Ýasda

Iki gelin ýasda otyr,
Ikisem ajap zenan.
Biri howlugyp gaýdypdyr,
Beýlekisi howlukman.

Biri gyzyl geýimli,
Biri gara geýimli,
Gara gyzyla seredip
Güjeňledi egnini.

Bir zat diýmek isledi,
Emma diýmän saklandy,
Ýöne dile gelen söz
Saklatmady, oklandy.

Müşk anbarly saçlaryna
Ýetirdide çep elin,
Diýdi: "şu gün gyzyl, çyzyl
geýmeli däl ekeniň"

Ýuwaşjadan pyşyrdady
Gyzyl geýinen zenan:
"Men gyzylyň içinde-de
senden beter gynanýan.

K.Gurbannepesow.
8 лайков 275 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
Автор 08 июн 2022, 07:13
Ejemogullar

Size gözüm gidýär ejemogullar,
Ejeň ogly bolsaň armanyň näme,
Ejeden ir galdym, ir galdym juda,
Kän aglapdym berip arkamy tama.

Ýeri aglaňda nä ejeň gelýämi,
Goýaý diýip ýog-a başyň sypaýan,
Size gözüm gidýär ejemogullar,
Bendesi Siz beýik Taňryň apalan.

Ýaşaberiň, bar bolşuňyz şu bolsun,
Baş galdyrmaň ýaňsylaýan, gülýäne,
Goý Size diýsinler ejemogullar,
Siz şonda-da iň bagtly dünýäde.

Siz unutmaň! şuny ejemogluna,
Diňe ak.mak ýa-da ten.tek gülýändir,
Siz unutmaň! Ejemogly dünýäde,
Diňe ejeň barka bolup bolýandyr.

Bagtsyzlygyň çür depesi şu bolar,
Ejesiz geçirlen buz ýaly günler,
Ejeň ogly bolmak uly bagtdyr,
Siz şuny unutmaň! Ejemogullar.

K.Gurbannepesow.
Ahmet
08 июн 2022, 07:19
Like
Öwreniji
08 июн 2022, 07:22
?????
Ötegçi
08 июн 2022, 07:51
Ejemogullar-Myrat Gurbanowyñky @Massimus!
Massimus
Автор 08 июн 2022, 07:56
Ötegçi,
Sag boluň, dogry bolsa. Biri imo goýupdyr, kartinkasy bilen. Dogrymyka diýip ýördüm.
"Ýasda" goşg-a Kerim agaň köne goşgular kitabynda bar.
Mümkin
08 июн 2022, 07:56
Massimus,
Agam,size bir soragym bar.(bilesigelijilik)
Meñ kärim (resmi taýdan) Pylan etrapdaky pylanynjy çagalar bagynyñ terbiýeçisi bolup gidýär.
Siziñ käriñiz resmi taýdan nädip ýazylýar?
Soho
08 июн 2022, 08:00
okap gormandim, sagja bol yetirenine
Mümkin
08 июн 2022, 08:33
Öñûnden Daşaguz welaýatyndaky diýmelimi?
Birem şahamçanyñ belgisini aýdaýyñ.
Mümkin
08 июн 2022, 09:07
Massimus,
Şahamçañ belgisini ýazaý.
Mümkin
08 июн 2022, 09:42
Massimus,
Geldi.Familiýañyz Esenow dälmi?
Massimus
Автор 08 июн 2022, 09:44
Howwa
Massimus
Автор 08 июн 2022, 10:07
Mümkin,
Şahsa göz aýlaýyň, soragym bardy Size
Soho
08 июн 2022, 11:04
hayyy, Massimus, asyl kardesh ekenig:a
My life
08 июн 2022, 12:14
Gowy goshgy.