Oraza nebsi jylawlaýar
Mübärek Remezan aýynda oraza tutmagyň hem maddy hem-de ru hy taýyndan peýdalary diýseň köpdür. Alymlar bir aýlap agyz beklemek bilen bir hatarda, ruhy taýyndan hem kämilleşýändigiňi aýdýarlar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Mukaddes Remezan aýynda ora za tutan adam, öz-özüne erk etmegi öwrenýär. Islegleriniň we duýgularynyň jylawyny özünde saklap bilýär. Oraza tutan adam öz nebsine erk etmegi hem öwrenýär. Agyz beklän adam diňe bir parzy ýerine ýetirmän, eýsem, ruhy kämillige-de ýetip bilýär. Agyz beklemegiň agşama çenli hiç zat iýmän-içmän gezmek däldigini aýdýan alymlar, onuň adamlaryň arasyndaky agzybirligi hem artdyrýandygyny nygtaýarlar. Esasan-da, agzaçar wagtlary birek-birege myhmançylyga gitmek hem muňa mysaldyr. Bu mübärek Oraza aýynda biriniň agzyny açmaga kömek etmegiň sogaby örän uludyr. Tutýan orazaňyz kabul bolsun, hormatly adamlar!
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.