SAŇA JAŇ EDESIM GELÝÄR


Saňa jaň edesim gelýär,
Soramak üçin halyňy.
Saňa jaň edesim gelýär,
Küýsän mahalym düýnümi.

Saňa jaň edesim gelýär,
Men ykbaldan şundan başga,
Hantama däl uly zada,
Ýöne göwün, göwün bolýa,
Eýgerenok däbe, kada.

Hyýalym ýok ullakan bir,
Kaýyl bolan-bolmadyga,
Munda sataşmaklyk üçin
Sebäp känä ölmedige...

Ýöne bu-da ýol soňunda,
Gowuşmaga umyt däldir,
Geçip barýan bu günleriň,
Eçilenni seniň bilen
Paýlaşyp gülesim geldi,
Ýüregiňde häzirem men,
Barmykam, bilesim geldi.
Gözüňe siňen ýaş bolup,
Ýaňagyňa siňesim geldi.
Hem içimde näme baryn,
Diňe seň bilýäniň üçin,
Saňa jaň edesim geldi.


Ogulnur ATAÝEWA.

8 лайков 293 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 24 сен 2022, 21:13
“Abonentiň telefony öçürilendir...”

Sen nirede,
şu hal dara-direde
Şeýle bir sesiňi eşdesim gelýär.
Sen bolsa arzymyň ýeterinden daş.
Aşyk bolan ömrüň eşretin bilýär,
Diňläsim gelýär seň saz ýaly sesiň,
Dem alşyňy, aýnaýşyňy, gülkiňi.
Sen bolsa ret edip, yşkym tütedip,
Meň aşyk pälimi, şahyr küýümi
Bitaý kapyýa deý özüme goýýaň.
Ah, şol telefonňam ebedi öçük.
Men bolsa bir seniň sesiň küýseýän,
Bar zatlaň, ýok zatlaň baryndan geçip.

Aýlanyp-aýlanyp özüme gelýär
Gulaga öwrülip diňleýän jaňlam.
“Abonentiň telefony öçürlen..”
Wah, şu wagt ýüregmi şu jaňa daňsam,
Telefonňy açyp goýar el bile.
Diňe saňa duşup ejizledim men,
Sözüm ýele berdim, ömrüm ýelgine.

Bir ädim ýanymda dem alan günleň,
Düýşüňe girýänim gürrüň bereňde,
Günler zybrym mensiz duşuňdan geçip,
Mahal-mahal “SMS”-lem göreňde...
Bir gün eşiklerim eýesiz galyp,
Senem özüň ýetim ýaly duýmasaň,
Isleýşimçe söýen dälsiň, ezizim,
Eden jaňlaryma hormat goýmasaň!

Aýtmadyk sözleriň ýürege sygman,
Soňky deme çenlem ýetmän takadyň,
Agy bolup bokurdagňa direse,
Pyşyrdylaň barar maňa jaň bolup:
“Sen nirede, sen nirede, nirede?!.”


Seýitmyrat GELDIÝEW
Aýnur
24 сен 2022, 21:23
Meňňem jaň edesim gelýärle))

Salam gowymy ýagdaýlar Nirwana? Hoş geldiň!)
Telwas
Автор 24 сен 2022, 21:53
Mona Songz,
Salam. Gowy Hudaýa şükür, özüň gowumy Mona Songz?!
Arma, okaýaňmy sag-aman?!
Jaň edesiň gelse ediber. Men-ä aýlajak diýsemem nomerim ýok. Ýapylypdyr…
DonMaxx
25 сен 2022, 01:44
oyde wagtym jan etme gurlesip bilemok gruzin
Aýnur
25 сен 2022, 19:01
Nirvana,
Menem gowyla okuwlaram gidip dur. Boldy onda men aýlajak, soňam "jaň edip bizar etdiňaý" diýmeseň boldy))