Täzeje habar.

Türkmenistanda 1-nji iýundan açyk ýerlerde örtük dakynmak ýatyrylar


Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak barada hasabatlar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň peselip başlandygy, köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada BSGG-niň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenilendigini belledi.

Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu teklibi makullady.
15 лайков 296 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
07 май 2022, 00:09
Errrkek Kleýtan. Biriniňä gökdäki arzuwy ýerde gowuşdy.)) Aňyrdan biri: "şu ýollaram açylaýsa kemä bolmazdy" diýip umyt edendir şu wagt.))
Ahmet
07 май 2022, 00:10
Ähhhä, ine gowy täzelik, minnetdar, ilkinji «haladym» menden!
ýüreksözi
07 май 2022, 00:24
uraaaaaaaaaaaa gowdygyny sagja bol ýetireniňe
like
DonMaxx
07 май 2022, 06:09
maskasyz masyn sursenem bolyamyka onnan. Itogullary hezil etdi yogsam dastawka diyip cilimkesh
Pegas
07 май 2022, 08:32
Onda ulaglar bilen binalarda dakynmalymy ýene?
Gauzen
07 май 2022, 10:41
@tmcars.info
Nury
07 май 2022, 12:33
Bor
Chelsea
07 май 2022, 12:45
Arkadagly Serdara Şöhrat !
Biohimik
07 май 2022, 12:48
Menden on goyan bar ekena
Aýnur
07 май 2022, 15:12
Gowydygyny)
"Arkadagly Serdar-a şöhrat!"