ŞAHYR DOSTUMA

Biz nähili oýunbaz,
Gör, nähili yşkbaz biz!
Kimler üçin-ä hiç kim,
Kimler üçin ykbal biz!

Bir gün buzdan sowuk biz,
Bir gün gyzgyn otdanam.
Kä göwündeş gözleýäs
Ýakyndanam, ýatdanam.

Käte aýdym küýseýäs,
Käte özümiz aýdym.
Kä zalym biz,
Käte-de
ýukalygnyň derdinden
Ýüregmiz tüýdüm-tüýdüm.

Gyşda ýanýas alawlap,
Gagşap ýörüs tomusda.
Garaçyndan begenýäs
Kapyýa kapyýa gowuşsa.

Şahyr bolmak isläbem,
Dözümmiz ýok köp zada.
Meger, ýükümiz has kän,
Injigimiz çöp ýa-da...


Sapa HOMMADOW
11 лайков 193 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
07 июн 2022, 20:01
Aşyr Hanowa bagyşlananmy?
Pegas
Автор 07 июн 2022, 20:08
Nirvana
Aşyr Hanowa bagyşlananmy?

Aýtjak däl.
Margarita
07 июн 2022, 20:29
Söz ýok. ?
Öwreniji
07 июн 2022, 21:24
gowy örän, çeper okaýyşda ýýazylan
Ötegçi
07 июн 2022, 21:32
Kä göwündeş gözleýäs
Ýakyndanam, ýatdanam. 
??