Günäsizlerim

Ynha ýene barýan "Gussa" köçämden,
Ýetim galan arzuwlarma hamsygyp
Käte kiçi şatlygyňam deregne,
Bilýän eken - dagdan uly gam sygyp

Hawa, häzir barýan maşgala suddan
Aýrylyşdy arzuwlarmy döreden
Şeýdip "günäsizler" jyda düşdiler -
Soňuna çen göreşmedik eneden.

Belki asyl günäkäri mendirin,
("Balalarna" guwanyplar, kör bolan)
Tapyp bilmän hiç göwnüni höwrüniň,
Indi ýalňyz umydyna ör galan...

Ahmyr, arman - nepsiz! (Boljagy boldy...)
Wagty yza bermez - "pena sözlerim"
Enesiz galsa-da, kemsinmän ýaşar,
Atasyz galmadyk - "günäsizlerim"


Ylham GURBANALYÝEW
8 лайков 114 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
15 янв 2023, 08:40
"Haçan köpelip ýetişdiňiz?" diýip soraýyn diýip giripdim mowzuga. ?
Venus
Автор 15 янв 2023, 12:18
Pegas,
Köpeliş bar, gussa-da bolsa)
Öwreniji
15 янв 2023, 16:54
Pegas,
Seniñ toý edişiñ ýalymy?
Pegas
15 янв 2023, 19:07
Remezan
Pegas,
Seniñ toý edişiñ ýalymy?

Hawa?