BIR TÜRKMENIŇ DOGASY
Gadym döwürde türkmenleriň biri haj zyýaratyna ugrapdyr.
Ähli däp-dessurlary berjaý edip, egnine yhram atynyp, beýlekiler
näme etse, şony gaýtalap geziberipdir. Gara daşyň daşyndan ýedi
gezek aýlanypdyr. Ýöne bu türkmen zyýarata gelenleriň, ýerli halkyň
biriniň hem diline düşünmeýän eken. Olaryň näme aýdýandyklaryna,
Alladan näme dileýändiklerine hiç aň ýetirip bilmändir. Ahyry ol hem
bir ýere çekilipdir-de, Alladan dileg edipdir: «Perwerdigärim, bu gün
seniň huzuryňa geldim, Käbäni zyýarat etdim. Gurbumyň çatdygyndan barça ybadaty berjaý etdim. Bu wagt senden dileg-doga edilýän
pursady. Eý, hak Allam, men töweregimdäki adamlaryň senden näme
soraýandyklaryny bilemok, ýöne meniň Senden etjek dilegim, şu
adamlaryň yhlasyny ýerine düşürip, olaryň ählisiniň dileg-dogalaryny
kabul et. Meniň senden ähli dilegim şu!» diýipdir. Däp boýunça, ähli
däp-dessur berjaý edilenden soňra, hajyň kabul bolup-bolmandygyny
bilmek üçin, zyýaratçylar şol gijäni Käbede ýatyp geçirer ekenler.
Her hajyň netijesi düýşde aýan bolýarmyş. Şol gije zyýaratçylaryň
ählisi hem birmeňzeş düýş görüpdirler. Düýşlerinde: «Halaýyk, siziň
bu gezekki zyýaratyňyz, dileg-dogaňyz bir türkmeniň özüne pespällik bilen garap, siz üçin eden dogasy sebäpli kabul edildi» diýen
ses ýaňlanypdyr. Şeýdip, bir türkmeniň hatyrasyna şol gezekki ähli
hajynyň yhlasy hasyl bolupdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.