Erbet adamlary öldürmelimi ? Utilitarizm
Diýeli siz bir polisiýa, bir terrorçy gelip şäheriňize bomba goýandygyny aýtýar, ýöne bombany nirä goýandygyny aýdanok. Sizem polisiýa bolanyňyz sebäpli bombanyň ýerini bilmek üçin dürli tilsimler ulanyp başlaýaňyz. Ilki adaty dilde soraýaňyz, ýöne adam gürlänok. Soň itip-kakyp başlaýaňyz, ýene-de gürlänok. Siz gürletmek üçin bu gezek adamy köseýäňiz, ýöne adam şonda-da gürlänok. Soň aklyňyza şeýtany bir pikir gelýär. Bu terrorçynyň oglunyň bardygyny bilýäňiz, we bu adam näçe gara ýürekli terrorçy bolsa-da çagasyna garşy beýle däl. Soň şuny bilýäňiz, terrorçynyň çagasyny kösäňde, adam oňa çydap bilmez, we bombanyň ýerini aýdar. Eger şeýtseňiz ýüzlerçe adamyň janyny halas edersiňiz. Indi ýöne munyň üçin bir günäsiz çagany kösärmisiňiz ?
Elbetde kyn sorag, ýöne käbir filosoflar üçin bu soragyň jogaby gaty belli, çagany kösemäni saýlaýar bu filosoflar. Hawwa, çagany kösemek erbet zat, ýöne bomba ýarylanda 100-lerçe adamyň ölmegi ondanam beter dälmi ? Şu ýagdaýda ikisini deňeşdireňde ynsanlyk üçin peýdaly bolany belli dälmi ? Özlerine şeýle soraglar beren filosoflar üçin çagany kösemek, ahlak düşünjesine näçe ters gelsede ynsanlyk üçin peýdaly bir hereket. Bu pelsepeçileriň goldaýan düşünjesiniň ady bolsa, "utilitarizm", ýagny peýdaly ahlak. Peýdaly ahlak pelsepesiniň 2 düzgüni bar. Birinjisi :
"Eger köp kişä peýdaly bolsa, az sanly adamyň zyýan görmesinde mesele ýokdyr".
Muňa has gowy düşünmek üçin hemme kişiň tanaýan "Batman" kişiligini saýlalyň. Batman näçe peýdaly bir gahryman bolsada, peydaly ahlak düşünjesine ters gelýär. Sebäbi Batman öldürenok. Ýalňyş düşünilmesin, peýdaly ahlak biriniň ölümini goldamaz. Ýöne birini öldürmek, eýleki adamlaryň janyny halas etse, edilmeli zatdyr diýýär bu görüş. Eger Batman hem Jokeri öldüren bolsa, ynsanlyk üçin peydaly bolardy. Sebäbi Jokeriň öldüren adamlary, döreden weýrançylyklary, Batman ony öldüren bolsa bolmazdy. Onsaň akyla şeýle sorag gelýär. Bu bolan erbet zatlarda Batmanyň hiç günäsi ýokmy ? Batman Jokeri öldürmän, bu bolan erbetliklere azam bolsa mümkünçilik döredenokmy ? Çünki Batmanyň eline Jokeri öldürmek üçin gaty köp pursat geçdi. Ýöne Batman hiç haçanam Jokeri öldürmegi pikir etmedi.
Peýdaly ahlagyň ikinji düzgünem şu :
"Iň köp kişiniň gowlugyny goraýan hereket, iň gowy hereketdir".
Indi bu ýerde gowy diýýän zadymyz näme ? Peýdaly ahlaga görä bu gaty açykdyr. Gowulyk, şadyýanlyk diýmekdir. Onda şadyýanlyk näme ? Bu pelsepäni goldaýanlardan biri bolan Jeremy Bentham-a görä ol şeýledir :
"Şadyýanlyk = Erbetligiň ýoklugy + Lezzet"
Ýagny ol şadyýanlygy erbetligiň ýoklugy we lezzet diýip düşünýär. Bir ynsan näçe erbetlikden uzak bolsa, lezzetede ýakyn bolsa, şol derejede şadyýandyr diýýär. Peýdaly ahlagyňam maksady şoldyr :
"Iň köp sanly ynsany şadyýan etmäne synanyşýar, we muny etýärkä, käbirlerini gamgyn etmekden çekinmez"
Ýöne bu düşünjä görä çagany kösemek näçe düzgünli bolsada, real tarapdan seredeliň, bir ynsan hakyky beýle zat bilen garşylaşsa, dogruçyl bolalyň, biz ynsanlar akyl we düzgüne görä dälde, duýgularymyz bilen hereket etýäris.
Portal
Temany özüm gaty gowy gördüm, şeýlebir düşündirilýär welin okap doýaňok. Siz bilen paýlaşaýyn diýdim.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.