Türkmen zyýaratçylary Mekge-Medinä ugradyldy

2-nji iýulda türkmen zyýaratçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmäge ugradylar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
Zyýarata gidýänler, ilki bilen , paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Ärtogrul gazy” metjidine geldiler. Bu ýerde zyýaratçylara haj parzyny berjaý etmegiň düzgünleri we olaryň ugurlary barada gürrüň berildi. Şeýle hem bu ýerde zyýaratçylar agzybirlikde öýle namazyny okadylar. Soňra ýurdumyzyň zyýaratçylary bu ýerden Parahat 7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidine tarap ugradylar.
Zyýaratçylar “Hezreti Omar” metjidinden ak mermerli paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Mekge-Medinä gidýän zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmekleriniň we çäräniň üstünlikli geçmeginiň hatyrasyna sadaka berildi.
Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn! Doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!

Hemmelere hudaý ýetirsin?
2 лайков 151 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
03 июл 2022, 16:44
Sag-aman gidip-gelsinler. Zyýaratlary kabul bolsun.
Mähri
03 июл 2022, 16:50
kabul bolsyn:)