SAŇA JAŇ EDESIM GELÝÄR

SAŇA JAŇ EDESIM GELÝÄR

Saňa jaň edesim gelýär,
Soramak üçin halyňy.
Saňa jaň edesim gelýär,
Küýsän mahalym düýnümi.

Saňa jaň edesim gelýär,
Men ykbaldan şundan başga,
Hantama däl uly zada,
Ýöne göwün, göwün bolýa,
Eýgerenok däbe, kada.

Hyýalym ýok ullakan bir,
Kaýyl bolan-bolmadyga,
Munda sataşmaklyk üçin
Sebäp känä ölmedige...

Ýöne bu-da ýol soňunda,
Gowuşmaga umyt däldir,
Geçip barýan bu günleriň,
Eçilenni seniň bilen
Paýlaşyp gülesim geldi,
Ýüregiňde häzirem men,
Barmykam, bilesim geldi.
Gözüňe siňen ýaş bolup,
Ýaňagyňa siňesim geldi.
Hem içimde näme baryn,
Diňe seň bilýäniň üçin,
Saňa jaň edesim geldi.


Ogulnur ATAÝEWA.
5 лайков 199 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mechta
Автор 07 май 2023, 22:42
Meniñem şhoña jañ edesim geldi şhu wagt:)
kesirkelle
07 май 2023, 23:49
Maña jañ edyanem ýok. Diñe sesimi eşitmek ýa halymy soramak üçin:/Maña jañ edäý. Ýüregim erbet gysýa maý geleli bäri...
Gerceknazar
08 май 2023, 08:33
Jaň et maňa jaň etmekden ýadama...
Jeksparro
09 май 2023, 08:48
Žiwoy swidaniya etmejek bolsaňyz telefonda-da gürleşmelidäldä
Sima
11 май 2023, 15:38
felicita
dostluk(ru) açylypdyr
Mechta
Автор 12 май 2023, 07:47
Sima,
Agy mende islanokla