Berdimuhamedow: «Harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däl»
4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň gündelik sarp edýän harytlary bilen üpjünçilik meselesine hem-de olaryň bahalaryna gözegçilik etmek bilen bagly çärelere aýratyn ünsi çekdi.
Hususan-da, türkmen Lideri wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa ýüzlenip, ýurdumyzda giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleriň has-da artýandygyny göz öňünde tutup, içerki bazaryň üpjünçiligine, baýramçylyk söwdalaryna şu günlerden taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem türkmen Lideri gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, şonuň bilen birlikde, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini nygtap, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.