ŞAHYR KIM DIÝEN SOWALA JOGAP

"ŞAHYR KIM" DIÝEN SOWALA JOGAP

Dosty kän, joşguny ýetik
bolmasa, şahyr bolmaýar.
Käte barýan ýoly çatak
bolmasa, şahyr bolmaýar.

Şonda dünýäsi daralyp,
Özi özünden ar alyp,
Güýz ýapragy deý saralyp,
solmasa, şahyr bolmaýar.

Setirler göýä ki doga
bolmasa, uçarlar howa.
Bir başyny müň bir gowga
salmasa, şahyr bolmaýar.

Güýzden salkyn, tomus wagty
saýalap salkyn daragty,
Ýazdan ýakym, gyşdan ýagty
almasa, şahyr bolmaýar.

Daýanyp öz garysyna,
Çydap namart gargyşyna,
Şer işleriň garşysyna
galmasa, şahyr bolmaýar.

Göterip yşk badasyny,
Berjaý eýläp wadasyny,
Käte dünýäň kadasyny
ýazmasa, şahyr bolmaýar.

Beýik işde maýdalaman,
Çykyp tupan-gaýdan aman,
Özgäň sözün gaýtalaman
ýazmasa, şahyr bolmaýar.

Haýran bolup öz halyna,
Göz dikmän dünýäň malyna,
Watan üçin öz janyna
dözmese, şahyr bolmaýar.

Dogduk ýerin jandan söýüp,
Il derdine ýanyp-köýüp,
Dogry sözün dünýä goýup,
gitmese, şahyr bolmaýar.

Atamyrat ATABAÝEW.
2 лайков 96 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
09 май 2022, 21:24
Şahyrlyga kesgitleme bermeli däl.
Ahally
Автор 09 май 2022, 21:31
Pegas,
kesgitleme berse bolar , öz şahyrlygy hakynda.
Remezan
17 май 2022, 20:56
maňa biri sorag berdi
näme üçin goşgy düzýäň?
Şahyr ýa-da tamada däl ,
näme hakda, kime düzýäň?

Kyn bolsada jogap bermek,
Aýyp dälä sorap durmak.
Wah soragyňy kyn göremok
Özüm üçin goşgy düzýän.

Geçen günlerim hakynda
Ýa bir tanyş, ýar hakynda,
Dost hakynda, il hakynda,
Boldygyndan goşgy düzýän.

Şahyr bolmak, pikirim ýok,
Neşirýata getiremok,
Halka zyýan ýetiremok,
Ilim üçin goşgy düzýän
R. Mämetgurbanow