Ahmyr

Ahmyr bilen boýun almaly boldum,
Geçen günleň gaýdyp gelmejegini.
Sowuklyk ornaşyp başlanda bildim,
Kalbym welaýatma meňzejegini.

Arzuwlarmyň mazaryna gül goýdum,
Sowanymda geçen hepde kyrkyny.
Bagtyň sazyn çaljak Orkestrimem,
Meniň gezegimde galdy - irkilip.

Özgeler geljegne ýöreýän bolsa,
Beýnim geçmişime gatnaýan boldy.
"Gussalyk" çaýyna - "Şatlyk" gandyndan,
atjakdym, hiç dükan satmaýan boldy.

Hamsygyp galsa-da ýetim duýgular,
Ajap günler üçin - bakarlar gapa.
Sabyr käsäm entek dökülmez, ýöne...
Iru-giç gapym kakylarmyka?!

Ylham GURBANALYÝEW.
1 лайков 76 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.