Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňra özüniň ýene-de bir kitabyny tamamlandygyny habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz täze kitabyny “Abadançylygyň röwşen gadamlary” diýlip atlandyrandygyny mälim etdi. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydygyny belledi.

“Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli ugurlary, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça meniň pikirlerim jemlenendir. Aýratyn hem döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler hem bar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz bu kitabyň peýdaly we gyzykly gollanma boljakdygyny nygtady.

Şeýle-de, bu kitap ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň ýurdumyzyň diplomatlary üçin ýolgörkeziji boljakdygyny belledi.
2 лайков 89 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
19 фев 2022, 20:31
Malades Atabay brawo Magtymgulam shunca kitap yazan daldir)