini ýitirip biler, ýöne baýlyk ýok bolan wagty illerde adamkärçilik görüp bilmez...

***

Jübiňde 1 manat bar bolsa begen, sebäbi sende şol bar, a mende bolsa şolam ýok, sebäbi hemme pullarym telefonda... ?

***

Bir nasist hem gaharjaň, milletparaz adam ýurtda ýaşap ýören başga milletleriň köplüginden zeýrenýär. Onuň gapdalynda duran dosty şeýle diýýär: ''Gaýtam adamlaryň köplügine begen, Ýer şarynda diňe özüň ýaşap ýörseň näme etjek!?''




@Jeksparro
6 лайков 159 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
zumerchi
05 авг 2021, 18:52
Senin "atalar sozun"'!?))
zumerchi
05 авг 2021, 18:52
mi!?
ДеВоЧкА ЦуНаМи
05 авг 2021, 18:58
menden like<<Agam oňarypsyňyzlai betje ählisäm>>
Mähri
05 авг 2021, 18:59
murat yousef,
Yok Jek aganyň sözi :)
Şeker
05 авг 2021, 19:40
Like
Нежная леди
05 авг 2021, 19:57
Like
ДеВоЧкА ЦуНаМи
06 авг 2021, 01:49
Like