Aşyklyk hem Söýgi
Arap Gurbanow
-Ah, Söýgi! Men şeýle bir sen ýaly bolmagy arzuw edýän!-diýip, buýsanç bilen Aşyklyk gaýtalaýardy. -Sen menden has güýçli.
-Sen meniñ güýjümiñ nämededigni bilýärmiñ?-diýip, Söýgi sorady.
-Sebäbi sen adamlar üçin wajyp bolanlygyñ üçin bolaýmasa.
-Ýok, asla beýle däl-diýip Söýgi uludan demini aldyda Aşyklygyñ başyny sypady- Men bagyşlap bilýärin, ine şolam meni şeýle güýçli edip bilýär.
-Sen Dönükligi bagyşlap bilýäñmi?
-Hawa, bagyşlap bilýän, sebäbi Dönüklik köplenç erbet niýet bilen däl-de bilmezlikden gelýär.
-Sen Biwepalygam bagyşlap bilýäñmi?
-Hawa, Biwepalygam bagyşlap bilýän, sebäbi adam biwepalyk edip dolanýar, ol deñeşdirmäge mümkinçiligi bolup, gowyny saýlaýar.
Sen Ýalany bagyşlap bilýäñmi?
-Ýalan-bu erbetlikleñ kiçisi. Ol köplenç halatda çykalgasyzlykdan, hem-de özüniñ günälidigne akly ýetýänlerde ýa-da birine agyryly etmejek bolýanlarda ýüze çykýar. Bu bolsa gowy alamatlary añlatýar.
-Men-ä beýle pikir edemok, käwagt şeýle bir ýalançy adamlar bolýar.
-Elbetde, olar ýaly adamlaram bar, ýöne olaryñ men bilen hiç-hili baglanşygy ýok, sebäbi olar söýmegi başaranoklar.
-Sen ýene nämeleri bagyşlap bilýäñ?
-Men ýene Gaharjañlygy bagyşlap bilýän, ol tiz geçiji. Gödekligi bagyşlap bilýän, ol Gynanmak bilen bile gelýär. Gynanjyñ bolsa haçan geljegni hiç kim bilenok, ony gözegçilikl hem edip bolanok. Her kim özüçe gynanýar.
-Hmm, ýene?
-Ýene Öýkäni bagyşlap bilýän. Ol Gynanjyñ uly dogany, olar biri-birinden emele gelýärler. Lapykeçligi bagyşlap bilýän, sebäbi ondan soñ ejir gelýär. Ejir çekmek bolsa arassalaýar.
-Ah, Söýgi! Sen hakykatdanam üýtgeşik. Sen hemme zady bagyşlap bilýäñ, men bolsa ilkinji synagda kükürt çöp ýaly bolup öçüp galýan. Men sen ýaly bolup bilmeýänime gynanýan.
-Sen bu ýerde-de ýalñyşýañ. Söýgi hem ähli zady bagyşlap bilenok.
-Ýöne sen edil şu wagtjyk aýtdyñ-ä, ähli zady bagyşlap bilýäniñi.
-Ýok, edil beýle däl. Ähli aýdan zatlarymy men dogrudanam bagyşlap bilýän, bagyşlaýanam. Ýöne durmuşda Söýgiñem bagyşlap bilmejek zady bar. Sebäbi ol duýgulary öldürýär. Gama batyrýar. We ahyrynda Döwülmäge sebäp bolýar. Ol şeýle bir agyry getirýär, hat-da beýik Gudratam ony bejerip bilenok.
Ol daş-töweregiñdäki adamlaryñ durmuşyny zäherleýär we öz içki dünýäñden çykman galmagyña sebäp bolýar. Ol Biwepalykdan, Dönüklikden beter ýaralaýar, Ýalandan hem Öýkeden beter degýär. Sen oña özüñ duşan wagtyñ düşünersiñ.
Aşyklyk, unutma duýgularyñ iñ ganym duşmany- Parhsyzlykdyr. Oña garşy dermanam ýok.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.