Oraza.
"Oraza" diýip, dil sözlüklerinde saklanmaga aýdýarlar. Şerigatda, ol mahsus, ýagny ýörite zatlardan saklanmakdan ybaratdyr. Ol iki sany nebisden: 1. Garnyň nebsinden, ýagny iýmek içmekden we 2 perjiň nebsinden, ýagny är-aýal ýakynlygyny etmekden saklanmakdyr. Oraza tutmak üçin musulman bolmak, haýzdan we nefasdan päk bolmak, oraza tutmaga niyet etmeklik şertdir. Oraza tutmaklygyň parzlygy şu aýatdan gelip çykýar:
"Eý iman getiren kişiler! Sizden öňki ummatlara parz edilişi ýaly size hem oraza tutmaklyk parz edilip ýazyldy. Belki, siz oraza tutmak bilen günä işleri etmeklikden saklanarsyňyz".
"Bakara" süresiniň 183-nji aýaty.
Oraza aýyňyz mübärek bolsun saýtdaşlar, ähli dogalarňyz berjek sadakalaryňyz kabul bolsun.
4 комментария